Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa: Milli geçiş geňeşine maliýe ýardamy berler


NATO ýurtlarynyň penşenbe güni Rimde geçiren maslahatynda
NATO ýurtlarynyň penşenbe güni Rimde geçiren maslahatynda
Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň režimine garşy harby operasiýalary alyp barýan NATO ýurtlary penşenbe güni Rimde geçiren maslahatynda Liwiýanyň oppozision gozgalaňçylary üçin ýörite fond döretmek kararyna geldiler.

Bu halkara maslahata NATO agza 20-den gowrak ýurduň daşary işler ministrleri bilen birlikde birnäçe halkara guramalarynyň, şol sanda Arap Ligasynyň, Afrika Bileleşiginiň we Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşiniň wekilleri-de gatnaşdylar.

Täze fonduň döredilýändigi bilen bagly eden çykyşynda Italiýanyň daşary işler ministri Franko Frattini “wagtlaýyn maliýe mehanizmi” diýlip at berlen bu çäräniň Liwiýanyň oppozisiýasyna açyk mehanizmleriň üsti bilen effektiw maliýe ýardamlaryny bermeklige mümkinçilik döretjekdigini aýtdy.

Bu baradaky karary maslahata egindeş başlyklyk ediji Kataryň premýer-ministri Şeýh Hamad bin Ýassim bin Djabr Al-Thani hem goldady.

“Sizin bilşiniz ýaly, häzirki wagt daşary ýurtlarda Liwiýa degişli kop fondlar donduryldy. Şol fondlar kredit ýollarynyň üsti bilen ýurdun ilatynyň zerurlyklary uçin ulanylyp bilnerdi. Menin pikirimçe, bu meselede hiç hili serişde etmezçiligi ýok. Şu wagta çenli bize mehanizm ýetmezçilik edýärdi, ýone indi mehanizm babatynda-da biz ylalaşyga geldik. Şu-da meselänin mohum tarapy” diýip Kataryň premýer-ministri belledi.

Liwiýanyň oppozisiýa güýçlerine ýardam bermek üçin döredilen täze fond halkara jemgyýetçiligi tarapyndan berilýän haýyr-sadaka we karz pullaryndan daşary, daşary ýurtlarda doňdurylan Liwiýanyň döwlet hasaplaryndaky pullaryň-da hasabyna maliýe serişdeleri bilen üpjün ediler.

Doňdurylan hasaplar $60 milliard

Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Ştatlaryň territoriýalarynda doňdurylan bu bank hasaplarynda 60 milliard dollar töweregi serişde bar diýlip hasaplanylýar.

Italiýanyň daşary işler ministri Franko Frattini Liwiýanyň režimine degişli bu doňdurylan bank hasaplaryny täzeden ulanmak meselesiniň örän kyn mesele bolandygyny we meseläniň oňyn tarapa çözülmegi üçin Italiýa bilen Fransiýanyň uly tagalla edendigini aýtdy.

Öz gezeginde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton hem Birleşen Ştatlarda doňdurylan Liwiýanyň bank hasaplarynyň oňyn maksatlarda ulanylyp bilinmegi üçin Obamanyň administrasiýasynyň käbir kanunlara üýtgetme girizmekligi-de ýerlikli hasaplaýandygyny mälim etdi.

Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Žüpe maslahatda eden çykyşynda Liwiýanyň oppozision güýçlerine ýardam bermek üçin döredilen täze fonduň ýakyn birnäçe hepdäniň içinde işläp başlajakdygyny we Fransiýanyň hem bu fonda goşant goşmak baradaky meseleleri öwrenýändigini belledi.

Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşiniň metbugat sekretary Mahmud Şammam ýurduň oppozision gozgalaňçylarynyň edil häzirki wagt gyssagly ýagdaýda azyndan 2 milliard dollar maliýe ýardamyna zerurlyk duýýandygyny aýtdy.

Ol özlerinde häzirki wagt diňe şu aýyň ahyryna çenli ýerli ilata zerur azyklar we medisina hyzmaty üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň bardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG