Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň öňki häkimi we onuň aýaly basyş astynda


Moskwanyň öňki häkimi Ýuriý Lužkow (sagda) we onuň aýaly Ýelena Baturina at çapyşyk ýaryşynda, Moskwa, 22-nji iýul, 2006-njy ýyl.
Moskwanyň öňki häkimi Ýuriý Lužkow (sagda) we onuň aýaly Ýelena Baturina at çapyşyk ýaryşynda, Moskwa, 22-nji iýul, 2006-njy ýyl.

Orsýetiň iň baý zenanyna we onuň adamsy – Moskwa şäheriniň öňki häkimine soňky aýlar juda agyr düşdi.

“Finans” žurnalynyň her ýyl çap edýän Orsýetiň milliarderleriniň sanawynda Moskwanyň öňki häkimi Ýuriý Lužkowyň aýaly Ýelena Baturina öňküsinden 47 orun aşak düşüp, 94-nji ýeri eýeledi. Žurnalyň bellemegine görä, Baturinanyň baýlygy 1,1 milliard amerikan dollaryna deňdir. Bu görkeziji öňki ýyl bilen deňeşdirilende iki esse azdyr. “Forbes” žurnaly geçen ýyl onuň baýlygyny 2,9 milliard dollar diýip kesgitläpdi.

“Forbes” žurnaly geçen ýyl Baturinanyň baýlygyny 2,9 milliard dollar diýip kesgitläpdi.
Geçen hepdede derňewçiler 2009-njy ýylda Moskwa bankynyň paýtagtyň eteginden ýer almak üçin Baturinanyň kompaniýasyna tölän ummasyz puly boýunça geçirilýän derňewiň çäginde Baturinanyň “Inteko” gurluşyk kompaniýasynyň ofisinde barlag işlerini geçirdiler. Bu iş bilen baglanyşykly 440 million dollar barada gürrüň gidýär.

Moskwa şäheriniň administrasiýasy ýokarda ady agzalan bankyň 46,5 prosent aksiýasyny öz elinde saklaýar. Bankyň 20,3 prosenti Lužkowyň köne egindeşi, bankyň baş direktory Andreý Borodine we baş menejeri Lew Alaluýewa degişli.

Şu aýyň başynda Orsýetiň Hasap palatasynyň ýaýradan maglumatynda aýdylmagyna görä, Lužkowyň Moskwa 18 ýyl häkimlik eden döwründe transport pudagynda 7,3 milliard dollar “hyýanatçylykly harçlanypdyr”.

Moskwanyň häzirki häkimi Sergeý Sobýanin Lužkow döwründäki baglanyşylan 100,000 töweregi şertnamany seljermeklige görkezme berdi. Şeýle-de Hasap palatasy Moskwa bankyna we onuň bilen ilteşikli ençeme şirketleriň, şol sanda “Inteko” kompaniýasynyň işi boýunça barlaglary ýola goýdy.

Baturinanyň we Lužkowyň häzir niredidigi belli däl. Çaklamalara görä, olar Orsýeti terk edip, Awstriýada ýaşaýarlar.

Maksat näme?

Derňewler bu çäreleri korrupsiýa garşy göreş diýip näçe nygtasa-da, käbir synçylar wakalara başgaça öwüşgin berýärler. Oppozision syýatsatçy Wladimir Milowyň aýtmagyna görä, bu wakalar korrupsiýa garşy göreş däl-de, aglaba has girdejeli serişdelere eýe bolmak bilen baglanyşykly.

"Häzirem basyşlaryň üsti bilen oýun turzup, Baturinanyň elinden onuň biznesini almak, şeýle-de Moskwa bankynyň aksiýalarynyň hümmetini peseldip, ony soň arzan bahadan, başga gerekli ellere bermek ugrunda iş alyp barýarlar. Ýöne, gynansak-da, bular korrupsiýa bilen baglanyşykly hakyky işleri derňemekden we ýokary derejedäki günäkärleri jezalandyrmakdan ötri işler” diýip, Wladimir Milow belledi.

Orsýetiň “Prawoýe delo” (“Hak iş”) partiýasynyň başlygy Leonid Gozman hem Lužkowa, Baturina we olaryň ýaranlaryna edilýän hüjümleriň arkasynda olaryň serişdelerini eýelemek niýetleriniň bardygyny aýdýar.

“Derňewleriň başgaçarak zatlar bilen baglydygyny çaklamak bolýar. Sebäbi, belki, Lužkow käbir zatlary bermekden boýun gaçyrýandyr. Ýa-da bahalary ýokarlandyrmak isleýändir. Emma olaryň ondan emläkleri arzan ýa-da mugtuna almak isleýän bolmaklary mümkin. Olar ýa sen bu zatlary berersiň ýa-da aýagyňy sallap, türmä gidersiň diýip, oňa we onuň toparyna düşündirýärler. Eger-de sen türmä girmeseň, onda seniň dostlaryň ol ýere gider diýýändirler” diýip, Leonid Gozman çäk edýär.

Lužkow geçen ýylyň sentýabrynda şäher häkimi wezipesinden kowulmazyndan öň, Orsýetiň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa”, ýagny “Bütewi Orsýet” partiýasynyň ýokary derejeli resmileriniň hataryna girýärdi.
XS
SM
MD
LG