"Biz – Anonim. Biz – legion. Biz hiç bir günäni geçmeýäris, hiç bir zady unutmaýarys. Bize garaşyň!".
Tutuş dünýäde Internet sahypalarynda ençeme hüjümi amala aşyran gümürtik gurama, halkara Internet kollektiwi "Anonymous" toparynyň aýdýany şu.
Soňky günlerde Eýranda adamlaryň hökümete garşy protest geçirip, köçelere çykmagy bilen ýurduň yslam häkimiýetleri oppozisiýanyň Internet arkaly alyp barýan işlerini dargatmak üçin senzurany güýçlendirdiler.
2009-njy ýylyň iýunynda prezident Mahmud Ahmedinejadyň täzeden saýlanmagyna getiren jedelli ses berişlik netijesinde turan gozgalaňdan soň ýurtda geçen demonstrasiýalaryň dowamynda we olardan öň hem häkimiýetler oppozisiýanyň tarapyny tutýan saýtlaryň öňüni alyp, oppozision toparlaryň işlerini togtatmaga synanyşdylar.
Özüniň "Eýran operasiýasy" bilen "Anonymous" toparynyň ara goşulmagyna hem şu ýagdaý sebäp boldy. Bu kollektiw şondan bäri Internetden peýdalanýanlary Eýran hökümetiniň senzurasyna garşy göreşde ündew forumlary we ýörite gurallar bilen üpjün edip gelýär. Ýöne, "Anonymous" näme diýlip soralanda, "ol pylan zat" diýip aýdaýmak aňsat däl. Bu guramanyň ne ýolbaşçylary bar, ne-de belli bir karargähi.
Ol özüni şeýle tanadýar: "Eziz, Internet ilaty! "Anonymous" toparynyň nämedigi, onuň anyk näme işleri edýändigi barada köp garym-gatymlyk we nädogry düşünjeler bar. Şol sebäpden biz pursatdan peýdalanyp öz maksatlarymyzy düşündirýäris. Ilki bilen bilinmeli möhüm zat: "Anonymous" toparynyň iş ýüzünde ýokdugy. Ol bir pikir, bir Internet guralyndan başga zat däl. Ony adamzadyň bähbidine bolan umumy maksatlar ugrunda adamlary üýşürmek üçin her bir kişi islendik mahaly eýeläp bilýär".
Araş öz watany Eýranda barýan senzura garşy göreşde "Anonymous" topary bilen hyzmatdaşlyk edýän haker. Ol "Farda" Radiosynyň "Bu toparyň Eýran operasiýasyny ýola goýmagyna näme sebäp boldy" diýen soragyna şeýle jogap berdi: "Anonymous soňky wagtlarda söz azatlygy, informasiýa azatlygy çäklendirilýän dürli ýurtlarda adamlary goldady. Mysal üçin, Eýranda köp erkinlik ýok. Internet senzurasy gaty güýçli. Biziň Eýran protestlerine garyşmagymyza sebäp bolan şu. Bu toparyň esasy maksatlarynyň biri söz azatlygyny goramak. Söz azatlygy hem Eýranda uly problemalaryň biri" diýip, Araş aýtdy.
Araş "Eýran operasiýasynyň" strategiýasyny şeýle suratlandyrdy: "Anonymous" media hüjüm edilmegine berk garşy. Ýöne men Eýranyň döwlet telewideniýesi we radiosy medianyň hataryna girýändir öýdemok. Bular, bolaýsa, döwletiň adamlaryň beýnisini ýuwýan gurallary. Operasiýada resmi taýdan üns merkezinde duran hökümetiň üç saýty bilen mail serwerleri boldy. Bularyň üçüsi-de düýn çökdi".
Araşyň aýtmagyna görä "Anonymous" 2009-njy ýylda oppozisiýany goldaýan "Anonymous" Eýran saýtyny ýola goýmaga kömek edipdir. Ýöne bu kollektiwiň jedelli geçmişi bar. Ol 2008-nji ýylda garaguş keselli adamlary goldaýan foruma gönükdirilen hüjümleri amala aşyranlykda aýyplandy.
"Anonymous" "WikLeaks" saýtyny goldap, "Amazon.com", "PayPal", "MasterCard", "Visa" ýaly kompaniýalara hüjüm edenligi üçin hem ýaňy ýakynda tankyt astyna düşdi.

"Anonymous" toparynyň "YouTube" saýtyndaky tanyşdyrylyş wideosy