Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň halky araplara raýdaşlyk bildirýär


Eýranda Müsürdäki we Tunisdäki hökümete garşy demonstrasiýalara raýdaşlyk ýörişi, 14-nji fewral.
Eýranda Müsürdäki we Tunisdäki hökümete garşy demonstrasiýalara raýdaşlyk ýörişi, 14-nji fewral.

Eýranyň yslamçy režimi ýurtdaky oppozision toparlaryň Müsürdäki we Tunisdäki hökümete garşy demonstrasiýalaryna raýdaşlyk ýörişini geçirmäge çagyryşynyň öňüni almak üçin käbir duýduryş çärelerini amala aşyrdy.

Duşenbe güni howpsuzlyk güýçleri oppozisiýa tarapyndan planlaşdyrylan ýörişiň öňüni almak üçin Tähranyň köçelerine çykdylar. Emma oppozision güýçler, gadaganlyklara garamazdan, ýörişi geçirmäge çagyryşy dowam etdiler.

Munuň bilen baglylykda Eýranyň polisiýasy oppozisiýanyň lideri Mir Hossein Musawiniň öýüne girelgäni bekläp, onuň telefon aragatnaşyklaryny-da kesdi. Onuň proteste gatnaşmagyna we Tähranyň köçelerine çykan protestçiler bilen habarlaşmagyna ýol bermediler.

Musawiniň Web saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, howpsuzlyk güýçleri Mussawiniň öýüne barýan ýollaryň ugrunda polisiýanyň ulaglaryny ýerleşdiripdirler. Şeýle-de bu Web saýtda telefon liniýalarynyň, hat-da Musawä we onuň aýalyna degişli mobil telefonlarynyň kem kesilendigi ýazylýar.

“Uly ýeňiş”

Musawiniň Parižde ýaşaýan egindeşi Ardeşir Amir Arjomand Ýakyn Gündogardaky demokratik hereketlere goldaw hökmünde ýöriş geçirmegiň-de eýýam “uly ýeňiş” bolandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Gorky hem howp salmak arkaly ýörişleri geçirtmejek bolýan resmileriň mundan habarlary bardyr. Şeýle-de adamlaryň bolelinlikdäki ýaşaýşynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin görlen çäreler bilen bir hatarda bu ýörişiň asuda ýagdaýda geçjekdigine umyt edýäris” diýip, Ardeşir Amir Arjomand belledi.

Soňra ol şeýle dowam etdi: “Biz özümiziň demokratiýanyň wajypdygyny we dünýäniň ähli adamlary üçin zerurdygyny görkezmek üçin edýän asuda hereketimize hemmeleriň ünsüni çekmek isleýäris. Biz Müsür halkyny goldaýarys. Biz demokratiýa ugrunda tagalla edýän islendik adamy goldaýarys”.

Ahmedinejadyň pikiriçe...

Eýranyň telewideniýesi 11-nji fewralda Yslam rewolýusiýasynyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp, döwlet tarapyndan gurnalan protesti öwran-öwran görkezdi. Şonda Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad arap döwletlerindäki häzirki protestlere özüçe baha berdi. Onuň pikiriçe, bu protestler 1979-njy ýylda Eýranda Amerika tarapyndan goldanylýan şa häkimiýetiniň agdarylmagyna getiren Yslam rewolýusiýasynyň arap ýurtlaryna ýaýramagydyr.

"Tizara Birleşen Ştatlarsyz we sionistik režimsiz täze Ýakyn Gündogar dörär. Şeýle-de Ýakyn Gündogarda zalymlyga ýer bolmaz” diýip, Ahmedinejad çykyş etdi.

Eýranyň oppozision liderleriniň biri Mir Hossein Musawiniň Parižde ýaşaýan egindeşi Ardeşir Amir Arjomandyň pikiriçe, Ahmedinejadyň režimi eýranlylaryň “paýhasly halkdygyny” hem-de eýranlylyaryň öz “garaýyşlaryny köçelerde asudalykda beýan etmegi we öz hukuklaryny talap etmägi” başarýandygyny kabul etmelidir.
XS
SM
MD
LG