Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Waşingtonda belarusly ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda ABŞ-da we ÝB döwletlerinde ýazgarma döreden golaýda Belarusda geçen prezidentlik saýlawlary, şeýle-de belarus režiminiň adam hukuklaryny goraýjylaryň we oppozisiýanyň ýolbaşçylarynyň garşysyna gurnan repressiw çäreleri maslahatlaşyldy.
Amerikanyň Döwlet departamentiniň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, Hillari Klinton 6-njy ýanwarda Waşingtonda belarus we belarus-amerikan hukuk goraýjy aktiwistleri bilen duşuşypdyr.
Duşuşyga gatnaşan aktiwistleriň arasynda “Biziň ýadymyzda” guramasynyň başlygy Irina Krasowskaýa we Belarusyň “Azat Teatrynyň” düýbüni tutujylaryň biri Natalýa Kolýada dagy hem bar.
Hillari Klinton “Belarusdaky prezident saýalawlarynyň geçirilişini, şeýle-de syýasy ýolbaşçylara we aktiwistlere basyş edilmegini ýazgardy” diýip, bu beýanatda nygtalýar.
ABŞ we ÝB 19-njy dekabrda geçirilen saýlawlardan soňraky protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagyny ýazgaryp, tussag edilenleriň ählisini tizden-tiz azat etmäge çagyrdylar.
“Waşington Belarus häkimiýetleriniň edýän hereketlerini “ýakyndan yzarlaýar” diýip, Hillari Klinton aktiwistler bilen duşuşygynda aýtdy.
Prezident Aleksandr Lukaşenko saýlawlarda sesleriň 80 prosent töweregini alyp, eýýäm dördünji gezek Belarusyň prezidenti saýlandy.
Oppozisiýa wekilleri prezident saýlawlarynda sesleriň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar. Halkara gözegçileri hem bu saýlawlardaky ýetmezçilikleri tankytladylar.