Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy Belarusda 19-njy dekabrdaky prezidentlik saýlawlaryndan soňra, Minskide geçirilen protestlere gatnaşan ýüzlerçe adamyň we oppozisiýa wekilleriniň tussag edilmegine ünsi çekmek üçin “Raýdaşlyk sesleri” atly ýörite proýekte başlady.
Bu saýlawlarda “Ýewropanyň iň soňky diktatory” diýlip atlandyrylýan Aleksandr Lukaşenkonyň dördünji möhlete prezident saýlanmagy ýurduň oppozisiýasynda we günbatar synçylarynda uly ýazgarma döretdi.
Prezidentlik saýlawlaryndan soňra başlanan parahat protest ýurduň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan gazaply basylyp ýatyryldy. Howpsuzlyk güýçleri protestçileriň, şol sanda prezidentlik saýlawlaryna gatnaşan dalaşgärleriň üstüne topulyp, olary ýenjip we tussag edip başladylar.
“Raýdaşlyk sesleri” atly proýekt Minskidäki protestlerde tussag edilen oppozisiýa wekilleriniň atlaryny okamak üçin, belli halkara we Belarus syýasatçylarynyň onlarçasyny, şeýle-de sungat işgärlerini bir tagallanyň daşyna jemledi.
Birleşen Ştatlaryň öňki prezidenti Jorj Buş entegem KGB-niň türmesinde saklanýan, prezidentlige dalaş eden adamlaryň atlaryny okady: "Belarusyň prezidenligine dalaşgärler: Ales Mihalewiç, Uladzimer Neklýaýew, Wital Rymaşowski, Andreý Sannikau, Mikalaý Stakewiç”.
Prezidentlige dalaşgärlik eden bu bäş adama köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamakda aýyplama bildirilýär. Şol sebäpli olara on bäş ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi hem mümkin.
Minskide entegem türmede saklanýanlaryň atlary Täze ýyl agşamy we Täze ýyl güni Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy tarapyndan efirde okaldy.
“Raýdaşlyk sesleri” batlanýar
Polşanyň Daşary işler ministri Radoslaw Sikorski, Çehiýanyň ozalky prezidenti Watslaw Gawel, Sowet döwrüniň dissidenti Andreý Saharowyň aýaly, aktrisa Ýelena Bonner dagy hem “Raýdaşlyk sesleri” proýektine goşuldylar.
Belarusyň häkimiýet başyndakylar zoňtarlyklaryny dowam edýärler. Bu meselede Lukaşenkonyň 30-njy dekabrdaky çykyşynda “ýurdy agdar-düňder” etmäge synanyşan “bir topar dönükler” diýen sözlerine salgylanyp bolar. Şeýle-de ol käbir tussaglara garşy berk hökümleriň çykarylmagynyň mümkindigini ýaňzydypdy.
Öňki prezident saýlawlarynda dalaşgär we Lukaşonkonyň garşydaşy bolan Aleksandr Kazulin 2006-njy ýylda bäş ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. 2008-nji ýylda Ýewropa Bileleşginiň basyşy netijesinde onuň günäsi geçildi.
Şaýatlaryň aýtmagyna görä, Belarusyň howpsuzlyk güýçleriniň, ýagny KGB gullugynyň wekilleri 19-njy dekabrdaky geçirilen prezidentlik saýlawlaryna syn beren garaşsyz žurnalistleriň hem öýlerini döküpdirler we iş ýerlerinde agtaryş geçiripdirler.
ÝHHG-niň metbugat azatlygy meseleleri boýunça wekili Dunýa Miýatowiç saýlawlardan soňra žurnalistlere garşy hüjümleri we tussag etmeleri ýazgaryp, bu wakalary “kabul ederliksiz” diýip atlandyrdy.