“Moskwa hemmeler üçin” diýen şygar astynda geçirilen bu parahat mitinge gatnaşyjylar Orsýetiň käbir ýaşlarynyň arasynda aşa milletçilik we rasizm duýgularynyň bolmagyny we etniki azlyklara çydamlylygyň azlygyny ýazgardylar.
Orsýetli ýazyjy Wiktor Şenderowiç ýakynda Moskwada bolan aşa milletçilikli bidüzgünçilikleri we hüjümleri ýazgaryp, şu aýyň başynda demonstrasiýa geçirmäge çagyryş edenleriň ilkinjilerinden biri bolupdy.
Miting uly goldaw tapdy
Görnükli şahsyýetleriň onlarçasy, şol sanda aýdymçy Alekseý Kortnew, ýazyjy Marietta Çudakowa, sazanda Wladimir Spiwakow, kosmonawt Magomed Tolboýew we aktrisa Çulpan Hamatowa dagylar hem “Moskwa hemmeler üçin” atly mitingi geçrimek pikirini goldapdylar.
26-njy dekabrda geçirlen mitingde Marietta Çudakowa çykyş edip, jemgyýetde faşizme ornuň ýokdugyny görkezmäge wagtyň gelendigini belledi.
Orsýetli ýazyjy Wiktor Şenderowiç hem aşa milletçiligi we ksenofobiýany ýazgarýanlaryň ählisine ýüzlenip, olara köçelere çykmaga we sesleriniň eşidilmegi üçin hereket etmäge çagyryş etdi.
"Eger-de bu ýere ýygnananlaryň sany 10 esse köp bolan bolsady, onda özgerişlik eýýäm ertiriň özünde hem amala aşyp bilerdi. Sebäbi, siziň bilşiňiz ýaly, syýasatçylar köpçüligiň hereketlerine syn edýärler” diýip, W.Şenderowiç belledi.
Alada döredýän ýagdaýlar
Şeýle-de, Wiktor Şenderowiç orsýetli belli adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Ýelena Bonneriň iberen hatyny hem köpçülige okap berdi. Ýelena Bonner hatynda özüni “Moskwaly ýewreý we kawkazly” diýip atlandyrypdyr.
“Meni ýurdy goramak üçin Puşkin meýdançasyna ýygnanlaryň hatarynda hasap ediň” diýip, Ýelena Bonner öz hatynda nygtapdyr.
11-nji dekabrda, müňlerçe adam bir futbol janköýeriniň öldürlendigi sebäpli ygtyýar berilmedik protest geçiripdi. Şol protestiň dowamynda “Orsýet orsýetliler üçin” diýen milletçilikli şygarlar gegyrylypdy.
Şonda protestçiler daş, çüýşe we buz böleklerini zyňyp, polisiýa işgärleriniň üstüne hüjüm etdiler. Protestçileriň käbiri hatda demir bölekleri bilen hem polisiýa topuldy.
Şol aşa milletçilikli protestde gyrgyz asylly bir adam öldürilip, kawkazly ençeme adam rehimsizlik bilen ýenjildi.