Azerbaýjanda hyjabyň mekdeplerde gadagan edilmegi sebäpli ilat arasynda köpçulikleýin gahar-gazap döredi. Munuň netijesinde wakalar syýasy öwüşgine eýe boldy. Şeýle-de ýurtda yslam ekstremizminiň ýokarlanmak howpy emele geldi.
16-njy dekabrda Azerbaýjanyň Nardaran obasynda, şaýy musulmanlarynyň belleýän Aşura gününe bagyşlanyp, protest geçirildi. Müňlerçe protestçi mekdeplerde hyjabyň gadagan edilmegini gazap bilen ýazgardylar.
Dini ýolbaşçy bolsa olary öz ynamlary üçin ölmäge-de taýyn bolmaga çagyrdy: “Meniň bilen bilelikde gaýtalaň: hyjapdan el çekenimizden, ölenimiz hem ýagşydyr. Emma muny diňe aýtmak ýeterlik däldir. Siz öz ynamyňyz üçin ölmäge-de taýýar bolmalysyňyz!”.
Wideo: 16-njy dekabrda Azerbaýjanyň Nardaran obasynda, Aşura gününe bagyşlanyp, protest geçirildi.
Sebäp nämede?
Resmi Baku mekdeplerde musulman zenanlarynyň bürenjeginiň gadaganlygyny sowet döwründäki mekdep formasynyň dikeldilmegi bilen bagly diýip düşündirýär. Ýöne hökümetiň bu kararynyň, ýurtda barha köpelýän dindar musulmanlar bilen dawa-jenjeller, gapma-garşylyklar döretmek howpy bar.
Aklawçylar we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler hem hökümetiň bu kararyna juda alada bildirýärler. Olaryň aýtmagyna görä, eger-de hyjaby geýmäge gadaganlyk girizilmedik bolsa, onda hökümetiň bu karary kabul etmäge haky ýokdur. Ýüzlerçe gyzlar girizilen bu gadaganlyga jogap hökmünde mekdeplere gitmejekdiklerini aýdýarlar.
"Men hiç haçan hyjapdan el çekmerin. Olar bize bürenjegimizi geýmegi gadagan edýän hiç hili resmi kagyz görkezmeýärler. Men olaryň dilden berýän görkezmelerine düşünemok, şeýle-de men olaryň bu görkezmelerine boýun bolup biljek däl” diýip, Bakuwyň bir mekdebiniň on birinji klasynyň okuwçysy Wusala Kulyýewa aýtdy.
Azerbaýjanyň bilim ministri Misir Mardanow “Gyzlar täze mekdep geýminiň düzgünlerine boýun bolmalydyrlar” diýip, dilden görkezme beripdir. Munuň bilen baglylykda hiç hili resmi kararyň çykarylmandygy üçin beýle gadaganlyklaryň girizilmegi bikanundyr diýip, okuwçylaryň ene-atalary aladalanma bilen belleýärler. Hossarlarynyň käbirleri gyzlaryny bu gadaganlygyň berjaý edilmejek şahsy mekdeplerine bermek barada hem pikir edýärler.
Dartgynly ýagdaý
Azerbaýjanda soňky ýyllaryň dowamynda dindar musulmanlar bilen hökümetiň arasyndaky dartgynlylyk juda ýitileşdi. Ýurduň ilatynyň 96 prosent töwereginiň musulman bolmagyna garamazdan, prezident Ylham Alyýew sowet döwründäki dünýewi medeniýetden ugur alyp, hereket edýär.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň her ýyl ýaýradýan dini azatlyklar boýunça hasabatynda aýdylmagyna görä, Azerbaýjanda yslama we beýleki azlykdaky dinlere basyşlar artypdyr. Şeýle-de bu hasabatda geçen ýylda Azerbaýjanda birnäçe metjitleriň ýapylandygy hem aýdylýar. Käbir dindar musulmanlar özlerine edilýän basyşdan zeýrenýärler. Olaryň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri olary tussag edip, zorluk ulanyp, olaryň sakgallaryny syrypdyr.
Azeri jemgyýetinde gatlaklara bölünmeginiň artýandygy sebäpli musulman dindarlaryň arasyndaky nägilelikleriň has-da artmak howpy bar.