Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaks”: Orsýet “mafiýa döwleti”


Wladimir Putin: “Diplomatiki gulluklaryň öz dokumentlerine seresaply çemeleşmegi zerur. Maglumatlaryň syzmagy öňem bolupdy. Men munuň bilen bagly hiç hili betbagtçylyk göremok”
Wladimir Putin: “Diplomatiki gulluklaryň öz dokumentlerine seresaply çemeleşmegi zerur. Maglumatlaryň syzmagy öňem bolupdy. Men munuň bilen bagly hiç hili betbagtçylyk göremok”

Orsýetiň resmileri “guramaçylykly jenaýatçy toparlar bilen gatnaşyk saklaýarlar”. Bu habar “WikiLeaks” internet saýty tarapyndan köpçülige aýan edilen ABŞ-nyň gizlin diplomatik telegrammalarynda aýdylýar.

Orsýetiň hökümetiniň guramaçylykly jenaýatçy toparlar bilen bilelikde işläp, telekeçilige bikanun basyşlary etmek, öz garşydaşlaryny aýyrmak, saýlawlaryň netijelerini galplaşdyrmak we ýarag söwdasyny etmek ýaly hapa işler bilen meşgullanýandygy “WikiLeaks” saýtynyňň ýaýradan maglumatlarynda aýdylýar.

Bu maglumatlaryň syzyp çykmagy Orsýetiň köp raýaty üçin uly bir täzelik ýa-da açyş bolmady. Ýöne Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasy Moskwa bilen gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagalla edýändigini aýtsa-da, täze maglumatlar olaryň Orsýetiň hökümetine howatyrlanma bilen garaýandygyny görkezdi.

"Awtoritarizmiň döwrebap usuly"

“WikiLeaks” saýtynyň ýaýradan maglumatlarynda Orsýetiň hökümeti ýokary derejede korrumpirlenen we merkezleşdirilen diýlip häsiýetlendirilýär. Şeýle-de “awtoritarizmiň döwrebap usulynyň” kömegi bilen, premýer-ministr Wladimir Putiniň ummasyz bikanun girdejileri gazanandygy aýdylýar. Emma bu maglumatlaryň näderejede hakykata laýyk gelýändigi entek anyklanmady.

Syzyp çykan telegrammalaryň birinde Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Robert Geýtsiň “Orsýetde demokratiýa galmady” diýendigi hem habar berilýär.

Başga bir maglumatda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Daniel Freýdiň premýer-minister Wladimir Putiniň dissident Aleksandr Litwiýenkonyň öldürilmeginden habarly bolan bolmagy hem mümkin diýen çaklamasy aýan edildi. KGB-niň öňki ofiseri Aleksandr Litwinenko 2006-njy ýylyň noýabrynda Londonda zäherlenip öldürilipdi.

Premýer-ministr Wladimir Putin bu maglumatlara jogabyny gijikdirmedi. Ol “WikiLeaks” saýtynyň maglumatlarynyň soňky tapgyry entek aýan edilmänkä, çarşenbe güni CNN telekanalynda Larry King bilen söhbetdeşlikde şeýle diýdi: “Diplomatiki gulluklaryň öz dokumentlerine seresaply çemeleşmegi zerur. Maglumatlaryň syzmagy öňem bolupdy. Men munuň bilen bagly hiç hili betbagtçylyk göremok”.

Emma Putin Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Geýtsiň Orsýetdäki demokratiýa barada “düýpli ýalňyşýandygyny” sözüne goşdy. Şeýle-de ol Waşingtona Orsýetiň içerki syýasatyna goşulmazlygy üçin duýduryş berdi.

Wladimir Putin özüni we prezident Dmitriý Medwedewi “Betmen we Robin” diýip atlandyrandyklary sebäpli gaharynyň gelendigini aýtdy. Mundan başga-da ol bu tankydyň ulumsylyk, gödeklik we juda ahlaksyzlyk bilen edilendigine şübhelenmeýändiklerini belledi.

Iň ynjyk maglumat

Orsýet bilen bagly syzyp çykan bu maglumatlaryň arasynda iň ynjygy ispaniýaly prokuror Joze Gonzalesiň beýanatlary bilen bagly. Joze Gonzales Orsýetiň guramaçylykly jenaýatçy toparlarynyň Ispaniýadaky hereketlerini derňäpdi.

Syrly dokumetnlerde habar berilmegine görä, Joze Gonzales Orsýetiň syýasy partiýalary jenaýatçy toparlar bilen jebis işleşýärler diýip, habar beripdir. Şeýle-de maglumatlarda jenaýatçy toparlaryň baştutanlarynyň jenaýat işine çekilmezligi üçin, Orsýetiň resmileriniň olara hökümetden wezipe berýänligi aýdylýar.

Gonzales Orsýetiň aňtaw gulluklarynyň resmilerini Türkiýede durnuksyz ýagdaýlary döretmek üçin kürt toparlalaryny ýarag bilen üpjün etmekde, şeýle-de 2009-njy ýylda saklanan Eýrana ýarag daşaýan ors gämisine dahyllarynyň bardygyny hem öňe sürýär.

Gürjüstan bilen bagly syzyp çykan maglumatlaryň Orsýetiň has-da gaharyny getirmegi mümkin. Şol maglumatlarda 2008-nji ýylyň awgust aýyndaky ors-gürji çaknyşygynyň öňüsyrasynda Abhaziýadaky we Günorta Osetiýadaky separatist toparlary Orsýetiň ýarag bilen üpjün edendigi aýdylýar. Şeýle-de Mihail Saakaşwiliniň hökümetini durnuksyzlaşdyrmak üçin, Orsýetiň “gizlin hereketleri”, şol sanda ýalan maglumatlary ýaýratmak ýaly işleri amala aşyrandygy bellenýär.

“WikiLeaks” internet saýtynyň ýaýradan maglumatlary Birleşen Ştatlarda uly goh döreden hem bolsa, Orsýetiň ilaty bulara uly bir gyzyklanma bildirmedi. Munuň sebäbini syzyp çykan maglumatlary çap edýän “Russkiý reportýor” hepdeliginiň baş redaktory Witaliý Lebin şeýle düşündirýär: “Elbetde, dünýä liderleriniň dogruçyldygyna, ak ýüreklidigine we sowatlydygyna ynanýanlarda bu maglumatlaryň uly täsir galdyrmagy mümkin. Ýöne şeýle zatlara ynanmaýanlar, has dogrusy, Orsýetiň raýatlary bu maglumatlara geň galanok”.
XS
SM
MD
LG