Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we rus liderleri duşuşdy


Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Dmitriý Medwedew we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde, 21-nji oktýabr 2010-njy ýyl.
Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Dmitriý Medwedew we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde, 21-nji oktýabr 2010-njy ýyl.

21-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Dmitriý Medwedew iki günlük resmi sapar bilen Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine baryp, anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi.

Türkmenistanyň we Orsýetiň liderleri energiýa, oba-hojalyk, transport we telekommunikasiýa ugurlary barada maslahat etdiler. Hazaryň kenaryndaky gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Orsýete eksport edilýän tebigy gazyň mukdaryny artdyrmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny hem belledi.

Şeýle hem ors delegasiýasynyň düzümine girýän wise-premýer Igor Seçiniň aýtmagyna görä, Orsýetiň “Gazprom” ýangyç kompaniýasynyň Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak proýektine gatnaşmagy mümkin. Seçin bu ugurda “Gazpromyň” we Türkmenistanyň wekilleriniň gepleşik geçirýändiklerini hem mälim etdi.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň anna güni eden çykyşyndan çen tutulsa, Orsýetiň we Türkmenistanyň liderleriniň arasynda maslahatlaşylan temalaryň biri hem - Hazar deňziniň kanuny statusy. G.Berdimuhamedow Hazar bilen bagly meseleleri şol deňze ýanaşýan ýurtlaryň özara gepleşikler esasynda çözmäge ukyplydygyny nygtady.

Hazarýaka döwletleriniň kartasy
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow: “Hazarýaka döwletler Hazar deňziniň kanuny statusy we bu deňizde ykdysadyýet bilen bagly ähli meseleleri birek-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutup, deňhukukly, özara hormat esasynda we halkara hukuk normalaryna görä çözmeli. Biziň bu baradaky pozisiýamyz şundan ybarat” diýdi.

Orsýetiň prezidenti D.Medwedew hem öz nobatynda şeýle diýdi: “Hazar deňzi biziň hazynamyz we ähli problemalary çözüp, Hazar regionynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga biziň öz güýjimiz ýetýär. Hazaryň tebigy baýlyklary boýunça kanuny düzgüni ýola goýmak bolsa Hazaryň ýakasynda ýerleşýän bäş döwletiň öz jogapkärçiligine girýär”.

Ýakynda "Bloomberg" neşiri ÝB-niň energiýa wekilleriniň Hazaryň astyndan gaz geçirijiniň gurulmagy boýunça türkmen-azeri ylalaşygynyň gazanylmagyna esas döredip biljek dokumenti taýýarlandyklaryny habar beripdi. Türkmen resmileri bolsa energiýa tranziti boýunça ekspertler toparynyň döredilmegi babatda BMG-de duşuşyk geçiripdi.

Hazarda serhetleşýän Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň baştutanlary noýabr aýynda Hazaryň hukuky statusyny maslahatlaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda duşuşarlar. Hazaryň territorial bölünişiginiň kesgitlenmegi göz öňünde tutulýan Transhazar gazgeçirijisi we “Nabukko” proýekti üçin hem möhüm ähmiýete eýe.

Orsýet Türkmenistanyň gaz eksporty boýunça uly müşderilerinden biri. Orsýetiň “Itera” kompaniýasy geçen hepde Türkmenistandan Orsýete akýan gazyň möçberiniň artmagyna goşant goşjak täze turbanyň gurluşyk işini tamamlady. Bu proýektiň bahasy 176 million dollara barabar bolup, onuň geçirijilik ukyby häzirki wagtda 3 milliard kub metre barabar.

Etniki ors azlygy

Orsýetiň prezidenti D.Medwedew penşenbe güni Türkmenbaşy şäherine baransoň, metbugatyň öňünde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklar barada pikir alyşmak we bu dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary barada diskussiýa etmek üçin Türkmenistana gelmek mende mydama şatlyk duýgusyny döredýär”.

Russiýa Federasiýanyň prezidenti D.Medwedew öz çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow bilen maslahatlaşyljak temalaryň arasynda Türkmenistanda ýaşaýan etniki orslar hakda pikir alşyljakdygy barada asla dil ýarmady. Käbir maglumatlara görä, Türkmenistanyň ilatynyň 4%-i etniki orslardan ybarat bolup durýar.

Graždan aktiwistleriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanda ýaşaýan etniki orslar we esasanam goşa raýatlygy barlar dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Türkmenistanly graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts bu barada şeýle diýýär: “Gynansak-da, biz Medwedewiň saparyna umyt baglamaýarys, sebäbi ýene-de gaz meselesine üns berler, adamlar bolsa çetde galarlar”.

Nataliýa Şabuntsyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda Orsýetiň müňlerçe raýaty ýaşaýar, emma haçanda bu iki ýurduň ýolbaşçylary duşuşanda, şol etniki orslaryň kynçylyklary ýatdan çykarylýar. Onuň sözlerine görä, olaryň esasy problemalaryndan biri türkmen-ors goşa raýatlygy bolan adamlara täze görnüşli biometriki türkmen pasportlarynyň berilmezligidir.

Şabuntsyň pasport almakda kösenýän Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň berýän maglumatlaryna salgylanyp aýtmagyna görä, degişli edaralaryň işgärleri goşa raýatlardan Orsýetiň raýatlygyndan ýüz öwürmegini talap edýärler: “Dilden edilýän şeýle talabyň kanuny güýji ýok, emma täze pasport almak isleýänler şeýle talaplara tabyn bolmaga mejbur bolýarlar”.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu ýylyň 7-nji iýulynda çap eden resmi beýanatynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 7-nji maddasyna salgylanyp, Türkmenistanyň raýatlarynyň ikinji bir ýurduň raýaty bolmaga hukugynyň ýokdugyny belläpdi. Goşa raýatlyk boýunça türkmen-ors ylalaşygyny 2003-nji ýylda Türkmenistan bir taraplaýyn ýatyrypdy.

Orsýetiň goşa raýatlyk baradaky kanuny henizem öz güýjünde galdyrýanlygyny belläp, käbir synçylar bu baradaky düşünişmezlikler goşa raýatlyga eýe bolan adamlary kyn ýagdaýa salýar diýýärler. Graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts Türkmenistanda ýaşaýan etniki orslaryň we milleti türkmen bolmadyklaryň işsizilikden ejir çekýänligini nygtaýar.

Orsýetiň prezidenti D.Medwedew geçen ýylyň dekabr aýynda hem Aşgabatda bolup, Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda ozalky togtadylan gaz eksportyny gaýtadan dikeltmeklik baradaky ylalaşyga gol çekipdi. Şol ýylyň aprel aýynda gaz geçirijisiň ugrunda ýüz beren partlamanyň yzy bilen, Türkmenistandan Orsýete akdyrylýan gaz kesilipdi.

“RiaNowosti” habarlar gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, 2009-njy ýylda Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky söwda dolanşygy 1 milliard dollardan gowrak bolupdyr. Türkmenistanda Orsýetiň kapitaly bilen işleýän 138 sany kompaniýa bar. Mundan başga-da 124 sany dürli ugurlar boýunça türkmen-rus bilelikdäki proýektleri bar.
XS
SM
MD
LG