Düýn Türkmenbaşy şäheriniň aeroportunda prezident Berdimuhamedow geçen hepdäniň jemlerine bagyşlap, hökümet maslahatyny geçirdi.
Bu hökümet maslahatynda wise-premýerler öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Şu maslahatyň barşynda-da prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň hökümetinde ylym, täze tehnologiýa we innowasiýalar boýunça işlere gözegçilik ediji täze wise-premýerlik wezipesiniň döredilýändigini mälim etdi. Bu wezipä hem ol Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti Gurbanmyrat Mezilowy belledi.
Şol gün hem döwlet lideri birnäçe permana gol çekip, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin ýurduň awtomobil transport ministri Garbanmyrat Hangulyýewi hem-de «Türkmengaz» Döwlet konserniniň başlygy Nury Muhammedowy wezipelerinden boşatdy.
Mundan daşary, ol işindäki kemiçlikleri uçin «Türkmen-awtoýollary» Döwlet konserniniň başlygy Aşyr Sarybaýewe berk käýinç yglan etdi.