Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zakaýew Polşa gelse, onuň tussag edilmegi mümkin


Polşanyň polisiýasy çeçen seperatistleriniň liderlerinden biri Ahmet Zakaýew Polşa gelse, ony tussag etjekdigini aýtdy.

Şu gün Polşanyň paýtagty Warşawanyň eteginde çeçenleriň Bütindünýä kongresi açylýar.

Beýik Britaniýadan başpena alan Ahmet Zakaýew Orsýet tarapyndan terrorizmde günälenip, halkara Interpol guramasy tarapyndan gözlegde durýar diýip, Polşanyň polisiýa gullugy mälim etdi.

Ýöne tutulan ýagdaýynda ony Russiýa ekstradisiýa etmek meselesini sud çözer.

Şol wagtyň özünde Ahmet Zakaýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda polşa barmakçydygyny, munuň üçin eýýäm çakylyk alandygyny aýtdy.

Ol ýene şeýle diýdi: “Men Polşada ilkinji gezek bolamok, ony bilýänsiňiz. Şu ýylyň özünde 3-4 gezek bolandyryn. Muňa hiç hili reaksiýa bolmandy. Indi bolsa meni bu foruma çagyrdylar. Mesele Zakaýewde däl. Mesele meniň aýtjak sözümde we ol ýerde näme diýiljekdigi, nämäniň maslahatlaşyljakdygy barada. Bu – Çeçen meselesi. Şu wagt Çeçenistan daşarky dünýä üçin ýapyk tema” diýip, çeçen seperatisti aýtdy.

Çeçenleriň Bütindünýä kongresi 16-17-nji sentýabr aralygynda geçýär. Forumy emigrasiýadaky çeçenler gurnadylar.
XS
SM
MD
LG