Şu gün Pakistandaky bir söweşjeň topar zamunlykda saklanýan britan raýaty Asad Kureşini zamunlykdan boşatdy.
Britaniýanyň Yslamabatdaky wekilhanasy Asad Kureşiniň hakykatdanam zamunlykdan boşadylandygyny tassyklady, ýöne bu barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.
Asad Kureşi şu ýylyň mart aýynda «Aziýanyň gaplaňlary» atly bir topar tarapyndan alnyp gaçylypdy. Ony zamun alanlar onuň azat edilmegi üçin 10 million dollar girew pulunyň berilmegini talap edipdiler.