Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul banky çökýärmi?


Abdul Kadyr Fitrat
Owganystanyň Merkezi Bankynyň başlygy ýurduň iň uly banky hasaplanýan Kabul banky çöker-çökeriň üstünde diýilýän pikiri aradan aýyrmaga synanyşdy. “Owganystanyň Merkezi Banky öz ähli güýji we başarnygy bilen Kabul bankyny goldaýar” diýip, Abdul Kadyr Fitrat düýn žurnalistlere aýtdy.

Günbatar mediasy: “Merkezi Bank hususy Kabul bankyny öz eýeçiligine geçirdi. Muňa sebäp bolan zat - bu bankyň gümürtik işleri bilen 100 millionlarça dollar zyýan çekenligi” diýip, 31-nji awgustda habar berdiler.

Kabulda maliýe ekspertleri “Ýurduň iň uly söwda bankynyň çökmegi Owganystanyň tutuş maliýe sistemasyny çagşadar” diýen pikirde. Kabul banky Owganystanyň döwlet işgärlerine, polisiýa güýçlerine we esgerlere tölenýän pullary ýöredýär. Onda ýönekeý owganlaryň hem 1,3 milliard dollara barabar süýşürintgi pullary bar.

Ýolbaşçylar işden çekildi


Bankyň başlygy Şerhan Farnud bilen ýokary derejeli işgäri Halilullah Firuzy duşenbe güni wezipelerinden çekildiler. Kabul bankynyň ýolbaşçylygyna hem Merkezi Bankyň maliýe eksperti Masud Han Musa Kazy bellenildi.

Günbatar mediasynyň ýazmagyna görä, Kabul bankyň iki ýokary derejeli işgäri duşenbe güni Merkezi Banka çagyrylyp, wezipeden çekilmeklige mejbur edilipdirler. Hökümetiň Kabul bankyň işine gatyşmagyny hem, aýdylyşyna görä, prezident Hamid Karzaý oňlapdyr.

Kabul bankyň Karzaý bilen ýakyn iletşigi bar. Munuň hem ýeke-täk delili – onuň dogany Mahmud Karzaýyň bu bankda ýedi prosent paýynyň bardygy däl. Bu bankyň Hamid Karzaýyň 2009-njy ýylda täzeden prezidentlige saýlanylýan döwründe onuň saýlaw kampaniýasyny millionlarça dollar pul bilen üpjün edenligi aýdylýar.

“The New York Times” gazetiniň 31-nji awgustda ýazmagyna görä, Kabul bankynyň pul transfer kompaniýasy “New Ansari” bilen hem ilteşiginiň bardygy aýdylýar. “New Ansariniň” bolsa syýasatçylaryň, neşe söwdagärleriniň we pitneçileriň milliardlarça dollar puluny Owganystandan bikanun çykarýanlygy güman edilýär. Gazet Kabul bankynyň iň bärsinden 60 million dollary ýurtdan çykarmakda “New Ansari” kompaniýasyndan peýdalanandygyny ýazýar.

Müşderilere zyýan ýetermi?

Kabul banky Owganystanda talyban režimi agdarylandan az salym soň gurlan ilkinji hususy banklaryň biri. Owganystanda ýönekeý adamlaryň arasynda giňden tanalýan bu bankyň 34 welaýatda 68 bölümi bar. Maliýe eksperti, Kabul uniwersitetiniň professory Saýeed Masudyň pikiriçe, Kabul bankynyň çökmegi Owganystanda tutuş bank sistemasyna bolan ynamy dargadar.

“Ýönekeý adamlar özleriniň ejir-azap bilen gazananja puluny, 100 dollar ýa 500 dollar, Kabul bankynda goýdular. Bu olaryň ömür boýy süýşürenje puly. Olaryň muny elden giderere ýagdaýy ýok” diýip, Masud aýdýar.

Banka goýlan pullary Merkezi Bank kepillendirenok. “Owganystanyň banklar we hususy banklar baradaky kanuny boýunça bir bank batsa, halkyň süýşürip goýan puluna kepil geçýän ýok. Bank batsa, ol pullar hem gidýär” diýip, Masud belleýär.

Çarşenbe güni geçen metbugat konferensiýasynda Merkezi Bankyň başlygy Fitrat: “Adamlaryň süýşürip goýan pullaryna zyýan ýetenok” diýdi.

“Men tutuş Owganystanda Kabul bankynyň müşderilerine aýdýaryn, bu habarlara, bu myş-myşlara aladalanman, arkaýyn öz gündelik durmuşyny dowam etdirsinler. Kabul banky Owganystanyň möhüm banklarynyň biri. Merkezi Bank we owgan hökümeti Kabul bankynyň kynçylyga düşmegine ýol bermez” diýip, Firtat aýtdy.
XS
SM
MD
LG