Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-a garşy delilleri öňe sürýär


Nýu-Ýorkda geçýän halkara konferensiýasynda Ahmedinjad ABŞ-ny “gorkyny gural edinýänlikde” aýyplady. Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton bolsa: “Eýranyň atom ýaragly bolmak baradaky arzuw-hyýallary tutuş dünýä howp salýar” diýip, halkara jemgyýetçiligini Tährany bu iş üçin jogapkärçilige çekmäge çagyrdy.


Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky konferensiýasynda eden bu çykyşynda Hillary Klinton Eýrany ýiti tankytlady.

“Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň” aýtmagyna görä, bu maslahata ýygnanan ýurtlaryň arasynda Eýran ýadro howpsuzlygy barada öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeýän ýeke-täk ýurt. Ol Birleşen Milletler guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň we “Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň” çagyryşlaryny äsgermezlik edip, ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky şertnamanyň geljegini howp astyna saldy” diýip, Klinton belledi.

Ahmedinejadyň delilleri…

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad hem Klintondan sanlyja sagat öň şol konferensiýada çykyş edip, dünýäniň atom ýaragly ýurtlaryny ýaragsyzlanmaga, Birleşen Milletler guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň strukturalaryny üýtgetmeklige çagyryş etdi.

“Howpsuzlyk Geňeşiniň häzirki strukturalary adalatsyz hem peýdasyz. Ol şol bir wagtyň özünde-de atom ýaraglary bar ýurtlary goldamak üçin esasy faktor bolup durýar. Birleşen Milletler guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň strukturalaryny reformirläp, atom ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky şertnamany kämilleşdirmek gerek. Bular biri-birinden aýry zatlar däl. Bu işler ýadro agentliginiň maksatlaryny amala aşyrmak üçin zerur” diýip, Ahmedinejad öz çykyşynda nygtady.

Ol Eýranyň atom ýaragyny öndürmäge synanyşýanlygyny inkär edip, atom ýaraglaryny “adamzada garşy gönükdirilen ot” diýip häsiýetlendirdi: “Atom bombasyny edinmek masgaraçylyk, ahlaksyzlyk we utanç. Ony ulanjak diýip haýbat atmak, ony ulanmak ondan hem beter masgaraçylyk”.

“ABŞ gorkyny gural edinýär”

Eýranyň prezidenti Birleşen Ştatlar bilen onuň ýaranlaryny Eýranyň parahatçylykly maksatlar üçin ýadro tehnologiýasyny edinmeginiň öňüni bökdemek maksady bilen, atom ýaraglarynyň ýaýramagy baradaky gorkyny gural edinmekde aýyplady.

“Gynansak-da, Birleşen Ştatlar atom ýaragyny ulandy. Ony ulanjak diýip hem köp ýurtlara, şol sanda, meniň ýurduma-da haýbat atdylar” diýip, Ahmedinejad nygtady.

Eýranyň prezidenti Ysraýyly-da Orta Gündogara atom howpuny salýanlykda aýplady.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton öz gezeginde bu aýyplamalara jogap berip: “Şu gün ir bilen Eýranyň prezidenti Birleşen Ştatlara we bu konferensiýadaky beýleki taraplara bildirýän şol lenji çykan, galp we gazaply aýyplamalaryny gaýtalady. Ýöne bu geň zat däl. Siziň şu gün eşidişiňiz ýaly, Eýran öz tutumyndan ünsi sowup, jogapkärçilikden gaçmak üçin elinde baryny eder” diýdi.
XS
SM
MD
LG