Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Neşä garşy göreş ýarpy däl, doly bolmaly"


Türkmen döwlet serhet gullugynyň baş binasy
Türkmen döwlet serhet gullugynyň baş binasy

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Neşe maddalary boýunça ýyllyk hasabatynyň Türkmenistan bölüminiň başynda şeýle diýilýär: «Türkmenistan Owganystanda öndürilýän neşe maddalaryny gaçak ýollar bilen türk, rus we ýewropa bazarlaryna çykarmaga synanyşýanlaryň dürli ugurlar, şol sanda Eýranyň üsti bilen ýük geçirýän ýoludyr.»

Hasabatda bellenmegine görä, Türkmenistanyň özi köp möçberde neşe öndürýän ýurt däl. Ýöne bu ýurduň Owganystan bilen 744 km, Eýran bilen bolsa 992 km araçägi bar. Bikanun geçirilýän neşe maddalarynyň köp tutulýan ýeri hem serhetler bolup durýar.

Döwlet departamenti Mary türmesindäki syrkawhana işgärleriniň 20-siniň bendilere bikanun neşe satmakda aýyplanmagyny, Daşoguzda uly neşe söwdagäri diýlip bilinýän Rahataý Razzakowanyň tutulmagyny 2009-njy ýylda edilen göze ilerlik iş diýip görkezýär.

Daşoguzly iri neşe söwdagäri Rahataý Razzakowanyň tutulyşy we onuň bikanun neşe söwdasyndan toplan baýlygynyň konfiskasiýa edilişi bilen bagly habar türkmen metbugatynda ile ýetirildi. Döwlet telewideniýesi onuň öz jenaýatyny boýun alyp, günäsiniň geçilmegini soraýan wideoýazgyny hem görkezdi.

Aç-açanlyk az

Emma soň Razzakowanyň türmede gümürtik ýagdaýda ýogalandygy hakynda resmi bolmadyk habarlar çykdy. Düýbi Wenada ýerleşýän «Türkmen inisiatiwasy» topary onuň häkimiýetiň ýokary gatlagyndaky goragçylarynyň üstüniň açylmazlygy üçin öldürilen bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi. Emma resmi Aşgabat bu habara reaksiýa bildirmedi. Häkimiýetler Marydaky türme syrkawhanasynyň işgärleriniň näsag diýilýän tussaglara neşe satyp, tutulyşy barada hem metbugatda habar bermediler.

Döwlet departamentiniň hasabatynda Mary welaýatyndaky türme hassahanasynyň direktorynyň, onuň iki orunbasarynyň, doktorlarynyň we sakçylarynyň, jemi 20 işgäriň bikanun neşe satmakda aýyplanandygyny ýazylýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy ýylyň iýunynda ýurduň Döwlet howpsuzlyk geňeşinde çykyş edip, bikanun neşe dolanyşygyny berk kontrol astyna almak babatda görlen çärelere garamazdan, bu «belanyň» köki-damary bilen köwlenip bilinmändigini aýtdy.

Şeýle-de prezident neşe gaçakçylygyna we neşekeşlige garşy göreş tagallalaryny hem milli, hem halkara derejede güýçlendirmelidigini nygtady. Hasabat türkmen häkimiýetleriniň bu tagallalaryny bellemek bilen prezident Berdimuhamedow neşe bilen tutulan tussaglaryň günäsini geçmegi bes edensoň, ýurt içindäki neşe satyşlygyň azalandygy barada habar berilýändigine, ýöne bu meselede ynamdar statistikanyň ýokdugyna ünsi çekýär.

“Türkmenistan dogry ýolda”

Türkmenistan BMG-niň Neşe maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça 1988-nji ýyldaky Konwensiýasyna gol çeken ýurt. BMG-niň neşe maddalaryna we jenaýatçylyga garşy göreş guramasynyň Aşgabatdaky proýekt ofisiniň başlygy Erjan Saken Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň bu meselede ýoluny düzedene meňzeýändigini aýtdy.

«Türkmenistan dogry ýola, dogry ugra gönügip, BMG-niň gulluklary, şol sanda BMG-niň Neşe maddalaryna we jenaýatçylyga garşy göreş guramasy bilen hyzmatdaşlyk ýoluna düşene çalym edýär» diýip, Saken belleýär. Şeýle-de ol Türkmenistanyň bu meselede goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmelidigine we ol ýerlerdäki tejribäni öwrenmelidigine ünsi çekýär.

Amerikan hasabatynda bellenişine görä, Türkmenistanyň neşe gaçakçylygyna garşy göreş meselesinde halkara guramalary we diplomatik missiýalar bilen çäkli hyzmatdaşlyk etmegi onuň kanun goraýjy gulluklarynyň işiniň serişde we tälim beriş enjamlarynyň ýetmezçiliginden agsamagyna sebäp bolýar. Bu ýagdaý Türkmenistanyň neşe gaçakçylygynyň tranziti üçin esasy ýurtlaryň biri bolup galmagynyň bir sebäbi hökmünde görkezilýär.

Türk, rus, ýewropa bazarlaryna barmaly neşe maddalary Türkmenistana Owganystandan, Eýrandan we Özbegistandan gelýär. Hökümet öz kanun goraýjy güýçleriniň işini Owganystandan gelýän neşe akymyny togtatmaga, hususan-da, Eýran bilen umumy araçägi berkitmäge üns berýär. Bikanun neşe geçirmekde esasan ýük maşynlary we ýolagçylar ulanylýar.

«Türkmenistanyň kanun goraýjylarynyň türkmen-özbek serhetindäki tagallalary neşe gaçakçylygyna garanda, haryt mallarynyň gaçakçylygyna has köp gönükdirilen we bu ýagdaý neşe gaçakçylarynyň ýoluny açýar» diýip, amerikan hasabatynda bellenilýär.

Az aýlyk we köp ygtyýar

Aýdylmagyna görä, Eýrandan Türkmenistana ýylda 60 müňden gowrak ýük maşyny girýär. «Türkmenistandan Azerbeýjana we Orsýete uzaýan gämi gatnawy neşe gaçakçylygy üçin mümkinçilik döretmegi dowam etdirýär» diýip, hasabatda türkmen lideriniň ýurduň Neşe maddalaryna garşy göreş gullugynyň işini gowulandyrmak ugrundaky anyk işleri bellenilip geçilýär.

Resmi statistika görä, türkmen häkimiýetleri geçen ýylyň ilkinji ýarymynda jemi 1009 kilogram bikanun neşe maddasyny tutdular. Emma hasabat Türkmenistanyň kanun goraýjy resmileriniň aýlyklarynyň az, ygtyýarlyklarynyň kän bolmagy korrupsiýa giň ýol açýar diýýär.

Polisiýa işgärleriniň para almagy, serhet geçelgesindäki barlag nokatlarynda kiçi derejeli işgärleriň pul üçin gaçak neşä göz ýummagy, uly hökümet resmileriniň neşe gaçakçylygy bilen ilteşiklidigi baradaky habarlar korrupsiýanyň derejesiniň ýokarydygyny aňladýar.

Awgust aýynda Tejende howa güýçleriniň bir komandiriniň Eýran-türkmen serhedinde aýaly bilen bilelikde ýedi kilo geroin bilen tutulmagy neşe gaçakçylygyna ýokary çinli harbylaryň, serhet gullugynyň resmileriniň hem goşulýandygyny tassyklaýar.

Kanadada ýaşaýan türkmen aktiwisti, öňki wraç Muhammet Düýeji türkmen hökümetiniň soňky döwürde neşe gaçakçylygynyň öňüni almak, Türkmenistanda giň ýaýran neşekeşligi azaltmak ugrunda edilýän aladalaryny gutlaýar. Ýöne ol bu ugurdaky işleriň häzirlikçe ýeterlik däldigini aýdýar.

«Neşä garşy göreş ýarpy däl, doly bolmaly. Birinjiden, işsizligi aýyrmaly, ikinjiden, neşekeşleri doly bejerip, ýurtda neşe maddalaryna islegi azaltmaly, üçünjiden, polisiýa, serhet işgärleriniň aýlyklaryny köpeltmeli, ýogsa bu ugurdaky göreş doly bolmaz.» diýip, Kanadada ýaşaýan türkmen aktiwisti Muhammet Düýeji Azatlyk Radiosyna aýtdy.
XS
SM
MD
LG