Eýran Britaniýada ýerleşýän Oksford Uniwersitetiniň Tähranda geçirilen protestlerde ölen ýaş gyzyň hatyrasyna stipendiýa döretmek baradaky kararyny tankyt etdi.
Mälim bolşuna görä, iýun aýynda Tähranda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda galplyklara ýol berilenligini aýdyp müňlerçe adam köçelere çykypdy.
Olardan biri 27 ýaşyndaky gyz maşgala Neda Aga Soltani bolup, ol 20-nji iýunda şol protestelerden birinde atylyp öldürildi. Onuň jesediniň ýazgysyna millionlarça adam tarapyndan seredildi.
Şol bir wagtyň özünde, Neda Eýranyň oppozisiýasynyň güýçli simwolyna hem öwrüldi.
Eýran bu hili çärä baş goşmakda ady agzalýan uniwersiteti syýasy äheňli hereketlere aralaşýanlykda aýyplady.