Kararda 2009-njy ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda harby gulluk möhletini dolduran esgerleri harby gullukdan boşatmak, 18 ýaşyny dolduran ýigitleri harby gulluga çagyrmak meselesi göz öňünde tutulypdyr.
Soňky döwürde Türkmenistanda harby gulluk meselesine hökümet derejesinde üns berlip başlanyldy. Golaýda resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenko bilen hem harby hyzmatdaşlyk barada gürrüň edilendigi maglumat berlipdi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň prezidenti Hazar deňzinde harby-deňiz bazasyny döretmek barada ideýany-da öňe sürüpdi.Ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynyň birinde Türkmenistanda iň güýçli we kuwwatly ýaragly güýçleriň dörändigini hem nygtapdy.
Türkmenistanly žurnalist Aşyrguly Baýryýew hem prezidentiň aýdanlaryny tassyklap, garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda ýaragly güýçleriň kemala gelendigini aýdýar. «Birnäçe kemçiliklerine garamazdan, häzir Türkmenistanda milli goşunyň dürli ugurlary, dürli görnüşleri bar. Olaryň indi belli bir derejede söweşjeň taýýarlygy-da bar diýse bolar. Onsoňam, biziň öz institutlarymyzda, Turkiýe ýaly ýurtlarda okap, ofiser kadrlary hem ýetişdi. Türkmenistanda serkerdeler hem ýetişdi.»
Türkmen goşunyndaky harby taýýarlyk nähili?
“Bilşiňiz ýaly mundan birnäçe ýyl ozal S.Nyýazow esgerleri oba hojalyk işlerinde ulanmak, edara we kärhanalarda olardan peýdalanmak hakynda görkezme beripdi. Şondan soň esgerler harby taýýarlygy, harby bilimi almagyň deregine edara-kärhanalarda işçi, gurluşykçy bolup işlediler. Garawul, sakçy boldular. Täze prezidentiň gelmegi bilen ol zatlar indi aýryldy.”
Baýryýewiň aýtmagyna görä, şeýle-de bolsa, harby gullukda hemme zat gülala-güllük diýip bolmaýar. “Elbetde, kemçilikler hem bar bu esasan esgerleriň iýmit ýagdaýynyň pesdigi we harby gullukdaky «dedowşina« problemasynyň dowam etmegi” diýip, žurnalist sözüniň üstüni ýetirdi. «Harby gullukdaky iň bir agyr ýagdaý, ol hem «dedowşina».Ýagny, gulluga öň gelen esgerleriň özlerinden soň gelenleri urup-horlamaklary, özlerine derek işletmekleri. Şeýle faktlar bar, şoňa garşy berk göreşilýär».
Aşyrguly Baýryýewiň pikirine görä, türkmen goşunynda ýene-de bir problema bar. «Bu tarapgöýlük ”sen balkanly”, ”men maryly” ýaly meseleler hem ýüze çykyp, birek-biregiň göwnüne degmek, uruş-jenjel turuzmak ýagdaýlary bar diýip, harby gulluk bilen has içgin tanyş adamlar aýdýarlar».
SSSR-iň harby programmasy
Gyrgyzystanly ýaragly güýçleriň öňki polkownigi syýasaty öwreniji Togtagul Kakçekeýewiň sözlerine görä, Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynda harby güýçlere SSSR-iň harby programmasy boýunça tälim-terbiýe berilýär. “Emma SSSR döwründe armiýa iki ýyllykdy. Häzir Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlarynda, hatda Gyrgyzystanda hem harby gulluk bir ýyla getirilipdir”.
Onuň pikirine görä, şonun üçin-de esger agyr ykdysady ýagdaý zerarly doly harby taýýarlyk geçip bilmez. Olar bronotehnikany sürmegi başarmaýarlar, agyr ýaraglardan, raketalardan, artilleriýadan ok atyp bilmeýärler. Olara diňe ýeňil söweş ýaraglary öwredilýär.
Kakçekeýew Türkmenistan SSSR döwründen bäri iň güýçli we kuwwatly armiýa eýe diýip, belleýär. “Sebäbi Türkmenistanyň Owganystan bilen hem Eýran bilen uzyn serhedi bar. Türkmenistana gazdan gelýän girdeji harby güýçlerini pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin-de Türkmenistan Hazarda deňiz flotuny açmaga synanyşýar.”
Aşyrguly Baýryýew harby gullukdaky käbir problemanyň çözgüdini alternatiw gullugyň dikeldilmeginde görýär. «Alternatiw gullugy dikeltmeli. Muny Nyýazow mundan birnäçe ýyl öň ýatyrypdy. Onsoňam harby gulluga alynýan oglanlaryň aňry ýaşy 30-a ýetirildi. Şu meselä-de gaýtadan seretmeli. Professional goşun hakynda kanun bolmaly. Gulluk etmek meýletin bolmaly».
Baýryýewiň sözlerine görä, köp ýurtlarda bolşy ýaly Türkmenistanda hem harby gullugy iki ýyldan bir ýyla getirmeli. Onsoňam bu ulgamda reforma geçirilip, korrupsiýanyň öňi alynsa, türkmen armiýasynyň deňi-taýy bolmaz.