Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan “yslamafobia” döretmekde Günbatary aýyplady


Düýn Özbegistanyň Daşary işler ministri Wladimir Norow Günbatar ýurtlary «yslamofobiýa», ýagny yslam dini bilen bagly gorky döretmek tendensiýasynda aýyplady.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri bilen Brýusselde geçiren gepleşikleriniň yzy bilen eden bu çykyşynda jenap Norow Günbatarda yslam dini bilen baglanyşykly gorkynyň, şeýle hem Aziýa we musulman ýurtlaryna garşy ýakymsyz garaýyşlaryň giň ýaýrandygyny aýtdy.

Öz gezeginde Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Brýusselde geçirilen bu gepleşikleriň yzy bilen Özbegistanyň hökümetini ynsan hukuklary hem-de graždan azatlyklary bilen baglanyşykly ýurtdaky ýagdaýlary gowulandyrmak ugrunda zerur ädimleri ätmeklige çagyryp, ýörite beýanat etdiler.
XS
SM
MD
LG