Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda bilim güni bellenildi


Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

1-nji sentýabrda Türkmenistanda bilim we studentler güni bellenildi. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu sene bilen baglanyşykly mekdep okuwçylaryny, student ýaşlary, mugallymlary we bilim ulgamynyň işgärlerini gutlady.

Berdimuhamedow türkmen halkynyň mydama bilimi ösdürmäge uly üns berip gelendigini we Türkmenistanyň tanymal alymlary bilen özüni dünýä tanadandygyny belläpdir.

“Türkmenistanyň gülläp ösmegi bilen onuň at-abraýy ösýär. Ýurdy has-da ösdürmek üçin, elbetde, ylymly-bilimli ýaşlar gerek. Şonuň üçin-de ýurdumyzyň bilim syýasatynyň maksady bilim pudagyny ösdürmekden, ýaşlary milli prinsipde terbiýelemekden ybarat” diýip, prezident Berdimuhamedow öz gutlagynda belläpdir.

Edilen işler

Eýse, Türkmenistanda bilim pudagyny ösdürmek üçin nähili işler edildi? Türkmen häkimiýetleriniň amala aşyrylaýandygyny tassyklaýan özgerişlerinden ýaşlar nähili peýda gazandylar?

Häzir Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy Ak Muhammet Welsaparyň pikirine görä, Türkmenistanda täze okuw binalary, mekdepler açylsa-da, olar hakynda köp gürrüň edilse-de, pudakdaky soňky işler analiz edilende, bularyň miwesi o diýen begendiriji däl, emma okuwa, bilime näçe köp üns berilse, şonça-da gowy. “Sebäbi ýurtda okuwly-bilimli adamlar näçe köp bolsa, şonça-da şol ýurt tiz ösýär. Adamlaryň maddy durmuşy-da, ruhy durmuşy-da baý bolýar”.

Özbegistanly mugallym Ysraýyl Rizaýew hem soňky döwürde Özbegistanda hem owadan okuw binalarynyň köp gurlup, döwrebap tehniki enjamlar bilen üpjün edilendigini belleyär. «Emma bilim sistemasyndaky korrupsiýa doly ýok edilmese, ýaşlar döwrebap bilim alyp bnilmezler. Mugallymlar okuwçylarynyň eline garap dursalar, işe diňe wagtyny geçirmek üçin gelseler, okuwçylar olardan nähili terbiýe alarlar?» diýip, Rizaýew sorag goýýar.

Ak Muhammet Welsapar bu problemanyň çözgüdini okuw programmalarynyň gowulandyrylmagynda görýär. “Türkmen mekdeplerinde häzire çenli okuw kitaplary, okuw gollanmalary we esbaplary ýetmezçilik edýär. Täze mekdepler sanlyja okuwçylara nesip edýär. Köp okuwçylar entegem köne jaýlarda okaýarlar. Mugallym kadrlary ýetmeýär. Bar mugallymlaryň-da öz işine yhlasy pes. Şol hakda maňa-da hatlar gelýär.»

Rizaýewiň sözlerine görä, dünýäniň ösen ýurtlarynda birinji orunda bilim pudagyny goýýarlar. “Emma Merkezi Aziýada binalaryň daşky görnüşine köprak üns berýärler. “Daşy jäjek, içi möjek” edip täze binalary gurýarlar. Gynansak-da, ýurduň ýaşlaryna hakyky bilim bermek barada ýeterlik alada edilmeýär. Şonuň üçin-de, biziň ýaşlarymyz hem okamaga kän bir göwnemeýärler. Olar hemme zada biperwaý garaýarlar. Bu-da biziň jemgyýetimiziň betbagtçylygydyr! Bilim pudagynda reforma geçirilmeýär diýildigidir. Bu milletiň, jemgyýetiň, ýurduň geljegine palta urmak« diýip, mugallym Rizaýew nygtaýar.

Gyrgyzystanly syýasaty öwreniji Isa Omurkulow täze mekdepleriň gurulmagyna gowy baha berýär. Onuň pikirine görä, täze binalarda döwrüň talabyna laýyk bilim berilmese, ýaşlaryň bilim derejesi talaba laýyk bolmasa, ýaşlar jemgyýetiň ösmegi üçin goşant goşup bilmeseler, ummasyz pul sarp edip, täze bina gurmaga hiç hili zerurlyk ýok.

Okuw jaýlarynyň sany ýeterlikmi?

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda her ýyl orta mekdebi 115 müň çemesi okuwçy tamamlaýar. Şolardan diňe 4000-den gowuragy ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýär.

Şu ýerde “Olaryň galanlary näme etmeli? Olar işsizleriň armiýasynyň üstüni doldurmalymy?” diýen sowal döreýär. Eýse, bu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin näme etmeli?

Ýazyjy Ak Muhammet Welsaparyň pikirine görä, haýal etmän, Türkmenistanda täze ýokary we orta okuw jaýlaryny açmaly. «Bu ýerde 10-20 sany ýokary okuw jaýynyň açylmagyny gazanmaly. Arada men okadym.Türkmenistan Kolumbiýa uniwersitetiniň filialyny açmakçy diýen ýaly maglumat bar eken. Bu dogry pikir. Daşary ýurtlaryň atly ýokary okuw jaýlarynyň filiallary açylsa, dogry bolardy. Sebäbi türkmen ýaşlarynyň okuwa bolan höwesi örän ýokary, ol ýyl-ýyldan hem ýokary galyp barýar”.

Ýazyjy Welsaparyň, häzir ýaşlar Türkmenistanda okuwa girip bilmänsoňlar, daşary ýurtlara okuwa gidýärler, olar okuwyny gutaransoňlar, ýurduna dolanmaýarlar diýip belleýär. ”Eger-de öz ýaşlaryňdan spesialist taýýarlap, olara-da, okuwy tamalansoňlar iş berip bilmeseň, elbetde, ýaşlar daşary ýurtlary höwes ederler. Bu ýaramaz tendensiýa. Ýöne onuň öňüni almak üçin repressiw çäreleri ulanmaly däl” diýip, ýazyjy Ak Muhammet Welsapar nygtaýar.

Edilmeli işler

Özbegistanly Rizaýewiň pikirine görä, bilim pudagyndaky esasy roly mugallym oýnaýar. Eger-de hakykatdan hem bu pudagy ösdürmekçi bolunsa, birinji orunda mugallymlaryň sosial ýagdaýyna üns bermeli. Olara erkinlik bermeli. Olaryň hormatyny ösdürmeli. Ýaşlaryň bilimli bolmagy owadan binalara däl-de, mugallymlara bagly diýip, Rizaýew belledi.

Ak Muhammet Welsaparyň sözlerine görä, bilim pudagy barada duýpli programmany işläp düzmeli. «Bu işe özaldan tejribeli, şu ugurda gymmatly pikirleri bar adamlary, mugallymlary, professorlary çekmeli. Olar bilen geňeşip, döwlet okuw programmasyny işläp düzmeli. Şol programmany-da soňra köpçülikleýin habar serişdeleri arkaly halka ýetirmeli. Halk köpçüliginiň pikirini, belliklerini diňlemeli.”

Ýazyjy Welsapar, gerek bolsa, türkmen ýaşlaryny okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlary çagyrmaly diýip belleýär. ”Türkmenistanda ýaşlara iňlis dilini gowy öwretmeli. Şeýle ýagdaýda olar dünýäniň ösen ýurtlarynyň mugallymlaryndan öwrenip, netije çykaryp, ösüp bilerler”.
XS
SM
MD
LG