Horwatiýanyň Adriatik deňiz kenarynda gurlan giň hem ajaýyp infrastrukturanyň ýurda uly möçberde girdeji getirýändigine türkmen prezidentiniň göz ýetirendigi, onuň reaksiýasyndan belli bolýar. Turizm bu ýurtda köpçülikleýin halkara hadysa öwrülipdir.
Öň beýle däldi
Ýöne bu ýagdaý hemişe häzirkisi ýaly bolup durmandy. Kommunizm zamanynda, Iosif Broz Titonyň Ýugoslawiýa Federasiýasyna baştutanlyk eden ýyllary, bu baý hem gözel ýerler diňe Kompartiýanyň saýlantgy çinownikleriniň hem daşary ýurtly myhmanlaryň dynç alyş bazasydy. Diňe Horwatiýa garaşsyzlyga eýe bolandan soň, Berdimuhamedowy haýran galdyran Adriatik deňiz kenary, hususan-da Uly Briun adasy giň möçberli, hemmelere elýeterli turizm mekanyna öwrüldi. Ýurt daşarky dünýä üçin näçe giň açyldygyça, horwatlara ýurtdan çykmak hem ýurda dolanmak şonça-da ýeňilleşdi. Serhedi geçmek işi näçe ýeňil hem erkin boldugyça, şonça derejede turizm hem ösüp başlady.
Türkmen häkimiýetlerem soňky hepdeler Türkmenistanda turizmi ösdürmek ideýasyny aktiw ösdürýärler. Ol “Awaza” turizm zolagynda täze myhmanhanalaryň açylyşyna bagyşlanan dabaralarda has aýdyň göründi. Ýöne dynç alyş zolagynda diňe myhmanhanalary gurmak turistleri çekmek üçin ýeterlik däl, bu iş üçin has giň hem amatly şertler döretmeli. Türkmenistanlylaryň özleriniň ýurtdan çykmak ýa-da Türkmenistana dolanmak meselesi aşa kyn, çylşyrymly bolup galýan häzirki wagty, daşary ýurtlylary Türkmenistanyň kurortlaryna getirip bolarmy?
Ýugoslawiýada kommunizmiň höküm sürýän döwri, onuň serhet ýagdaýy Türkmenistanyň häzirki düzgünlerine ýakynrakdy. Ýöne ony sowet serhetleri bilen deňeşdirmek mümkin däl, ýöne şol düzgünler ýumşagragam bolsa, ol prinsipde turizmi düwünçekde ýa-da sallançakdaka öldürýär, ýok edýär.
Türkmenistan üçin nä derejede mümkin?
Şu nukdaý nazardan Türkmenistana syn etsek, diktator Nyýazowyň onýyllyklaryň dowamynda berkden-berk ornaşdyran ýapyklyk düzgüni, daşarky dünýä bilen arada dikenli demir diwary ýurdy doly üzňelige, ýapyklyga alyp geldi. Ýurdy dolandyryşy öz ýumrugyna gysmak islän Nyýazowa, tutuş halky bir ýüpe çatmak, ýurdy durşy bilen öz hususy türmesine öwürmek gerekdi. Şonam etdi.
Horwatiýa kommunizm döwrüniň şol ýapyklygyndan nam-nyşan goýman gutuldy, halas boldy. Ol bolsa turistler köpçüliginiň ýurda gelýän akymyny güýçlendirdi. Hut açyk serhet tutuş Ýewropadan ýüzlerçe müň turistiň diňe bir tomus möwsümi däl, ýylyň tutuş dowamynda Horwatiýa gelmegine itergi berýär. Horwatiýany özüne çekiji ýurt edýär. Bu ýurtda dynç alýanlaryň arasynda öňki soýuz respublikalar - Orsýetden, Ukrainadan, Belarusdan, Gazagystandan adamlar bar.
Adriatik deňziniň kenaryndaky Horwatiýanyň ajaýyp kurortlarynda türkmenleriň dynç alyp bilmegi nä derejede mümkin? Meseläniň maliýe tarapy hasaba alynmanda-da, türkmenler beýle eşrete eýe bolup bilermi? Türkmenistanyň 5 million ilatynyň içinden näçe adam Horwatiýa dynç almaga gitmek üçin ýurtdan çykmaga rugsat alyp biler? Türkmenistan turizmi ösdürjek bolsa, iş ýüzünde durmuş sistemasyny üýtgetmeli. Onda-da onuň bir ugruny - türmäni azatlyga öwürmeli, çalşyrmaly.
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.