Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda, Hazar deňziniň türkmen böleginiň, şypahana dynç alşyny we ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini we bu zolagyň giň halkara hyzmatdaşlygy üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açyp, gysga wagtyň içinde Hazaryň türkmen kenaryny hakyky syýahatçylyk merkezine öwürmäge mümkinçilik berjekdigini belläp geçdi. 15-nji Iýunda Hazaryň kenarynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda hem, türkmen lideri bu taslamanyň türkmen ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi.
Eýsem bu taslama häzirki wagtda ýurduň ykdysadyýeti üçin nä derejede bähbitli bolar?
Häzirki wagtda türkmen hökümetiniň syýahatçylyk pudagyna uly maýa goýumlary ýatyrmagyna, tankytçylar global ykdysady krizis döwründe munuň geregi ýok diýip aýtsalar, beýleki tarapdan bu pudagyň ösdürilmegine global ykdysady krizisiň päsgel bolmaly däldigini belleýänler hem bar.
Krizis syýahatçylygy şübhe astyna goýýar
Bolgariýada ýaşaýan ykdysadyýetçi Annadurdy Hajyýew, Türkmenistan üçin edil häzir turizm pudagynyň üstünde durmagyň zerurlygy ýokdugyny aýdyp, muňa sebäp hökmünde bolsa iki faktory öňe sürýär.
Onuň bellemegine görä, munuň biriniji we iň esasy sebäbi, häzirki wagtda dowam edýän global ykdysady krizisdir. Hajyýew, global ykdysady krizis netijesinde hat-da ösen döwletlerde hem ençeme adamlaryň işsiz galandygyny aýdyp, daşary ýurda gezmäge gidýänleriň sanynyň hem ep-esli azalandygyny öňe sürýär. Ikinji sebäp hökmünde bolsa, turizm pudagyna ýatyrylýan maliýe serişdeleriniň, iş orunlaryny döretmek üçin ulanylyp biljekdigini aýdýar.
Syýahatçylyk hem möhüm
Londonda ýerleşýän Westminster Uniwersitetinden turizm, sport we şäher gurlyşy boýunça ençeme ylmy eserleriň awtory Dr. Endrýu Smit bu pikir bilen ylalaşmaýar: “Geçmişe seredip görsek, turizm pudagynyň umumy durgunlyga girendigini görkezýän faktlar ýok. Elbetde ösüşler hem bolýar, häzirki ýagdaýdaky ýaly yza gaýdyşlyklar hem ýüze çykýar. Emma häzirki global ykdysady ýagdaýy, bu pudagyň üzňelikde saklanmagyna sebäp hökmündegörmeýärin. Turizm pudagyna ýatyrylýan maýa goýumlar, belki-de beýleki käbir ykdysady pudaklardan has möhüm bolup durýar” diýip alym Endrýu Smit aýdýar.
Syýahatçylyk we sport ylymlarynyň doktory Endrýu Smit, bu pudaga maýa goýulmagynyň dürli bähbitleriniň bardygyny aýdyp olary şeýle düşündirýär: “Turizmiň ösdürilmeginde esasy umumy bähbit, ýurduň daşyndan içine gelýän maýa goýumlaryň artmagy, şeýle hem şol ýeriň umumy ýagdaýynyň ösdürilmegidir. Häzirki wagtda ençeme ýerler, hat-da Ýakyn gündogar hem syýahatçylyk merkezine öwrülmek isleýär. Sebäbi munuň netijesinde seniň adyň hem halkara arenada tanalýar.”
Erkinlige kömek edip biler
Türkmenistanda häzirki wagtda hereket edýän ýiti syýasy düzgünler, ýurda gelim-gidimleriň artmagyna oňaýsyz täsir edýän bolup bilermi? Turizm ylymlary boýunça doktor Endrýu Smit, bir ýurtda turizmiň ösdürilmegi üçin, şol ýurduň erkinleşdirilmeginiň hem zerurdygyny nygtaýar. “Elbetde syýahatçylyk üçinbelli bir derejede erkinleşme hem gerekli. Ýurda gelýän myhmanlaryň köpelmegi hem-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagy hem, beýleki tarapdan ýurduň erkinleşmegine täsir edýär.Üstünlik gazanmak üçin gapylaryňy hökman açmaly, şeýle hem daşarky gyzyklanmalara has açyk bolmaly”
Hazaryň kenarynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça, türkmen hökümeti tarapyndan bir milliard dollarlyk maýa goýuldy. Şol maliýe serişdesiniň bolsa, degişli ýerde myhmanhanalary, çagalary sagaldyş merkezlerini, dynç alyş seýilgählerini, dilfinarium hem-de uly göwrümdäki akwariumlary, Ahal-teke atçylyk merkezini, halkara ýaryşlaryň geçirilmegi üçin sport desgalaryny, ýahta klublaryny hem-de şuňa meňzeş syýahatçylyk toplumlaryny gurmak üçin ulanyljakdygy habar berilýär.
Turizm boýunça Alym Endrýu Smit, Türkmenistanda planlaşdyrylýan şol proýektler üstünlik gazansa-da gazanmasa-da, iň bolmanda ýurda azda kände syýasy erkinlik getirjekdigini aýdýar.
Eýsem bu taslama häzirki wagtda ýurduň ykdysadyýeti üçin nä derejede bähbitli bolar?
Häzirki wagtda türkmen hökümetiniň syýahatçylyk pudagyna uly maýa goýumlary ýatyrmagyna, tankytçylar global ykdysady krizis döwründe munuň geregi ýok diýip aýtsalar, beýleki tarapdan bu pudagyň ösdürilmegine global ykdysady krizisiň päsgel bolmaly däldigini belleýänler hem bar.
Krizis syýahatçylygy şübhe astyna goýýar
Bolgariýada ýaşaýan ykdysadyýetçi Annadurdy Hajyýew, Türkmenistan üçin edil häzir turizm pudagynyň üstünde durmagyň zerurlygy ýokdugyny aýdyp, muňa sebäp hökmünde bolsa iki faktory öňe sürýär.
Onuň bellemegine görä, munuň biriniji we iň esasy sebäbi, häzirki wagtda dowam edýän global ykdysady krizisdir. Hajyýew, global ykdysady krizis netijesinde hat-da ösen döwletlerde hem ençeme adamlaryň işsiz galandygyny aýdyp, daşary ýurda gezmäge gidýänleriň sanynyň hem ep-esli azalandygyny öňe sürýär. Ikinji sebäp hökmünde bolsa, turizm pudagyna ýatyrylýan maliýe serişdeleriniň, iş orunlaryny döretmek üçin ulanylyp biljekdigini aýdýar.
Syýahatçylyk hem möhüm
Londonda ýerleşýän Westminster Uniwersitetinden turizm, sport we şäher gurlyşy boýunça ençeme ylmy eserleriň awtory Dr. Endrýu Smit bu pikir bilen ylalaşmaýar: “Geçmişe seredip görsek, turizm pudagynyň umumy durgunlyga girendigini görkezýän faktlar ýok. Elbetde ösüşler hem bolýar, häzirki ýagdaýdaky ýaly yza gaýdyşlyklar hem ýüze çykýar. Emma häzirki global ykdysady ýagdaýy, bu pudagyň üzňelikde saklanmagyna sebäp hökmünde
Syýahatçylyk üçin belli bir derejede erkinleşme hem gerekli.
Syýahatçylyk we sport ylymlarynyň doktory Endrýu Smit, bu pudaga maýa goýulmagynyň dürli bähbitleriniň bardygyny aýdyp olary şeýle düşündirýär: “Turizmiň ösdürilmeginde esasy umumy bähbit, ýurduň daşyndan içine gelýän maýa goýumlaryň artmagy, şeýle hem şol ýeriň umumy ýagdaýynyň ösdürilmegidir. Häzirki wagtda ençeme ýerler, hat-da Ýakyn gündogar hem syýahatçylyk merkezine öwrülmek isleýär. Sebäbi munuň netijesinde seniň adyň hem halkara arenada tanalýar.”
Erkinlige kömek edip biler
Türkmenistanda häzirki wagtda hereket edýän ýiti syýasy düzgünler, ýurda gelim-gidimleriň artmagyna oňaýsyz täsir edýän bolup bilermi? Turizm ylymlary boýunça doktor Endrýu Smit, bir ýurtda turizmiň ösdürilmegi üçin, şol ýurduň erkinleşdirilmeginiň hem zerurdygyny nygtaýar. “Elbetde syýahatçylyk üçin
Üstünlik gazanmak üçin gapylaryňy hökman açmaly, şeýle hem daşarky gyzyklanmalara has açyk bolmaly.