Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2022-nji ýyldaky tolgunyşyklarda 4 ýaşly çagany öldüren erkege 7 ýyl berildi


Arman Žuman
Arman Žuman

2022-nji ýylyň ýanwarynda Gazagystanda bolan ganly bidüzgünçilikler mahalynda öldürilen 4 ýaşly gyzjagazyň ölümi bilen baglanyşykly ýokary derejeli kazyýet işinde aýyplanýan erkek ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Astananyň harby kazyýeti 28-nji martda Arman Žumanyň noýabrda çykarylan aklanyş hökümini ýatyrdy we, ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda günäkär tapylanyndan soň, oňa ýedi ýyl türme tussaglygy hökümini çykardy.

Aýkörkem Meldekhan Merkezi Aziýa ýurdunyň iň uly şäheri Almatyda, 2022-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda öz maşgala agzalary bilen azyk dükanyna barýarka, awtoulagyň içinde oturan ýerinde, kazyýetiň gelen netijesine görä, harby işgäriň atan okundan öldi.

Maşgalanyň ulagyna azyndan 20 ok atyldy, bu hadysada Aýkörkemiň 15 ýaşly aýal dogany hem ýaralandy.

Žumanyň aklawçysy Oksana Musohranowa kazyýetiň kararyndan şikaýat ediljekdigini aýtdy.

Aýkörkemiň kakasy Aýdos Meldekhan kazyýetiň kararyndan kanagatlanmaýandygyny aýtdy we aýyplamanyň ygtyýarlykdan hyýanatçylykly peýdalanmakdan kämillik ýaşyna ýetmedik adamy öldürmek we adam öldürmek synanyşygy diýlip üýtgedilmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG