Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda ýokanç keselli aýal-gyzlara howuzlarda suwa düşmek gadagan edilýär


Türkmenistandaky myhmanhanalaryň birinde ýerleşýän howuz (Arhiw suraty)
Türkmenistandaky myhmanhanalaryň birinde ýerleşýän howuz (Arhiw suraty)

Balkan welaýatynda geçen ýyl aýal-gyzlarda geçirilen mejbury medisina barlaglarynda ýokanç keselleriniň bardygy anyklanan zenanlara sebitiň howuzlarynda suwa düşmek gadagan edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Şu günlerde howanyň gyzmagy netijesinde, sebitiň howuzlaryna suwa düşmäge barýan adamlaryň sany artdy. Ýöne howuzlara suwa düşmäge barýan aýal-gyzlar täze talap bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Ýokanç keselleriniň bardygy anyklanan zenanlar howza goýberilmeýändiklerini bilip galýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly zenan anonim şertde gürrüň berdi.

Döwlete degişli howuzlaryň girelgelerindäki jogapkär işgärler 18-60 ýaş aralygyndaky aýal-gyzlardan geçen ýyl tabşyran saglyk barlaglarynyň netijelerini görkezmegi talap edýärler.

“Olar aýal-gyzlara bu saglyk barlaglarynyň netijelerini özleriniň maşgala lukmanlaryndan almalydyklaryny aýdýarlar. Eger barlaglarda aýal-gyzlarda ýokanç keselleriň bardygy anyklanan bolsa, onda jogapkär işgärler olary basseýnde suwa düşmäge goýbermeýärler” diýip, balkanly zenan belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, işgärler welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň buýrugyny görkezip, gadagançylygyň sebäbini bu aýal-gyzlaryň beýleki raýatlaryň, şol sanda çagalaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigi bilen düşündirýärler.

Ýatlatsak, geçen ýylyň tomus paslynda Türkmenistanda häkimiýetler ýurduň aýal-gyzlarynda uçdantutma diýen ýaly mejbury medisina barlaglaryny geçirdi. Habarçylarymyz birnäçe aý dowam eden barlaglaryň çäginde aýal-gyzlardan gan-mazok alnyp, mamografiýa we ýatgyda ultra ses barlaglarynyň geçirilendigini aýdypdylar.

Şonda ýerli lukmanlar hökümet meýilnamasyna salgylanyp, barlaglaryň geçirilmegine Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň ähli görnüşleriniň aşa köpelmeginiň sebäp bolýandygyny aýdypdylar.

“Barlaglarda ýokanç keseliniň bardygy anyklanan balkanly zenanlara häzir welaýatyň şypahanalarynda saglygyny dikeltmäge hem rugsat berilmeýär. Sebäbi welaýat Saglygy goraýyş müdirligi saglyk işgärlerine bu aýal-gyzlara ýollanma ýazmagy, bermegi gadagan etdi” diýip, ýagdaýlardan habarly sebitiň saglyk pudagyndaky ygtybarly çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýat Saglygy goraýyş müdirliginden resmi teswir alyp bilmedi. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi websaýtynda hem hiç hili maglumat göze ilmeýär.

Bu aralykda, habarçymyz sebitde ýokanç keselleriniň bardygy anyklanan aýal-gyzlaryň sanyny we olarda anyk nähilu keselleriň üstüniň açylandygyny häzirlikçe anyklap bilmändigini hem aýdýar.

Ýöne ol täze çäklendirmäniň netijesinde, ýokanç keseliniň bardygy anyklanan zenanlaryň sebitiň tas ähli howuzlaryna girmekden mahrum boljakdygyny belleýär. Ol munuň sebäbini welaýatdaky howuzlaryň tas ählisiniň döwlet eýeçiliginde durýandygy bilen düşündirýär.

“Bularyň arasynda Türkmenbaşy şäherindäki sport toplumynyň, Balkanabat şäherindäki futbol stadionynyň we suw sporty ýapyk binasynyň howuzlary, şeýle-de, Awaza şypahanasynyň, Gämi, Şamekan, Bagtyýar, Türkmenbaşy we Çarlak myhmanhanalarynyň howuzlary bar. Bir sagadyna 25-100 manat aralygynda töläp, bu howuzlardan peýdalanyp bolýar” diýip, habarçymyz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalan howuzlaryň jogapkär resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG