Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi. Aşgabat bilen London birek-birege näme teklip edip bilerler?


Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron 24-nji aprelde, Aşgabatdaky haly muzeýinde boldy.
Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron 24-nji aprelde, Aşgabatdaky haly muzeýinde boldy.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Kameron Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäklerinde, 23-nji aprelde Aşgabada geldi. Bu Britaniýanyň daşary işler ministrliginiň baştutanynyň soňky 27 ýylda, Merkezi Aziýa ilkinji saparydyr. Ekspertler Britaniýanyň öňki premýer-ministri bolan Kameronyň saparynyň, Londonyň tutuş Merkezi Aziýa syýasaty barada, ünsüniň has artýandygyny aýtmak bilen ýöne Aşgabada, umuman, köp zat teklip edip bilmez diýip hasaplaýarlar.

Türkmenistanyň döwlet metbugatyna görä, prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji aprelde britan ministrini kabul etdi. Duşuşykda taraplar halkara howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi ýaly meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini ara alyp maslahatlaşdy

Şeýle-de, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Britaniýanyň delegasiýasynyň agzalary bilen birnäçe dokumente, meselem, daşky gurşawy goramak baradaky memoranduma gol çekilendigi hakda habar berdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Gyrgyzystana saparynyň çäginde, Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren interwýusynda, Merkezi Aziýa saparynyň maksadynyň öz ýurdunyň sebitde bäsleşige ornuny beýan etmekden ybaratdygyny aýtdy.

«Meniň pikirimçe, biziň gün tertibimizde birnäçe möhüm temalar durýar. Men şony aýtmak isleýärin. Elbetde, bu sebit üçin, dünýäniň bäsleşigi ýokary. Esasy uly döwletler bu sebit ugrunda göreşýärler we haýsy ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmelidigini-de olara ündemäge çalyşýarlar. Biz olaryň birini ýa-da beýlekisini saýla diýmeýäris. Biz beýleki hyzmatdaşlary ret etmeli diýmeýäris. Biz özümiziň siziň bilen bilelikde üstünlik gazanyp boljak umumy bähbitler ugrunda işleşmäge isleg bildirýän täze hyzmatdaş bolýandygymyzy beýan edýäris» diýip, Kameron aýtdy.

Onuň sözüne görä, "Merkezi Aziýa iň uly kynçylyklaryň käbiriniň merkezinde durýar" we Beýik Britaniýa bu kynçylyklaryň çözülmegine işjeň gatnaşmak isleýär hem-de şol sanda sebitde "Britaniýanyň bähbitlerini goramagy we öňe sürmegi" nazarda tutýar.

Britaniýanyň ýokary wezipeli hökümet işgäri tarapyndan uzak wagtdan soň, Merkezi Aziýa ilkinji sapar edilmeginiň uly syýasy ähmiýeti bar. Şeýle-de bolsa, bu simwoliki häsiýete eýe bolup, geosyýasy wakalar nukdaýnazaryndan, sebitde bolup geçýän proseslere Britaniýanyň global oýunçynyň gyzyklanmasyny görkezmek üçin niýetlenen diýip, Glasgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski hasap edýär.

«Bu sapar Günbataryň Merkezi Aziýa sebiti üçin, öňki özüne çekijiliginiň ýok wagtynda amala aşýar. Şu nukdaýnazardan şeýle derejedäki Günbatar liderleriniň sebite gelmegi 1990-njy ýyllarda bolup geçen gatnaşyklaryň täzelenmegi üçin, uly ähmiýete eýedir. Gynansak-da, 1990-njy ýyllardaky ýagdaýdan tapawutlylykda, häzir Günbatar liderleriniň adam hukuklary we demokratiýa meselelerini orta atmaga öňküler ýaly ýeterlik esaslary ýok. Başgaça aýdylanda, häzirki ýagdaýlarda, meselem, adam hukuklary meselelerine çendenaşa köp basyş edilse, bu, elbetde, ýurtlaryň hökümetlerini hyzmatdaşlykdan sowaşdyrar we olaryň Russiýa tarap öwrülmegine getirip biler. Şoňa görä-de, Kameronyň saparyna tutuş Ýewraziýada bolup geçýän wakalaryň durumyndan, ýagny aýratynlykda, Russiýanyň Ukraina çozup girmegi bilen baglylykda seretmeli. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Russiýa bilen gatnaşyklary birmeňzeş däl, sebit ýolbaşçylarynyň islegine baglylykda, ýakynlaşyp ýa-da belli bir aralygy saklap bilýärler» diýip, Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen aýdýar.

Glasgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski häzirki tapgyrda, Aşgabat bilen London birek-birege köp zat teklip edip bilmezler diýip hasaplaýar.
Glasgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski häzirki tapgyrda, Aşgabat bilen London birek-birege köp zat teklip edip bilmezler diýip hasaplaýar.

24-nji aprelde Dewid Kameron özüniň Merkezi Aziýa saparynyň esasy maksatlary barada, Gazagystanyň "Wlast" neşirinde, giňişleýin makala çap etdi. "Biz Beýik Britaniýa bilen Merkezi Aziýanyň gatnaşyklaryny täze derejelere çykarmaly" atly makalada, Britaniýanyň Daşary işler ministri öz ýurdunyň sebitiň ýurtlaryna hödürläp biljek ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini sanap geçýär. Türkmenistan barada aýdylanda, britaniýaly ministr "Türkmenistan Airlines" uçarlarynyň hepdede birnäçe gezek Londona uçýandygyny ýatlady.

Luka Ançeski Aşgabat bilen Londonyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bu tapgyrynda, taraplar birek-birege ykdysady ýa-da syýasy hyzmatdaşlyk ugrundan, azyndan birnäçe anyk mümkinçilikleri hödürläp bilmese gerek diýip hasaplaýar.

«Eger onuň Gyrgyzystana saparynyň programmasyna ýa-da Daşary işler ministriniň Gazagystanyň "Wlast" neşirinde ýazanlaryna seretsek, ol ýurtlar bilen taraplaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýeterlik derejede aýadyň. Ol ýerde halkara kanunçylygy goldamak, ykdysady hyzmatdaşlyk, adam hukuklary babatda pikir alyşmak ýaly temalar bar. Türkmenistan babatynda bu temalardan sowa geçilmegi ähtimalydyr. Hususan-da, Türkmenistanda Britan energiýa kompaniýalarynyň gönüden-göni ýokdugy sebäpli, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça haýsydyr bir gepleşige taýýar däldigi äşgär» diýip, ekspert aýdýar.

Beýleki tarapdan bolsa, hökümedi dolandyrýan türkmen maşgalasynyň içerdäkiler üçin, öz ähmiýetini artdyrmakda, ýene bir mümkinçilik hökmünde, Kameron ýaly syýasatçynyň saparyndan peýdalanmagy mümkin diýip, bilermen sözüni dowam edýär.

«Ol diňe bir möhüm ýurduň daşary işler ministri bolman, eýsem onuň öňki premýer-ministri hem. Ol, Kameron, dünýä arenasynda örän belli şahsyýetdir. Elbetde, öz häkimiýetiňi artdyrmak üçin, onuň bilen surata düşmäge gowy mümkinçilik döreýär. Ýöne mesele Türkmenistanyň nämäni hödür edip biljek zadynda. Mysal üçin, Beýik Britaniýa Merkezi Aziýadan bolanlara oba hojalygy bilen baglanyşykly möwsümleýin işlemäge gidýänlere wizalary ýönekeýleşdirilen görnüşde bermekligi göz öňünde tutýar. Ýöne Türkmenistan babatynda, bu beýle bir ähmiýetli däl. Sebäbi ýurduň häkimiýetleri graždanlaryň ýurtdan çykmak mümkinçiliklerini berk çäklendirýär. Şoňa görä-de, bu saparyň esasy netijesi Berdimuhamedowlar bilen bilelikde, surata düşmek mümkinçiligi bolmagy mümkin» diýip, Glasgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG