Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Ukraina ýardam bukjasyna gol çeker


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ prezidenti Jo Baýden uzaga çeken harby ýardam bukjasy boýunça kanuna gol çekjekdigini aýdýar. Bu kanun taslamasy 23-nji aprelde Senat tarapyndan makullandy. Prezidentiň tassyklamagy bilen, ABŞ-nyň harby ýardamlarynyň Ukraina iberilip başlanmagynyň öňi açylýar.

“Men bu kanun ertir meniň stoluma gelip gowşan badyna oňa gol çekerin we amerikan halkyna ýüzlenme bilen çykyş ederin, şeýlelikde biz Ukraina şu hepde ýaraglary we enjamlary ibermäge başlap bileris” diýip, Baýdeniň beýanatynda aýdylýar.

Wekiller palatasy birnäçe aýlap dowam eden çekişmelerden soňra bu kanun taslamasyny 20-nji aprelde kabul etdi. Munuň yz ýany, ABŞ senaty kanun namasyny aňsatlyk bilen makullady. Senat Ukrainanyň söweşýän harbylaryna örän zerur bolan ýardamlary öz içine alýan kanun taslamasynyň peýdasyna 79-18 ses berdi.

“Bu agşam, Senatdaky ikipartiýaly köplük öwrüm pursatynda taryhyň talabyna jogap bermek üçin, Wekiller öýüne goşuldy” diýip, Baýdeniň beýanatynda aýdylýar.

Kanun taslamasynyň biri Ukraina 61 milliard dollar möçberinde, ikinjisi Ysraýyla 26 milliard dollar möçberinde we üçünjisi Hindi-Ýuwaş umman sebitinde “kommunist Hytaýa garşy durmak” maksady bilen, 8,12 milliard dollar möçberinde maliýe serişdelerini göz öňünde tutýar. Dördünji kanun taslamasy TikTok sosial media goşundysynyň gadagan edilmek mümkinçiligini, ele salnan rus aktiwleriniň Ukraina geçirilmegini we Eýrana garşy täze sanksiýalary öz içine alýar.

Senatyň köplük lideri Çak Şumer (demokrat, Nýu-Ýork) maslahatlaşmalaryň dowamynda öz kärdeşlerini kanun namasyny makullamaga çagyrdy. Kiýew, esasan ABŞ ýardamlarynyň gijikmegi netijesinde emele gelen ýarag we ok-däri ýetmezçiliginiň arasynda, öz territoriýasyny saklap galmakda kynçylyk çekýär.

“Bu taryhda öwrüm pursatydyr. Günbatar demokratiýasy Sowuk söweşiň tamamlanmagyndan bäri, megerem, özüniň iň agyr wehimi bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, Şumer aýtdy.

Şumer Ukraina ýardamlarynyň makullanmagynyň yz ýany geçiren metbugat ýygnagynda, bu kanunçylygyň “amerikan howpsuzlygyny we Günbatar demokratiýasynyň howpsuzlygyny goramak ugrunda uzak wagt möhletiniň dowamynda Kongresde makullanan iň möhüm çäreleriň biri bolandygyny” aýtdy.

Kanun taslamasyna garşy çykýan “ýok” sesleriniň aglabasy öňki prezident Donald Tramp bilen ýaranlyk edýän respublikanlardan geldi. Respublikanlar özleriniň kanun taslamasyna garşylygyny, belli bir derejede, onuň ABŞ howpsuzlyk meselelerini, hususan-da ABŞ-Meksika serhediniň pugtalandyrylmagyny öz içine almazlygy bilen düşündirdiler.

Bukja howa goranyş ok-därilerini we köp mukdarda artilleriýa ibermelerini, şeýle-de sowutly ulaglary we beýleki ýaraglary öz içine alýar. ABŞ resmileri käbir ýaraglaryň fronta tiz wagtda gowşuryljakdygyny aýdýarlar.

Şumer özüniň 23-nji aprelde giçlik ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskä, “Bizlik iş bitdi. Baryň, indi, uruşda ýeňiji boluň!” diýip, habar iberendigini aýtdy.

Baýden ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen 22-nji aprelde geçiren telefon söhbetdeşliginde Ukrainanyň gyssagly söweş meýdany we goranyş zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, Waşingtonyň täze howpsuzlyk ýardamlaryny gysga wagtyň içinde üpjün etjekdigini wada berdi.

“Men Birleşen Ştatlaryň Senatyna şu gün Ukraina üçin möhüm ýardamlaryň makullanylmagy sebäpli minnetdardyryn” diýip, ukrain lideri öňki Twitter, X platformasynda paýlaşan postunda aýtdy.

ABŞ-dan we Ukrainanyň beýleki ýaranlaryndan ýaraglaryň täze tolkunynyň gelip gowuşmagyna garaşylýan mahaly, Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu öz güýçleriniň Ukrainada howa bombalamalaryny giňeldip, Günbatar tarapyndan üpjün edilen ýaraglaryň saklanýan ammarlaryny hem nyşana aljakdygyny aýtdy.

Russiýanyň ukrain şäherlerine uran agyr raketa we dron zarbalary köp sanly adam pidalaryna getirdi we ýurduň onsuz hem iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän uruşda ejir çekýän energetika infrastrukturasyna uly zyýan ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG