23-nji dekabrda Belgradda guralan anti-hökümet ýörişine müňlerçe serbiýaly goşuldy. Protestler tapgyr üçünji hepde dowam edýär. Olara 23-nji noýabrda Serbiýanyň oppozisiýadaky partiýa lideri Borko Stefanowiçe garşy guralan hüjüm sebäp boldy.
Belgradda 8-nji dekabr agşamy guralan anti-hökümet ýörişe müňlerçe adam goşuldy. Bu ýöriş Serbiýa üçin ýaranlykda durýan oppozision koalisiýa tarapyndan, 23-nji noýabrda Serbiýanyň çepçi partiýasynyň lideri Borko Stefanowiçe garşy guralan hüjüme protest hökmünde gurlady.
Döwlet TW-si Tähranda we Maşatda ýokary ruhany lider Aýatolla Ali Hameneýini goldaýan şygarlary göterip barýan demonstrasiýaçylary görkezdi. Bu ýygnanyşyklarda 2009-njy ýylda, dawaly prezident saýlawlaryndan soň bolan we ýurdy çaýkan gozgalaňlaryň soňlanmagy bellenilýär. (Reuters/IRINN)
Şu gün: Makedoniýanyň Gresiýa bilen serhediniň golaýyndaky Gewgeliýa bosgunlar merkezinde ýüzlerçe migrant azyk, egin-eşik we medisina serişdelerini almak üçin nobata durdy we günüň beýleki täzelikleri.
Şu gün: Gyrgyzystanyň Oş şäherinde müňden gowrak zenan ekstremizme garşy göreşmek barada geçirilen konferensiýa gatnaşmak üçin teatrda jemlendi we günüň beýleki täzelikleri.
Şu gün: Owganystanyň paýtagtynyň merkezinde parlament binasynyň we polisiýa edarasynyň golaýynda bolan güýçli partlamada azyndan 10 adam wepat boldy we günüň beýleki täzelikleri.
Şu gün: Montenegronyň premýer-ministri Milo Djukanowiç öz ýurdunyň NATO-nyň harby bileleşigine goşulmagy üçin edilen çakylyk barada ynam sesini almagy başardy we günüň beýleki täzelikleri.
Şu gün: Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Peşawar şäherinde ýaşulular geňeşi geçirilip, oňa gatnaşýanlar federal dolandyryşdaky tire-taýpalar sebitinde ýaşaýan 15 million çemesi adama kanuny hukuklaryň doly berilmegini talap etdiler.
Şu gün: Pakistanly kriketçi Şahid Afridi Peşawardaky harby mekdebe bardy; Gyrgyz paýtagty Bişkekde hytaý film festiwaly başlandy.
Şu gün: Pakistanyň Baça Han adyndaky uniwersitetiniň gaýtadan açylyş dabarasy berk gözegçilik çäreleri astynda amala aşyryldy we günüň beýleki täzelikleri.
Şu gün: Pakistanda onlarça adam ýurduň Baça Han adyndaky uniwersitetine edilen hüjümi ýazgaryp, gijeki ýörişi geçirdiler; Moldowanyň paýtagty Kişinewde müňlerçe protestçi wagtyndan öň saýlawlaryň geçirilmegini talap edip, yzly-yzyna üçünji güni köçelere çykdy we günüň beýleki täzelikleri.
Şu gün: Pakistanda ýüzlerçe student mundan bir gün ozal uniwersitete edilen ýowuz hüjümi ýazgaryp, Bannu şäherinde ýöriş geçirdi we günüň beýleki täzelikleri.
Ýene-de ýükle