Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Hytaýa iberýän gazyny iki esse artdyrýar, bu türkmen-hytaý energiýa söwdasyna täsir edermi?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gazagystan Hytaýa iberýän tebigy gazynyň göwrümini 2019-njy ýylda iki esse ýokarlandyrýar. Ýurduň KazTransGaz kärhanasy bilen Hytaýyň “PetroChina International” kompaniýasynyň arasynda 12-nji oktýabrda gol çekilen ylalaşyga görä, Gazagystan Hytaýa akdyrýan gazynyň möçberini 2019-nji ýyldan başlap 10 milliard kub metre çykarar. Bu ylalaşygyň möhleti 5 ýyldyr.

Mundan ozal, Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen, Gazagystan Hytaýa ýylda 5 milliard kub metr gaz iberýärdi.

Agzalýan geçirijiniň uzynlygy 1833 kilometre deň bolup, onuň üsti bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň mawy ýangyjy Hytaýa iberilýär.

Eýsem, Hytaýyň Gazagystandan satyn alýan gazynyň göwrümini iki esse artdyrmagy onuň türkmen gazyna bolan talabyna täsir edermi?

Nebit-gaz meseleleri boýunça halkara energiýa bilermeni Jon Roberts Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ýygjamlaşýan gazak-hytaý energiýa gatnaşyklarynyň türkmen-hytaý gaz söwdasyna gönümel täsir etmejekdigini aýtdy.

“Bu ýagdaý türkmen eksportyna gönüden-göni täsir etmez. Sebäbi, eger-de Hytaý [Türkmenistandan] alýan gazynyň göwrümini artdyrmak islese, gaz geçiriji ulgamlarynyň kuwwatlylygy has köp türkmen gazyny akdyrmaga mümkinçilik döredýär” diýip, Roberts aýtdy.

“British Petroleumyň” (BP) maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2017-nji ýylyň dowamynda Hytaýa 31.7 milliard kub metr gaz iberdi.

Roberts Hytaýyň türkmen gaz känlerindäki önümçiliginiň häzirki depgini bilen bagly meseleler boýunça gürrüňe dowam etdi.

“Problema şunda, ýagny, biz Hytaýyň Türkmenistandaky önümçiliginiň depgininiň garaşylýan depginde ýokarlanmaýandygyny görýäris. Biz hakykatdanam Türkmenistanyň Galkynyş we Bagtyýarlyk gaz ýataklarynda Hytaýyň önümçiligi nä derejede çalt ösdürýändigini bilip bilmeýäris” diýip, bilermen belledi.

“Bagtyýarlyk” tebigy gaz käni Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşýär. 2007-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistan Hytaýyň Milli nebit korporasiýasyna (CNPC) “Bagtyýarlyk” gaz ýatagyny 30 ýyl möhlete çenli özleşdirmek boýunça rugsat berdi.

Hytaýyň CNPC korporasiýasy Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Galkynyş” gaz ýatagyny 2009-njy ýylyň dekabr aýyndan bäri özleşdirýär.

Türkmenistan gaz eksportynda soňky ýyllarda diňe Hytaýa garaşly galdy. Muňa garamazdan, Türkmenistan Hytaýa akdyrýan gazynyň mukdaryny, mümkinçilik bolanda, has-da artdyryp, oňa garaşlylygyny has berkitmäge isleg bildirermi?

“Elbetde, isleg bildirerdi, ýöne Türkmenistandan Hytaýa akdyrylýan gazyň göwrümi boýunça gözegçilik Hytaýyň elindedir diýip, pikir edýärin” diýip, Roberts aýtdy.

Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň wekilleri sentýabryň ortalarynda Özbegistanyň “Uzbekneftegaz” kompaniýasy bilen Daşkentde duşuşyk geçirip, Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasy arkaly 2019-njy ýylyň dowamynda özbek gazyny akdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahat etdi.

Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçiriji ulgamlarynyň dördünji şahasynyň gurluşygy heniz tamamlanmady.

Häzirki wagtda bu ulgamlarda “A”, “B”, we “Ç” ýaly üç ugur arkaly gas iberilýär.

Galyberse-de, awgust aýynda Hytaýyň Pakistanyň üstünden Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisine birikmek ähtimallygy barada habarlar peýda boldy.

BP-niň maglumatlaryna görä, Türkmenistan dünýäniň tebigy gaz ýangyç gorunyň 10 göterimine eýedir.

XS
SM
MD
LG