Türkmen MHM-siniň başlygynyň hasabaty onuň ýolbaşçylyk edýän edarasynyň hakykatda nähili işler bilen meşgullanýandygyny aýan etdi.
ŞHG-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada edilen teklipleriň biri Türkmenistan bilen berk baglanyşykly.
Häzir Germaniýada şeýle bir ýiti diskussiýa başlandy, bu jedel belli bir derejede Türkmenistan bilen hem baglanyşykly diýse bolar.
Her näme diýilse-de, Türkmenistanda iň bolmanda mahal-mahal «açyk gapylar» syýasaty ýörite döwlet süzgüjinden geçirilýär.
Eger Türkmenistanyň soňky hökümet maslahatynyň maglumatlaryna syn edilse, ýurduň yzygiderli ägirt uly üstünlikler gazanýandygyna ynanmak mümkin.
IIM-niň işgärleriniň güni mynasybetli geçen hepde Türkmenistanyň prezidenti hem IIM-niň ýolbaşçylary birek-biregi gutladylar.
Fransiýanyň DIM-niň ýanyndaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Fransua Zimere Türkmenistanda boldy. Onuň Türkmenistana gelmegi resmi propagandanyň tassyklamalary bilen bu ýurtdaky real ýagdaýyň arasynda ullakan gorpuň bardygyny ýene bir gezek görkezdi.
Türkmen mekdeplerinde soňky jaň ýaňlandy, ol şu ýyl mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň durmuşynda iň aladaly pursat boldy. Ol ozaly bilen onlarça müň oglan-gyza ýakyn geljekde nämeler garaşýar diýen sorag bilen bagly.
Türkmen propagandasy häkimiýetleriň hereketlerini aklaýan, düşündirýän düýpli bir kesgitelmäni ýene bir gezek açyklaşdyrdy. Şol kesgitlemäni Ýaşulular geňeşinde prezident G.Berdimuhamedow yglan etdi.
Türkmen jemgyýetçiligi täze Jenaýat kodeksi bilen tanyşmak mümkiniçligini aldy. Elbetde, graždanlaryň aglaba bölegini gyzyklandyrjak zat – prezident tarapyndan berlen sözleriň durmuşda amala aşmagyna täze kanunyň näderejede bap geljegidir.
18-nji maýda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymgylynyň şygyrýet güni bilen bagly prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlaryna ýüzlendi.
Bu gezekki Ýaşulular maslahaty Türkmenbaşynyň öz şahsy duşmanlary hökmünde garan we iň bir rehimsiz hökümler bilen jeza beren adamlaryny halas ediji forum hökmünde taryha ýazylmady. Bu baradaky umytlar ýerliksiz bolup çykdy.
Prezident Berdimuhamedow wagtal-wagtal hökümetiň liberal reformalary taýýarlaýandygyny, basym zerur kanunlaryň kabul ediljekdigini wada berýär. Emma bu gün jemgyýetde şol planlaryň açyk maslahaty ýok.
Meşhur türkmen opera aýdymçysy Maýa Kulyýewanyň 90 ýaşynyň dabaraly bellenmegi opera sungatyna gadyr-gymmat goýýan köp adamlary gussaly oýlara batyrdy. Şol oýlar ozaly Türkmenistanyň opera sungatynyň başyna getirilen hupbatlar bilen bagly.
“Galkan-2010” at bilen geçirilen harby-taktiki okuwlar baradaky habar Golliwudyň harby blokbasterini ýada saldy. Onýyllyklaryň dowamynda gorky duýgusy berk ornaşansoň, türkmenleriň durmuş barada nähili oýlanýandyklaryny bilmek asla mümkinem däl.
Geçen hepde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu ýurduň ýokary derejeli çinownikleri bilen “Daýmler AG” awtomobil konserniniň korrupsion söwdasy barasynda Birleşen Ştatlaryň Adalat ministrliginiň çap eden maglumatlaryny inkär etdi.
G.Berdimuhamedowyň Hytaýa edýän saparyna diňe bir Aşgabat bilen Pekinde däl, dünýäniň beýleki uly paýtagtlarynda, ylaýta-da, Moskwada, Tähranda we Waşingtonda-da üns bilen syn ediljekdigi öz-özünden düşnükli. Näme üçin?
Ýeňiş baýramynyň toýlanmagyna sanlyja gün galdy. Soňky hökümet maslahatynda prezident ýeňşiň ýubileý senesiniň öz ähmiýetine mynasyp, iň ýokary derejede geçirilmegini berk talap etdi. Ýöne köpler Berdimuhamedowdan başga bir beýanata garaşýarlar.
Geçen hepdäniň ahyrynda Aşgabatda Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň regional merkezinde “Merkezi Aziýada durnuklylyk we howpsuzlyk” ady bilen ýörite seminar geçirildi. Seminarda regiondaky durnuksyzlygyň köpsanly faktorlary maslahat edildi.
Türkmenistanyň galp ýollar bilen gazanylan pullaryň legallaşdyrylmagyna garşy göreş boýunça Ýewraziýa toparyna girmek islegi ýurduň ozalky prezidentiniň maliýe galplyklarynyň syryny açmak boýunça Aşgabadyň borçlary baradaky meseläni ýene-de bir gezek orta getirdi.
Ýene-de ýükle