Yssy howada lukmançylyk edaralaryna ýüz tutýan raýatlar köpelýär

Türkmenistanyň hassahanalarynyň biri (Illýustrasiýa suraty)

Balkan we Lebap welaýatlarynda howanyň temperaturasy gündizlerine kölegede 40 gradusdan aşýan şu günlerde raýatlaryň saglygynyň ýaramazlaşmagy bilen bagly wakalar göz- görtele köpeldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýerli lukmanlar aşa yssy howa şertleri zerarly soňky üç günüň dowamynda Balkanabat şäherinde alty adamyň, Türkmenabat şäherinde iki çaganyň ýogalandygyny aýtdylar.

“Anomal yssy howada huşuny ýitirýän adamlaryň sany köpeldi. Bu ýagdaý, esasan gartaşan ýaşly we saglyk problemalary bolan adamlara ýaramaz täsir edýär. Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde Balkanabat şäherinde ýaşy 60-a ýeten we ýürek ýetmezçiliginden ejir çekýän adamlardan jemi 6 sanysy tarpa-taýyn aradan çykdy” diýip, şäheriň Tiz kömek gullugynyň bir lukmany anonim şertde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Howanyň aşa gyzmagy bilen, elektrik bökdençlikleri hem ýygjamlaşýar

Onuň tassyklamagyna görä, hepdäniň başyndan bäri 03 gysga belgi arkaly şäheriň Tiz kömek gullugyna jaň edip, gyssagly gelmegi we saglyk kömegini soraýan adamlaryň sany hem ençeme esse artdy.

“Her gün 200-220 sapar gyssagly çakylyk gelýär. Bu, adaty günlere garanda ýedi esse köp” diýip, lukman belledi.

Gyssagly saglyk kömegini soraýan raýatlar hossarlarynyň esasan Gün urup, huşuny ýitirmekden, gurbanlyk naharlaryndan “aşa düşmekden”, azykdan zäherlenmekden we içgeçmeden ejir çekýändigini aýdýarlar.

“Jaňlaryň aglabasynda 50-60 ýaş aralygyndaky adamlaryň duralgalarda awtobuslara köp garaşyp durka ýa-da bazarlarda günortan çaglary haryt satyn alýarka huşuny ýitirendigi habar berilýär” diýip, gullugyň başga bir saglyk işgäri anonim şertde aýtdy.

Saglyk işgärleri tiz kömek ulaglarynyň ilatyň talabyny ödäp bilmeýändigini, ulaglaryň sanynyň çäklidigi sebäpli gyssagly saglyk kömegini sorap jaň eden köp raýata jogap berip bilmeýändiklerini hem bellediler.

“Tiz kömek garažynda şu wagt diňe 11 sany tiz kömek ulagy hereket edýär. Olaryň üç sanysy Gurbanlyk çäreleriniň geçýän ýerlerinde ir sagat 7-den agşam sagat 10-a çenli nobatçylyk çekdi. Sebäbi bu ýerde hem yssy howa zerarly saglygy ýaramazlaşyp, huşuny ýitirenler köp boldy. Şeýlelik-de, häzirki günlerde Balkanabat boýunça sekiz tiz kömek ulagy hereket edýär” diýip, tiz kömek işgäri belledi.

Ol gullugyň duralgasynda 25 sany tiz kömek ulagynyň tozan basyp durandygyny, sebäbi bularyň düýpli abatlaýyş işlerine mätäç hatardan çykan ulaglardygyny hem sözüne goşdy.

Lebapdaky habarçymyz hem, aşa yssy howanyň esasan gartaşan adamlara we çagalara ýaramaz täsir ýetirýändigini, şu günlerde Türkmenabatdaky “Ene mähri” merkeziniň çagalardan doludygyny aýdýar.

Degişli maglumat Iýul 1850-nji ýyldan bäri iň yssy aý boldy

“Otaglarda ýer bolmansoň, olarda adatça bolmalysyndan has köp, her birinde goşmaça ýene üç çaga ýerleşdirilýär. Bu çagalaryň içinden Gün geçip, olar içgeçme keselinden ejir çekýärler. Olaryň arasynda gastroenterokolit keselinden, ýagny aşgazanyň, ownuk we uly içegeleriň çişmeginden ejir çekýänler hem bar. Hepdäniň başyndan bäri iki çaga ýogaldy” diýip, merkeziň bir lukmany anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli saglyk resmilerinden, şeýle-de Balkanabadyň Tiz kömek gullugyndan we Türkmenabadyň “Ene mähri” merkezinden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi howanyň yssy günlerinde, pasla görä geýinmegi we Günüň göni şöhlesinden goranmagy, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi maslahat berse-de, aşa yssydan goranmagyň düzgünleri barada jikme-jik maglumat bermeýär.

Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdelerinde hem, ne ýurtda dowam edýän aşa yssy howa, ne-de onuň getiren netijeleri, ilata ýetiren täsirleri barada gürrüň gozgalýar.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatyna görä, 20-nji iýunda Lebapda howanyň temperaturasy 42 gradus we Balkanda 39 gradus bolmagyna garaşylýar.

Howa maglumatlaryny çap edýän “AccuWeather” gullugy 20-nji iýunda howanyň temperaturasynyň Lebapda 41 gradusa we Balkanda 40 gradusa ýetjekdigini görkezýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.