“Yimpaş” söwda merkezi doly ýapyldy

Aşgabatdaky “Yimpaş” söwda merkezi doly ýapyldy.

17-njy dekabrda Aşgabatdaky “Yimpaş” söwda merkezi doly ýapyldy. Ýumrulmaly edilen bu söwda merkeziniň öňüne adamlaryň girmeginiň gadaganlygyny görkezýän gyzyl-ak reňkdäki lentalar çekildi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň 19-njy dekabrda beren maglumatyna görä, häzirki gün söwda merkeziniň ähli gapylary ýapyk bolup, onuň içinde adamlar ýa-da harytlar göze ilmeýär.

Ýatladyp geçsek, şu aýyň başynda “Yimpaş” söwda merkeziniň ýapyljakdygy barada maglumatlar peýda bolansoň, onuň içindäki dükanlaryň ençemesinde, hususan-da, tekstil bölümindäki geýim-gejim harytlarynda arzanladyş yglan edildi.

Munuň netijesinde, söwda merkeziniň hem içinde, hem-de daşynda müňlerçe adamdan ybarat nobatlar emele gelip, şol nobatlarda dawa-jenjelleriň we ýakalaşmalaryň bolandygy habar berlipdi.

"Yimpaşda" bolan arzanladyş döwri adamlar söwda merkezindäki harytlary almak üçin howlukdylar.

Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýewiň anna güni agşam “Yimpaşa” baryp, söwda eden adamlara salgylanyp aýtmagyna görä, bu söwda merkezi özüniň iň soňky iş gününde harytlary ýene arzanladypdyr. 16-njy dekabra çenli “Yimpaş” söwda merkezinde galan esasy harytlaryň arasynda hojalykda ulanylýan himiki serişdeler galypdyr.

“Söwda merkezinde esasy galan harytlar hojalykda ulanylýan himiki serişdeler – kir ýuwujy sodalar, howany tämizleýän, dürli yslar berýän serişdeler galan eken. Bulary-da, esasan, welaýatlardan maşynly gelen adamlar hem-de Aşgabat şäheriniň özünde-de satmaga mümkinçiligi bolan, söwda merkezi bolan adamlar lomaý alypdyrlar. Bäşinji güni agşam sagat 23:00-a çenli söwda merkezindäki ähli harytlar doly alnyp gutarylypdyr. Altynjy günden başlap “Yimpaş” söwda merkezi doly ýapyldy” diýip, synçy Bugaýew aýtdy.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ynamdar çeşmeleri 1998-nji ýylda işläp başlan we türk işewürleriniň eýeçiligindäki “Ýimpaş” söwda merkeziniň we oňa ýanaşyk duran “Ýimpaş täjirçilik merkeziniň” ýumrulyp, onuň ornunda, 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlaryna gabatlap, awto-duralganyň guruljakdygyny mälim etdiler.

Türkmen resmileri şäheriň iň gelim-gidimli söwda merkezleriniň biri – “Ýimpaşyň” anyk näme sebäpden ýapylýandygy, has dogrusy bu mesele bilen ilteşikli hiç hili maglumat bermeýärler. Azatlyk Radiosy Türkiýedäki “Yimpaş holding” merkezi bilen habarlaşanda, jogapkär resmiler “media serişdelerine hiç hili maglumat bermezlik barada kompaniýa derejesinde karara gelendiklerini” aýtmak bilen çäklendiler.