Türkmenistanda ýaşaýyş jaý bazarynda galplyklar ýüze çykýar we aldawa düşýän adamlar kömeksiz galýar. Azatlygyň habarçylary jaý gözläp, hilegärleriň pidasy bolan adamlaryň we jaý kireýi bilen bagly ýagdaýdan habarly çeşmeleriň birnäçesi bilen gürrüňdeş boldular.
Soňky döwürde Türkmenabatda kireýne berilýän ýaşaýyş jaý bazaryndaky galplyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Pida bolanlar, diňe bir Türkmenabadyň ýaşaýjylary däl, eýsem başga ýerlerden gelip, jaý aljak bolýanlar-da şübheli rieltorlaryň aldawyna düşýärler.
Azatlygyň habarçylaryna soňky hepdelerde Türkmenabatda ýüze çykan ýagdaýlaryň birnäçesi mälim boldy.
Degişli maglumat Jaý meselesi: Arkadag şäheriniň açylyşyna parallel, Türkmenabatda onlarça täze jaý ulanylmaga berlerÝaňy-ýakynda jaý gözläp, esli puluny ýitren aşgabatly zenan adyny efirde tutmazlyk şerti bilen öz başdan geçirenleri barada şeýle gürrüň berdi: “Maý aýynda men öý gözledim we özüne çekiji mahabata duş geldim, öýi barlamak üçin rieltor we öý eýesi bilen duşuşdym. Soň görüp otursam olar galp ekeni. Öý meniň hoşyma gitdi. Ondan soň rieltoryň hyzmatlary üçin tölegiň we öý üçin tölegiň doly mukdaryny goýup, derrew göçmäge taýýardym. Şeýle-de bolsa, pul geçirilenden soň problemalar başlandy. Aldawçylar meniň öýe ýerleşmegimi gijikdirmek üçin her dürli bahana tapyp başladylar. Netijede, şol öýüň aldawçylar tarapyndan günlik kireýine alnandygyny we eýýäm birnäçe adama 'kireýine berlendigini' bilip galdym".
Türkmenabatda ýaşaýyş jaýlary kireýe bermek ýa-da almak ugrunda işleýänleriň sözlerine görä, özlerini araçy diýip tanadýan hilegärler öz pidalaryna jaý hödürlänlerinde olardan puly öňünden tölemegi talap edýärler, emma kärende şertnamasyny baglaşmaýarlar. Şeýle galp “rieltorlarda” işlemek üçin ygtyýarnama we olarda döwlete salgyt tölemek hakynda resminama bolmaýar.
Bilermenleriň sözlerine görä, adamlar aldawa düşmezlik üçin özlerini araçy diýip tanadýan adamlardan ygtyýarnamalaryny görkezmegi talap etmeli, öý eýelerinden bolsa, hökman eýeçilik şahadatnamasyny soramaly.
Hiç hili şertnamasyz jaýy kireýne almakçy bolýan adamlar köplenç hilegärleriň duzagyna düşýär we soňra olara hiç hili kömek berip bolmaýar.
"Jaý gözläp aldanan we puluny ýitiren adamlaryň birnäçesi degişli resminamalaryň we başga subutnamalarynyň bolmanlygy sebäpli kömeksiz gady. Sebäbi resminamasyz aldawçylar babatynda çäre görüp bolmaýar" diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy ýagdaýdan habarçy çeşmelere salgylanyp aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenabatda ulanmaga berlen täze jaýlar ýerli ýaşaýjylarda birnäçe sorag döretdiTürkmenabadyň polisiýasynda çeşmelere görä, şäherde jaýy kireýne almakçy bolup, aldanan adamlaryň sany soňky wagtda köpelipdir. Emma polisiýa ýüz tutýan adamlaryň ellerinde hiç hili kagyz bolmaýar. Şu sebäpden olaryň şikaýatlaryna garap bolmaýar.
"Aldaw pidalarynyň köplenç pul geçirilendigini tassyklaýan we kärende şertnamasyny tassyklaýan resminamalary ýok. Şu sebäpden ýagdaý çylşyrymlaşýar. Bu ýagdaý olaryň aldawa sezewar bolmagyna getirýär we sebäpkärleri jogapkärçilige çekmek işini kynlaşdyrýar" diýip, şäher polisiýasynyň bölümleriniň birinde işleýän kanun goraýjy anonimlik şerti bilen gürrüň berdi.
"Ondan başga-da edarada hiç kim kellesini agyrdasy gelenok, ýokardan gelýän buýruk köp, onsuzam edarada ýatyp turýarys" diýip, polisiýa işgäri aýdýar.
Türkmenistanda jaýy kireýne tabşyrmak we jaýy kireýne alyp ýaşamak giň ýaýran ýagdaý. Emma bu ugrundan ýüze çykýan ýagdaýlar barada ýurduň habar beriş serişdelerinde habar berilmeýär. Maglumat ýetmezçiligi adamlaryň hilegärleriň duzagyna düşmeginiň ähtimallygyny artdyrýar.
Degişli maglumat Raýatlar işsizlikden kösenýän mahalynda, ‘işe ýerleşdirjek' diýýän ‘hilegärler’ peýda bolýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.