Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherinde prezident Serdar Berdimuhamedowyň etmeli saparynyň öňýany güýçli depginde mejbury arassaçylyk işleri geçirilýär. Onuň geçjek ýoluna täze asfalt düşelýär, gözüniň iläýjek boş duran melleklere gyssanmaç bakja önümleri oturdylýar.
Habarçymyz prezident Berdimuhamedowyň iýunyň ilkinji 10 günlüginde welaýatyň dolandyryş merkezine gelmegine garaşylýandygyny anyklady. Onuň dowamynda hususan-da Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşigindäki bugdaý oragyna gatnaşmak meýilleşdirilýär.
Geçen hepdäniň aýagynda sebitiň ähli býujet işgärlerini çagyryp, Türkmenabadyň aeroportundan tä Watan daýhan birleşigine çenli aralygyň ýörite edara-kärhana bölünip berlendigi yglan edildi. Adatça bolşy ýaly, mejbury ýowara gatnaşmakdan boýun gaçyranlaryň işden çykaryljakdygy bilen haýbat atyldy.
Dynç gününe garamazdan we goşmaça töleg edilmezden, ýüzlerçe býujetçi köçeleriň ugrunda arassaçylyk işlerini geçirdi, ýagtylyk sütünlerini ýekeme-ýeke esgi bilen ýuwdy, binalaryň diwarlaryny reňkledi, galyberse-de haşal otlary çapdy.
Degişli maglumat Konstitusiýa we Baýdak gününiň öňünden ýasama tomaşalar ýazgy edilýärDöwlet işgärleri el güýji bilen aýyrmagy başartmadyk gamyşlary we çaýyrlary, öz hasabyna ýörite ekskawator tutup arassalatmaly boldular. Azatlyk adam başyna 30 manatdan pul toplan döwlet işgärleriniň howpsuzlygy jähtinden, munuň bilen bagly käbir goşmaça maglumatlary aýan etmeýär.
Mejbury ýowaryň çäginde, häkimlikler prezidentiň geçmeli ýolundan göze iläýjek boş duran mellek ýerlerine hyýar, bolgar burç ýaly bakja önümlerini hem gyssanmaç ekdiler.
Prezidentiň has köp eglenmegine garaşylýan Watan daýhan birleşiginiň gowaça meýdanlarynda ýekeleme işleri tas durman alnyp barylýar.
Resmi mediada entek habar berilmeýän saparyň öňýanynda, adatça bolşy ýaly, howpsuzlyk çäreleri hem eýýämden güýçlendirilip başlandy. Sebitde has köp polisiýa işgärleri göze ilýär.
Esasy köçeleriň ugrundaky binalaryň ýaşaýjylaryna aýnalaryna perde dakmak we saparyň dowamynda penjireleriniň töwereginde asla görünmezlik talap edildi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebabyň we Türkmenabadyň häkimliklerinden kommentariýa alyp bilmedi.
Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, prezident Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna göz öňünde tutulýan sapary barada resmi metbugatda entek maglumat çap edilmedi.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň birinde prezidentiň saparynyň dowamynda tutuş bir sebitiň adaty durmuşynyň togtap galmagy hem adaty ýagdaýa öwrüldi.
Degişli maglumat “Ýene-de başlandy...”: Býujetçiler mejbury çäreleriň köpelmeginden nägile bolýarTürkmenistanda býujet işgärleri wezipe borçlaryndan başga-da, köpçülikleýin çärelere, şol sanda arassaçylyk işlerine, köçeleri süpürmäge, ýüpek gurçugyna ideg etmäge, pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýärler.
Türkmen häkimiýetleri "ýurtda raýatlaryň ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini" tekrarlap, bu aýdylanlary aç-açan boýun almaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.