Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Konstitusiýa we Baýdak gününiň öňünden ýasama tomaşalar ýazgy edilýär


Habarçylarymyz, ozalky ýyllaryň tejribelerine salgylanyp, baýramçylyk gününiň hem mejbury çäreler bilen utgaşjakdygyny aýdýarlar.
Habarçylarymyz, ozalky ýyllaryň tejribelerine salgylanyp, baýramçylyk gününiň hem mejbury çäreler bilen utgaşjakdygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde 18-nji maýda bellenilýän Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň gününde döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin öňünden ýasama baýramçylyk tomaşalary wideo düşürilýär. Adatça bolşy ýaly, bu çärelere býujet işgärleri, talyplar dagy mejbury çekilýär.

“16-njy maýda [Lebabyň dolandyryş merkezi] Türkmenabatdaky tas ähli döwlet edalarynyň işgärlerini ‘Bitarap Türkmenistan’ köçesiniň ugrunda ýerleşýän Baş baýdak meýdançasyna ýygnanmaly etdiler. Munuň üçin býujetçileri iş ýerlerinden birnäçe sagat ir, ýagny 14:00-da goýberdiler” diýip, Lebapdaky habarçymyz gürrüň berdi.

Telewideniýä ýazgy etmek üçin çäre sagat 18:00-da başlandy we oňa müňe golaý adam toplandy.

“Getirilen adamlaryň ählisi meýdança sygmady, şol sebäpli olaryň 200-den gowragyny ‘Bitarap Türkmenistan’ köçesiniň ugrunda ýerleşdirdiler. Iş ýerlerinde adamlaryň ýazgy üçin geýmeli lybaslary hem kesgitlenildi. Ýagny zenanlara gyzyl reňkli milli köýneklerde, erkeklere bolsa gara penjekde we ak köýnekde bolmak tabşyryldy” diýip, habarçymyz nygtady we şäheriň merkezi köçesiniň ençeme sagatlap petikli saklanandygyny hem sözüne goşdy.

Bu hili mejbury çäreler Mary welaýatynyň merkezi şäherinde hem geçirildi. Ýüzlerçe býujet işgärine, talyplara Mary şäheriniň ‘Mollanepes’ köçesiniň ugrunda ýerleşýän Milli kitaphananyň öňüne toplanmak tabşyryldy.

“Ýene iki günden geçiriljek baýram üçin ýazgy başlananda, adamlara şowhunly çapak çarpdyrdylar. Köp adamda bu ýagdaý kinaýaly gülki döretdi. Mejbury eltilen adamlar ‘biz halys goýun bolduk, nirä kowsalar, şol ugur bilen bolýarys, hamala, çäre üçin ýaradylan ýaly’ diýip zeýrenýärler. Getirilen adamlar suw, iýmit bilen üpjün edilmedi. Ähli çykdajylary özleri çekmeli boldy” diýip, Marydaky habarçymyz gürrüň berdi.

Ol Lebapda hem bolşy ýaly, mejbury getirilen adamlardan kesgitlenen lybasda bolmak talap edilendigini, köpleriň eýýäm ‘çäre eşiklerini’ iş ýerlerinde saklaýandyklaryny hem sözüne goşdy.

Türkmen häkimiýetleri we sebitleriň häkimlikleri uly baýramçylyklaryň öňünden düşürilýän ýasama tomaşalar, muňa mejbury çekilýän raýatlar barada maglumat bermeýärler. Muňa derek, baýramçylyk dabaralaryny ‘uly guramaçylykda’ geçirmegi tabşyrýarlar.

Mundan öň, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtda we welaýatlarda konferensiýalaryň, sergileriň we beýleki çäreleriň geçiriljekdigini mälim etdi. 18-nji maý güni Aşgabatda Konstitusiýa binasyna gül desselerini hem goýmak meýilleşdirilýär.

Şol bir wagtda, sebitlerdäki habarçylarymyz, ozalky ýyllaryň tejribelerine salgylanyp, baýramçylyk gününiň hem mejbury çäreler bilen utgaşjakdygyny aýdýarlar.

Mundan 31 ýyl ozal, 1992-nji ýylyň 18-nji maý güni Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Synçylar geçen ýyllaryň dowamynda ençeme gezek üýtgetmelere we goşmaçalara sezewar bolan baş kanunyň Konstitusiýa kepil geçmek jogapkärçiligini öz üstüne alan döwlet häkimiýeti tarapyndan birnäçe gezek bozulandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda halkara hukuk guramalary Türkmenistany öz Baş kanunynda kepillendiren adam hukuklaryny hormatlamazlykda, esasy adam hukuklaryny, şol sanda söz, metbugat, din, hereket azatlyklaryny dyngysyz basgylamakda, hökümetden aýry jemgyýetçilik guramalarynyň, raýat aktiwistleriniň, hukuk goraýjylaryň işlerini çäklendirmekde yzygiderli tankyt edýärler.

Bu aralykda, Konstitusiýa güni bilen bilelikde bellenilýän Döwlet baýdagynyň güni has ozal, ýurduň ozalky awtoritar dolandyryjysy Saparmyrat Nyýazowyň doglan gününde, 19-njy fewralda bellenilýärdi. 2017-nji ýyldan başlap, bu sene 18-nji maýa geçirildi.

Konstitusiýa hem-de Döwlet baýdagynyň güni 1994-nji ýylyň 26-njy dekabrynda baýramçylyk güni hökmünde ykrar edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG