Türkmenistanda koronawirusa meňzeş keseliň ýaýramagy barada ilata duýduryş edilýär

Aşgabat şäheriniň çagalar hassahanasyndaky bildiriş tagtasynda koronawirusa garşy çäreler barada maglumat. Oktýabr 2020.

Türkmenistanyň günbatar welaýatynda häkimiýetler dezinfeksiýa çärelerini ýerine ýetirmek boýunça talaplaryny güýçlendirýärler. Edaralar dezinfeksiýa edilýär we koronawirusa meňzeş dem alyş wirusynyň ýaýramagy barada halka duýduryş berilýär. Bu aralykda, Aşgabatda koronawurusyň omikron görnüşiniň ýüze çykandygyny Azatlygyň habarçylary maglumat berýär.

Türkmenbaşyda lukmanlar ilata dem alyş ýollaryna täsir edýän COVID-19 meňzeş ýiti dem alyş wirusynyň ýaýramagy barada duýduryş berýärler. Mekdep okuwçylary, mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin bilim edaralaryna gatnaýan körpeler we olaryň ene-atalary hem şuňa meňzeş duýduryşlary aldylar. Ilatdan keseliň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini berjaý etmek talap edilýär.

"Olar epidemiýanyň howpy barada duýduryş berýärler we dezinfeksiýa serişdeleriniň ulanylmagyny, elleri antiseptikler bilen arassalamagy talap edýärler. Edaralaryň we jemgyýetçilik ýerleriniň hemmesinde hlorly serişdeler bilen ýuwmak işleri başlandy" - diýip, Azatlygyň habarçysy 22-nji sentýabrda maglumat berdi.

Degişli maglumat Türkmenistanda COVID-a garşy ‘buster’ sanjymlary urulýar, uly nobatlar alym-berime ýol açýar

Azatlygyň habarçysy bilen anonim gürleşen lukmanlaryň bellemegine görä, dem alyş organlaryna täsir edýän bu wirus zerarly döreýän kesel çagalarda has agyr geçýär we olaryň saglygyna howp salýar. "Hepdäniň dowamynda 1200 töweregi çaga şäheriň ýokanç keseller hassahanasyna kabul edildi. Käbirleriniň aşa ýokary temperaturasyny düşürip bolmady. 15 adam reanimasiýa bölüminde dym alyşy emeli usulda güýçlendirýän gurallara çatyldy" - diýip, lukmanlaryň biri gürrüň berdi.

Türkmenbaşydaky saglyk edaralarynyň wekilleri ölüm hadysalarynyň bolandygyny habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, şondan soň häkimiýetler dezinfeksiýa çärelerini görmegi tabşyrypdyr.

Ýerli hassahanalaryň we saglyk öýleriniň lukmanlary ýokary gyzgyndan başga-da dem gysma, burnuň ganamagy we içgeçme ýaly alamatlaryň bolup bilýändigini duýdurýarlar we şeýle bolan ýagdaýda gyssagly keselhana barmagy tabşyrýarlar.

Aşgabatdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, paýtagtda koronawirus keseli soňky iki aýyň dowamynda köpelipdir.

"Omikron soňky iki aýda saklanýar we güýçlenýär. Epidemiýa ýok. Adamlar öýlerinde bejergi alýarlar. Ölüm hadysalary bar" - diýip, habarçymyz paýtagtyň saglyk edaralarynyň wekillerine salgylanyp, 22-nji sentýabrda maglumat berdi. Türkmenistanyň saglygy saklaýyş wekillerinden wirusyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaý barada resmi görnüşde maglumat alyp bolmady.

Türkmenistan şu çaka çenli öz çäginde COVID-19 hadysalaryny bir gezegem boýun almady. Global pandemiýanyň dowamynda türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň alamatlary bilen geçýän keselçiligiň ýaýramagyna we ölüm hadysalaryň köpdügine garamazdan, ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürdüler.

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda türkmen hökümetiniň koronawirusdan ölenleriň gizlin sanawyny ýöredýändigi mälim boldy. Azatlygyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamyndaky ygtybarly çeşmesiniň beren maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda pandemiýa başlaly bäri Türkmenistanda 25 müňden gowrak adam koronawirusdan ýogalypdyr.

Degişli maglumat Koronawirus pandemiýasynyň dowamynda, mugallymlara prezidentiň kitaby boýunça 'Saglyk sapagyny' geçirmeli edildi

2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Bütindünýä saglyk guramasy dünýäde pandemiýanyň gutarandygyny resmi taýdan yglan etdi. Muňa garamazdan, Türkmenistan ilatdan COVID-19 testlerini tabşyrmak talabyny dowam etdirdi.

Bütindünýä saglyk guramasy, türkmen hökümetiniň koronawirus hadysalaryny ret etmegine birnäçe gezek şübhe bildirdi. Mundan başga-da, halkara guramalary tarapyndan çap edilen hasabatlarda pandemiýa döwründe Türkmenistanyň saglyk pudagyny goldamak üçin berilen halkara kömegini nädogry ulanandygy görkezildi.

Halkara Hasaplaşyk Proýekti (IAP) 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda Aziýa Ösüş Banky, Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky we Bütindünýä Banky ýaly iri halkara maliýe guramalary tarapyndan maliýeleşdirilýän umumy bahasy 40 million dollarlyk 6 sany proýekte pul ýatyrlandygyny anyklap, türkmen häkimiýetleriniň puly propaganda maksatlary we halka nädogry maglumat bermek üçin ulanandygy habar berdi.

Mundan başga-da, Türkiýe, BAE we Russiýa ýaly birnäçe ýurt Türkmenistana koronawirusa garşy göreşmek üçin maddy we maliýe kömegini berdi. Şol döwürde Azatlygyň habarçylary we garaşsyz habar beriş serişdeleri ýurduň ilatynyň derman we arassaçylyk önümleriniň ýiti ýetmezçiligini başdan geçirendiklerini ençeme gezek habar berdiler. Munuň bilen birlikde lukmanlar we beýleki býujet işgärleri dermanlary, gorag serişdelerini we medisina enjamlaryny öz hasabyna satyn almaga mejbur edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.