Koronawirusyň ýurtda ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatynda ilata COVID-a garşy üçünji, ‘buster’ sanjymlaryny urup başladylar. Munuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýalarynda işleýänlerden, şeýle-de ýurduň beýleki sebitlerine syýahat etmek isleýänlerden ‘buster’ sanjymyny urdurandygy barada güwanama soralýar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan raýatlar munuň saglygy saklaýyş edaralarynyň ençemesinde korrupsiýa hem ýol açandygyny belleýärler.
“Türkmenabadyň 6 sany saglyk öýünde köpçülikleýin ýagdaýda Russiýanyň ‘Sputnik Laýt’ sanjymyny urýarlar. Farap etrabyna girmek ýa-da onuň daşyna çykmak üçin üçünji sanjymy urdurandygyň barada güwanama soralýar. Lebapdan Aşgabada gitmek üçin resmiler tarapyndan tassyklanan rugsadyň bolsa-da, indi ýaňky güwanama, şeýle-de möhleti 72 sagatdan geçmedik COVID-19-a garşy negatiw test soralýar” diýip, faraply ýaşaýjylaryň biri 14-nji fewralda atlandyrylmasyzlyk şerti bilen Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistan geçen ýylyň iýulynda COVID-19 waksinasyny hökmany etdi.
23-nji dekabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi häzirki wagtda ilata köpçülikleýin ýagdaýda urulýan ‘Sputnik Laýt’ waksinasyny bellige aldy. Munuň ertesi güni Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohin öz ýurdunyň Türkmenistana 10 müň dozada ‘Sputnik Laýt’ sanjymyny mugt bermek meýilleşdirýändigini mälim etdi.
Azatlygyň habarçysy ‘buster’ sanjymyny urdurmak talabynyň daşary ýurt kompaniýalarynda, hususanda wahta tertibinde işleýänlere hem degişlidigini, emma adamlaryň akymynyň köp bolmagy sebäpli, munuň dürli bökdençliklere, şol sanda para alym-berim ýagdaýlaryna hem ýol açýandygyny belledi.
“Saglyk öýlerinde bu günler uly nobatlar döredi. Diňe daşary ýurt kompaniýalarynda zähmet çekýän müňe golaý adam üçünji sanjymy urdurjak bolup alada galýar. Emma sanjymy urduranyň bilen-de, degişli güwanamany wagty bilen aljagyň gümana. Saglyk öýleriniň işgärleri blanka ýok, kagyz ýok, kompýuterde mesele bar diýen ýaly bahanalar bilen keselhanada 4-5 sagat garaşdyrýarlar. Emma işgärler ‘goşmaça näresmi töleg’ etseň, ýagny para berseň, onda şol wagtyň özünde güwanamany ýazyp berjekdiklerini duýdurýarlar” diýip, degişli güwanamany almak üçin 50 manat möçberinde para berendigini aýdýan türkmenabatlylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Ýokarda beýan edilýän ýagdaýlar dogrusynda, ýurduň, şeýle-de Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş edaralaryndan kommentariýa almak başartmady.
Azatlygyň habarçylary ýurduň beýleki sebitlerinde, şol sanda Aşgabatda hem köpçülikleýin waksina sanjymlaryny urmak kampaniýasnyň alnyp barylýandygyny tassyklaýarlar.
Türkmenistanda resmi taýdan hasaba alnan waksinalar Russiýada we Hytaýda öndürilýär. Rus ilçisiniň dekabrda beren maglumatyna görä, Türkmenistana 600 müňden gowrak dozada “Sputnik V” sanjymy we “uly bolmadyk” mukdarda “EpiVacCorona” sanjymy ugradylypdyr. Golaýda rus wekilleri “EpiVacCorona” waksinasynyň netijeliliginiň oňaýsyzdygyny görkezýän barlaglary çap etdiler.
Mundan başga-da, ol Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine salgylanyp, ýurtda şol pursatdaky ýagdaýlara laýyklykda, ilatyň 80%-ne sanjym edilendigini aýtdy.
Emma ýurduň saglyk wekilleri rus ilçisinden tapawutlylykda, öz ýurdunyň raýatlaryna sanjym kampaniýasynyň alnyp barylyşy barada açyk maglumatlar bermeýärler. Azatlygyň bu baradaky soraglaryny hem jogapsyz goýýarlar.
Türkmenistan şu wagta çenli öz çäginde resmi taýdan hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady, ýöne pandemiýanyň dowamynda hökmany maska režimi, sebitara hereket çäklendirmeleri ýaly mejbury düzgünleri ornaşdyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.