Türkmenistanda 16-18-nji iýun aralygynda Gurban baýramy bellenilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagt Aşgabatda we sebitlerde baýramçylyk mynasybetli geçirilýän köpçülik çärelerini, dabaralary we üýşmeleňleri synladylar. Häkimiýetleriň esewançylyk işleri baýramçylyk ýygnanyşyklarynda yz galdyrdy.
Döwlet telewideniýesi 16-njy iýunda irden ýurduň metjitlerinde okalan baýram namazlaryny görkezdi, şeýle-de, paýtagt Aşgabatda we Arkadag şäherinde hem-de sebit merkezilerindäki Ak öý binalarynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryndan taýýarlanan wideo reportažlary efire berdi.
16-njy iýuna gabat gelen dynç güni Gurban baýramy mynasybetli, ýurduň Zähmet kodeksine laýyklykda 19-njy iýun – çarşenbe gününe geçirildi. Şeýlelikde, türkmenistanlylar üç gün baýramçylyk belläp, dört gün dynç alýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary öz çeşmelerine salgylanyp, sebit merkezlerindäki Ak öý binalarynda geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň häkimiýetler tarapyndan öňünden “sünnälenip” meýilleşdirilendigini, dabaralarda çykyş edýän aýdymçylaryň, sazandarlaryň, şahyrlaryň we alyp baryjylaryň sanawlarynyň öňünden düzülip, Milli howpsuzlyk ministrliginiň degişli ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanandygyny habar berýärler.
Degişli maglumat Gurban baýramynyň öňüsyrasynda, mallaryň bahasy tas iki esse gymmatlady“Hökümet halkdan howatyr edýär. Şonuň üçin, islendik üýşmeleň häkimiýetleriň berk gözegçiligi we gatyşygy astynda geçirilýär. Güýç edaralarynyň ýolbaşçylary, bu gezek hem, Gurban baýramy mynasybetli geçirilýän çäreleriň guramaçylygyny öňünde meýilleşdirdiler” diýip, çeşmeler aýdýar.
Sebit merkezlerindäki Ak öý binalarynyň ýanynda hökümet gözegçiliginde oturdylan hiňňildiklerden daşary, raýatlar tarapyndan özbaşdak sallançaklaryň oturdylmagy gadagan edildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda däp bolan edim-gylymlara laýyklykda, Gurban baýramynda esasan ýaşlar hiňňildik uçýarlar.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýaşlar tarapyndan özbaşdak guralan bir hiňňildigiň häkimiýetler tarapyndan sökdürilendigini habar berýärler.
“Ýaşlar däp bolşy ýaly, öňki 90-njy razýezd atlandyrylýan ýerde takyr we tekiz meýdanda özbaşdak sallançak gurnadylar. Ýanaşyk ýerlere çäge düşäp, abadanlaşdyrdylar we ýörite taýýarlyk gördüler. Gurbanlygyň ilkinji gününde erkek adamlar we aýallar, oglan-gyzlar bu hiňňildigiň töwereginde üýşüp, ýaňy bir şatlanyp, uly şowhun bilen baýramçylyk bellemäge başlapdylar welin, öňki Ruhabat etrabynyň polisiýa işgärleri üýşmeleň geçirilýän ýere ulagda gelip, ýygnananlardan dargamagy we sallançaklaryň sökülmegini talap etdiler. Sallançaklar meýletin sökülmedik halatynda, bu çäräniň guramaçylarynyň 15 gün möhlet bilen administratiw tussaglyga höküm ediljekdigini duýdurdylar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Polisiýa gatyşygynyň arasynda ýygnananlaryň arasyndaky uly ýaşly adamlar ýaşlara ýüzlenip, “hökümet bilen oýun etmezligi, aýdylan bilen bolmagy ündediler” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.
Meýletin guramalaşdyrylan hiňňildik çäresi dargadyldy, üýşmeleň öýli-öýüne gaýtdy, sallançaklary gurnan ýaşlar bolsa, baýramçylygyň ilkinji gününde hiňňildik sökmek işleri bilen meşgul boldy.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri sebit merkezlerinde hökümet gözegçiliginde guramalaşdyrylan konsertlerde ýerine ýetirilen aýdymlaryň sözleriniň hem häkimiýetler tarapyndan döwlet propagandasyna gabat getirilmegi ugrunda ýörite tabşyryklaryň berlendigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Baýramyň öňüsyrasynda, gök-bakja önümleriniň bahalary gymmatlady
“Meselem, nusgawy şahyrlardan Magtymguly Pyragynyň ýa-da Keminäniň din bilen bagly aýdan sözleri, watan söýgüsi, patyşa wepadarlyk ýaly düşünjelere ýugrulyp üýtgedildi. Ýazyjylar we alyp baryjylar özlerine öňünden ýazylyp berlen nobatçy sözleri okamaly boldular” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan çeşmeler aýdýar.
Türkmen halkynyň arasynda Gurban baýramynda mal soýlup, sadakalar berilýär, märekeler guramalaşdyrylýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde hojalyklarda guramalaşdyrylýan özbaşdak märekeleriň, gurbanlyk üýşmeleňleriniň hem häkimiýetleriň “radaryna ilendigini” habar berýärler.
Welaýatlarda we etraplarda Içeri işler ministrliginiň hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri şeýle üýşmeleňlere gatnaşyp, ilat arasynda döwlet syýasatyna çapraz gelýän pikirleri öwrenmek bilen borçlandyryldy.
Şeýle-de, ýerli häkimiýetler ilat arasynda Gurban baýramy mynasybetli “eli ýuka hojalyklara” maddy ýardamlary berýän gurply hojalyklary ýüze çykarmak we olaryň sanawyny taýýarlamak tabşyryklaryna-da sezewar boldy.
“Sebäbi, olar ýaly adamlar garyp hojalyklara kömek berip, ilat arasynda abraý gazanýarlar, bu ýagdaý bolsa häkimiýetlere kölege salýar” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Hökümet özünden birugsat amal edilýän islendik işe pursat, mümkinçilik bermeýär. Hökümetiň rugsady bolmazdan, butnamaga rugsat berilmeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy beýleki bir şäher ýaşaýjysyny sitirleýär.
Döwlet mediasy ýurduň ähli sebitlerinde baýramçylyk dabaralarynyň "uly ruhubelentlige" beslenendigini aýdýar.
“Bu baýramçylyk günlerinde, mälim bolşy ýaly, halkymyz musulmançylygyň gurbanlyk bermek borjuny berjaý edýär. Adamlar mal soýup, sadaka berýärler, bir-biregiň ojagyna baryp, duz-tagam dadyp, gurbanlyk sadakalarynyň kabul bolmagyny dileg edýärler” diýip, döwlet mediasynda efire berlen wideo reportažda aýdylýar.
Degişli maglumat Balkanda ýiti çörek gytçylygy Gurban baýramyna kölege saldyDöwlet telewideniýesi “joşgunly” baýramçylyk çykyşlaryny, milli lybaslarda dabaralarda orun alýan raýatlary görkezdi. Häkimiýetleriň gözegçiliginde guramalaşdyrylan dabaralarda dürli tagamlary taýýarlaýan aşpezler, götertmelerde el işleri bilen meşgullanýan zenanlar, aşyk oýnaýan çagalar, ýaglyga towusdy, tanap çekdi ýaly ýaryşlara gatnaşýan ýaşlar we sallançaklarda uçýan ýigitler we gyzlar görkezildi.
Döwlet dabaralaryna, hamala, jemgyýetiň ähli agzalary ýaşuly nesil – ak sakgal gojalar, ak saçly eneler, ýaş nesiller – ýigitler, gyzlar, çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşyp, milli baýram howasyny emele getirýärdi.
Ýöne döwlet mediasy baýramçylyk çäklendirmeleri, häkimiýetleriň esewan işlerini barada habar bermeýär.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy Türkmenbaşy şäherindäki söwda nokatlarynda baýramçylyk mynasybetli harytlaryň bahalarynyň 25-65 göterim aralygynda ýokarlanandygyny habar berýär.
Kenar bazarynda bir kilogram daşary ýurt almasy 25 manatdan 38 manada, banan 28 manatdan 45 manada, apelsin 20 manatdan 36 manada gymmatlapdyr. Bu bazarda baýramçylyk günlerinde ýerli gawunyň 1 kilogramy 18 manada, garpyzyň kilesi 10 manada, käşir 16 manada, kartoşka 11 manada ýokarlandy. Tüwi 25 manat, ýokary hilli tüwi 50 manat.
Galyberse-de, baýram gününde Hazar ýaka şäherde agyz suwunyň üpjünçiligi kesildi, elektrik energiýasy hem günüň dowamynda üç gezek kesildi.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenabat şäherindäki habarçysy gündogar welaýatyň sebit merkezinde Gurban baýramynda dükanlaryň agşam 20:00-da ýapylýandygyny, gije 21:00-dan soňra adamlara köçä çykmagyň gadagan edilýändigini habar berýär. Şäherdäki hereket çäklendirmeleriniň sebäpleri, adat bolşy ýaly, aýdyňlaşdyrylmaýar.
Ýerli habarçylar günbatar welaýatda-da, gündogar welaýatda-da şu ýyl gurbanlyk sadakalaryny berýän adamlaryň sanynyň azalandygyny habar berýärler.
“Gurbanlyk berýän hojalyklar gaty az. Gurbanlyk sadakalaryny berýän adamlar mal soýup, garyp hojalyklara paýlaýarlar. Adamlary üýşürip märeke bereniňden, mal etini paýlanyň has amatly bolýar. Köp hojalyklaryň et almaga ýagdaýy ýok, getirilýän sadalary begenip alýarlar” diýip, bir lebaply ýaşaýjy aýdýar.
Bu sebitde hem özbaşdak sallançaklaryň guramalaşdyrylmagy gadagan edilipdir. Polisiýa işgärleri baýramçylykdan öň ençeme hojalyklara aýlanyp, hiňňildiklerde uçulmagyna garşy duýduryş beripdir.
Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynda Gurban baýramy mynasybetli girizilen çäklendirmeler, şeýle-de Balkan welaýatynda azyk harytlarynyň gymmatlamagy boýunça ýerli resmilerden teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.