Türkmenistan: Pensiýalar plastik kartlaryna geçiriler

Türkmen ýaşulusy.

Geljek ýyldan başlap pensionerleriň pensiýa haklary, maýyplaryň we çagaly eneleriň kömek pullary plastik kartlara geçirilip başlanýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmeleri habar berýärler.

Aýdylmagyna görä, şu günler Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň degişli resmileri pensionerlere, mümkinçiligi çäkli adamlara we çagaly enelere 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, plastik kart almak barada tabşyryk berýärler.

Şol bir wagtda, pensiýa haklaryny we kömek pullaryny plastik kartlara geçirmek barada paýtagt Aşgabatda hem gürrüň edilýändigi, emma bu çäräni öňümizdäki ýylyň mart aýyndan başlap güýje girizmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.

Türkmenistanyň Pensiýa fondunyň Köpetdag etrap bölüminiň käbir resmileriniň 13-nji dekabrda beren maglumatyna görä, pensiýalary we kömek pullary plastik kartlara geçirmek barada, ýurduň Maliýe ministrliginde we Bank ulgamynda gepleşikleriň ençemesi geçirildi. Emma heniz bu barada ýörite karara gol çekilmedi.

“Çözülmedik meseleler bar”

Adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş eden Pensiýa fondunyň resmisi täze düzgüne geçilmezden ozal, birnäçe edaralaryň ýapylmalydygyny we käbir bökdençlikleriň aradan aýrylmalydygyny aýtdy.

“Pensionerleriň medisina kartasy bar. Häzir pensionerler pensiýa almaga baranda, şol kartalaryna peçat basdyrýarlar. Indi şol meseläni näme etmeli? Şeýle-de, indi käbir jogapkärçilikler ýurduň banklaryndan ýurduň sosial bölümlerine geçirilmeli. Şular ýaly meseleler heniz doly çözülenok. Şonuň üçin munuň üstünde işleýäris” diýip, türkmen resmisi aýtdy.

Onuň sözüne görä, bu täze düzgüne geçilmeginiň sebäbi ýurduň käbir pudaklarynda, hususan-da banklardaky işgärleriň sanyny azaltmak bilen baglanyşykly.

Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew bu “döwlet üçin bähbit – maliýe serişdesini tygşytlaýar, adamlar üçin uly kösençlik – işsiz galýarlar” diýýär. Şeýle-de, ol pensionerleriň käbirlerine salgylanyp, bu täze düzgüne geçilse, onda munuň olar üçin hem amatly bolmajagyny nygtaýar.

“Obadaky pensionerlere has-da kyn bolar”

“Meselem, paýtagtda ýa-da welaýat merkezindäkiler üçin, munuň amatly bolmagy mümkin diýip gürrüň edýärler. Ýöne olaryň hem köpüsi şoňa geçilmegine garşy. Sebäbi nirede bankomat barka diýip selpäp ýöreniňden, bankda nobata duranyň aňsat diýýärler. Onsoň oba ýerlerindäkiler üçin bu gaty uly kynçylyk bolar. Sebäbi oba ýerinde ýaşaýan pensioner etrap merkezindäki bankomada gelip aljak bolsa, pesinden 30-40 kilometr ýoly geçip, gelse-de, pul bolmasa, ol gaty uly kynçylyk döretjek. Şeýle-de, kartlara geçirilse, medisina pasportynyň tölegi üçin, poliklinikalarada aýratyn baryp belletmeli boljak. Olar iki gezek ýola çykmaly, iki gezek heläkçilik diýýärler. Soňam oba ýerlerinde ýollaram erbet, bankomatlaram islän ýeriňde tapdyranok” diýip, synçy Bugaýew gürrüň berdi.

Platik kartlaryndan puly nagtlaşdyrýan awtomatyň öňnüdäki nobat, Aşgabat

Ýeri gelende aýtsak, indi birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň dürli welaýatdyr etraplarynda, şol sanda Aşgabatda bankomatlaryň ýetmezçilik edýändigi, şeýle-de, olaryň ençemesiniň talaba laýyk işlemeýändigi ýa-da onda nagt puluň köplenç tapdyrmaýandygy we kähalatlarda olaryň öňünde uly nobatlaryň emele gelýändigi barada, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna wagtal-wagtal maglumatlar gelip gowuşýar.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Türkmenistanda ençeme ýyldan bäri hökümetden aýlyk alýanlaryň zähmet haklary bank arkaly, olaryň ýörite plastik kartlaryna geçirilip; pullary soňy bilen diňe bankomatlar arkaly nagtlaşdyryp bolýar.