Daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän we gidýän onlarça türkmen ýük ulagy Eýranyň gümrük geçelgesinde alty günläp saklanyldy diýip, Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň biri sosial ulgam arkaly habar berýär.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran okyjymyzyň aýtmagyna görä, awgust aýynyň 14-den tä 20-sine çenli 40-a golaý türkmen ýük ulagy Eýranyň resmileri tarapyndan Bazargan we Lotfabad gümrük geçelgelerinde saklanypdyr.
Maglumata görä, türkmen ýük ulaglarynyň saklanmagynyň sebäbi Eýranyň Türkmenistandan gelýän ýükli ulaglar üçin tranzit salgydynyň möçberini ýokarlandyrmagy bilen bagly.
“Mundan ozal tranzit salgydynyň möçberi 160 dollardy, indi 260 amerikan dollaryna etdiler. Ýöne türkmen ýük ulag sürüjileri şu mukdary tölejek diýseler-de, olaryň geçmegine birnäçe günläp rugsat berilmedi. Sebäbi eýran resmileri ‘bu mesele doly çözülýänçä garaşyň’ diýdiler. Şeýdip, ilki gümrük salgydynyň möçberini duýdansyz ýokarlandyrdylar, soňra-da birnäçe günläp gümrükde sakladylar” diýip, okyjymyz Eýranyň gümrük geçelgesinde saklanan türkmen ýük ulagyny sürüjiniň sözünden sitata getirýär.
“Eýran şuňa meňzeş çäreleri girizer”
Şol bir wagtda Eýranyň türkmenistanly ýük ulag sürüjileri üçin öz tranzit salgydynyň möçberini artdyryp-artdyrmandygy barada henize çenli anyk maglumat almak başartmady.
Emma Türkmenistanyň häkimiýetleri öz territoriýalaryndan geçýän eýran ýük ulaglary üçin öz tranzit salgydynyň möçberini artdyrandan soň, eýran resmileri Tähranyň bu karara jogap berjekdigini we munuň iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklara täsir ýetirjekdigini aýdypdylar.
12-nji awgustda Eýranyň Tranzit we serhet boýunça resmisi Mohammad Jawad Atrçian çykyş edip, Türkmenistanyň öz çäresini öňünden duýdurmazdan, 8-nji awgustda güýje girizendigini belledi.
“Biziň diplomatlarymyz bu karara garşylyk bildirdiler. 13-nji awgustdan başlap, Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan Türkiýä barýan türkmen ýük ulaglary saklanar we öňümizdäki hepdäniň ortalaryndan başlap şuňa meňzeş çäreler Eýranda türkmen ýük ulaglary babatynda hem ulanylar” diýip, Atrçian aýtdy.
Tranzit salgydy 3,5 esse ýokarlandyryldy
Bu aralykda 23-nji awgustda Eýranyň Gümrük meseleleri boýunça gubernatory Masoud Karbasian Türkmenistanyň eýran ýük ulaglary üçin tranzit salgydynyň möçberini ýokarlandyrmagynyň halkara transport konwensiýalaryna gapma-garşy gelýändigini aýtdy.
Şeýle-de, ol bu mesele boýunça Eýranyň Gümrük gullugynyň hem-de Awtomobil ýollary we şäher ösüşi ministrliginiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine şikaýat hatyny iberendigini belledi.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň resmi metbugatynda ýurduň territoriýasyndan tranzit geçýän eýran ýük ulaglary üçin tranzit salgydynyň möçberiniň galdyrylandygy barada halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.
Eýranyň media serişdeleriniň eýran resmilerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, Türkmenistan eýran ýük ulaglary üçin özüniň tranzit salgydynyň möçberini soňky bir aýyň dowamynda 3,5 esse ýokarlandyryp, $500-den $1800-a ýetirdi.
Şol bir wagtda Eýranyň metbugat serişdelerinde türkmen ýük ulag sürüjileri üçin girizilen täze tranzit düzgünleri barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
Eýran ilkinji bolup Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar edipdi. Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhet araçägiň uzynlygy 1000 kilometre barabar.