Şu günler Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň köçelerinde Ýol gözegçilik gullugynyň awtoulagly işgärleri aýlanyp, pyýada ýolagçylara ýanýollardan ýöremelidigini duýdurýarlar. Emma käbir ýerli ýaşaýjylar bolsa “pyýadalar üçin niýetlenen trotuarlardan ýörär ýaly däl” diýýärler.
Azatlyk Radiosynyň käbir okyjylarynyň habar bermegine görä, eýýäm iki hepdä golaý wagt bäri Köneürgenç şäheriniň “Ürgenç”, “Garaşsyzlyk” we öňki Kalinin, häzirki Döwletmämmet Azady köçelerinde agşam sagat 17:00-den tä 18:00-e çenli Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri aýlanyp, pyýada ýolagçylary ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge çagyrýarlar.
“Her gün giçlik Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri aýlanyp, ‘hormatly sürüjiler we pyýada ýolagçylar, ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý ediň! Pyýada ýolagçylar, pyýadalar üçin niýetlenen ýollardan ýöräň! Bu siziň jan saglygyňyz üçin peýdaly’ diýip, megafondan gygyrýarlar. Bu gowy zat welin, aýdylýan ýollardaky ýanýollardan ýörär ýaly däl, her birnäçe metrden öňüňden bir böwet çykýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran okyjymyz aýdýar.
“Şäherimiz köne, ýöne köçelerimiz ondanam köne”
Onuň sözlerine görä, pyýada ýolagçylardan köçe-ýol düzgünlerini berjaý etmek talap edilýär, emma olaryň bu düzgüni berjaý etmegi üçin şertler döredilmeýär.
Okyjymyz köçeleriň ugrundan ýöreýän pyýada ýolagçylar ýanýollardan diňe 30-40 metr töweregi ýöräp bilýärler diýýär. Bu köçeleriň köneligi, ýanýollaryň ýitip gidenligi we trotuarlardaky dürli päsgelçilikler bilen bagly.
“Şäherimiz köne, ýöne köçelerimiz ondanam köne. Köçelerimiziň köpüsi mundan onlarça ýyl ozal bejerilen, olarda-da ýanýollar ýok. Ýanýollaryň bar ýerinde-de asfalt ýok, käbiriniň ugrunda elektrik diregi ýatyr, öň gazylyp gömülmedik suw turbalarynyň birleşýän ýerleri, uly çukurlar, reklama bannerleri, afişalar bar. Käbirlerinde bolsa edara-kärhanalaryň giňeldilen diwarlaryny, naharhanalary görmek bolýar. Pyýadalar ýanýollardan rahat 20 metr hem ýöräp bilmeýär. Olar böwetleriň çykan ýerlerinde uly köçeden ýöremeli bolýarlar” diýip, okyjymyz gürrüň berýär.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde şeýle çäräniň näme sebäpden edil häzirki pursatda geçirilýändigi barada resmi taýdan halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.
Emma aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýewiň Köneürgenjiň käbir ýaşaýjylaryna salgylanyp berýän maglumatyna görä, bu çäre ýurtda “Köçe-ýol hereketiniň 1 aýlygy” atly çäräniň golaýlamagy bilen baglanyşykly alnyp barylýar.
Käte pul jerimesi salynýar
Amanmyrat Bugaýewiň, käbir ýerli ýaşaýjylara salgylanyp aýtmagyna görä, bu çäräniň çäginde Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň duýduryşlaryny äsgermeýän ýolagçylaryň käbirine, seýregem bolsa, käte pul jerimesi hem salynýar: “Dilden duýduryş berilýär diýilýär. “Indiki gezek gaýtalasaňyz, jerime ýazaryn” diýýärler. Jerime salynýan halaty bar, ýöne ol juda az diýýärler. Hepdede bir ýa-da iki adama, halys gözçykgynçlyk edenlere ýazylýar diýilýär”.
Türkmenistanda köçel-ýol düzgünini bozan ýa-da “geçmesiz ýerden geçen” pyýada ýolagçylara ortaça 50 manat möçberinde pul jerimesi salynýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyk çäräniň dowamynda köçe-ýol düzgünine edilýän gözegçilikler güýçlendirilýär.