Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynda käbir azyk önümleriň ýeterlik derejede satylmaýandygy habar berilýär. Maglumata görä, döwlet dükanlarynyň tas ählisinde diýen ýaly şeker, ösümlik ýagy, un ýaly önümler irden satylyp, öýlän arakesmeden soň satylmaýar.
Käbir ýerli synçylar munuň bir sebäbini tomus paslynyň ahyryna mürepbe ýapýan ýaşaýjylaryň köpelmegi bilen düşündirseler, beýleki sebäbini ýurtdaky ykdysady ýagdaý bilen baglanyşdyrýarlar.
Biz bu ýagdaýyň jikme-jiklerini Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewden gürrüň bermegi soradyk.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar