“Kadr çalşygy bolýar, emma hiç zat üýtgemeýär”

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. (Çepden ikinji)

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Maryda, kemçilikler üçin, bäş etrabyň häkimini, welaýatyň, bir şäheriň we bir etrabyň häkiminiň orunbasarlaryny işden boşatdy. Şeýle-de ol welaýat, etrap we şäher häkimleriniň we olaryň orunbasarlarynyň 11-sine käýinç we berk käýinç berendigini aýtdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa käýinç, onuň orunbasary J.Annaýewe bolsa berk käýinç berildi. Welaýat häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary Ý.Hommadow bolsa, “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýlip, işden boşadyldy.

Soňky üç aýyň dowamynda ýurduň ähli welaýatlarynda ýokary derejeli resmileriň arasynda kadr çalşygy amala aşyryldy.

Eýse, Balkanda amala aşyrylan kadr çalşygy garaşylan tamany ödedimi?

Azatlyk radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, ýerly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Kadr çalşygy bolýar, emme hiç zat üýtgemeýär”