Türkmenbaşynyň polisiýasy köçe söwdagärlerine garşy reýd geçirýär

Köçe satyjylary. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Balkanyň häkimiýetleri köçe söwdagärlerine gözegçiligi güýçlendirdiler. Türkmenbaşynyň polisiýasy “Kenar” bazarynyň golaýyndaky söwdagärlere garşy reýd geçirip, olardan köçeleri terk etmegi talap edýär. Bu çäre, ýurduň ýolbaşçy düzüminiň, şol sanda prezidentiň golaýdaky Awaza zolagynda dynç alýan döwrüne gabat geldi.

“Polisiýa bazaryň golaýyndaky köçelerde, Azady we Puşkin köçeleriniň çatrygyndaky köp gatly jaýlaryň awtoduralgasynda köçe söwdagärlerini köçelerden kowýar. Bu söwdagärler çetki etrapdyr obalardan towuk ýumurtga, süýt we gatyk önümlerini, şeýle-de hojalyklarynda öndüren gök-bakja önümlerini şähere getirip satýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji awgustda sebitden maglumat berdi.

Polisiýa satyjylara söwdanyň bu görnüşiniň sanitariýa düzgünlerine laýyk gelmeýändigini, olaryň bikanun söwda bilen meşgullanýandyklaryny aýdýar.

Degişli maglumat Polisiýa işgärleri köçe söwdagärlerini köçelerden kowýar

Ownuk söwdagärler bolsa, ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň arasynda özleriniň resmi ýagdaýda bazarda ýer almaga mümkinçiliginiň ýokdugyny, harytlary köçelerde satmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Satyjylar öz hojalyklarynda ýetişdiren harytlaryndan diňe bir-iki manat peýda görýärdiler. Häkimiýetler olary bu gazançdan hem mahrum edýärler” diýip, balkanly söwdagär aýtdy.

Galyberse-de, söwdagärler bu çäreleri “häkimiýetleriň Kenar bazarynda söwdany janlandyrmak tagallalary” häsiýetlendirýärler.

“Bazarda diňe şäheriň ýokary derejeli döwlet emeldarlarynyň ýakyn töweregindäki adamlaryň söwda nokatlary bar. Şäheriň azyk önümleri monopoliýasynyň diňe Kenar bazarynda çözülmegi üçin berk kontrol edilýär. Bazarda bahalar keýgiň şahyna çykdy. Şol sebäpli köp adam köçe söwdagärlerinden azyk satyn alýardy” diýip, balkanly söwdagär aýtdy.

Azatlyk bu barada şäher häkimliginden we bazar administrasiýasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Habarçymyz geçen ýyllarda awtoulaglarda azyk getirip, olary köp gatly jaýlaryň aralaryndaky meýdançalarda satan söwdagärleriň hem şu ýyl şähere goýberilmeýändigini aýdýar.

“Polisiýa işgärleri bu söwdagärleriň-de ‘Kenar’ bazaryndaky azyk söwdasyna we bahalara täsir ýetirýändigini aýdyp, olary kowýarlar. Şol sebäpli daýhanlar öz önümlerini bazar söwdagärlerine mugtuň bäri ýanynda satmaga ýa-da zibile taşlamaga mejbur bolýarlar” diýip, balkanly daýhan gürrüň berdi.

Degişli maglumat Awazada prezidentiň geçjek ýollaryna ‘adaty raýatlara derek aktýorlar goýberildi’

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli sebitlerinde onlarça ýyl bäri bölek-büçek dowam etdirilýän köçe söwdagärlerine garşy wagtal-wagtal reýd geçirýärler.

Häkimiýetler söwdanyň bu görnüşiniň gadagan edilmeginiň sebäbini harytlaryň döwlet arassaçylyk barlagyndan geçmeýändigi, söwdagärleriň salgyt tölemeýändigi, olaryň köçäniň gelşigini gaçyrýandygy, halkyň “bagtyýar durmuşynyň” keşbine zyýan ýetirýändigi bilen düşündirýärler.

Eli ýuka köçe söwdagärleri bazarlardaky söwda nokatlary üçin soralýan kireý bahalarynyň ýokarydygyny, söwda tekjelerine eýe bolmak üçin, “tanyşparazlygyň we parahorlygyň” möhüm rol oýnaýandygyny aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri söwdanyň bu görnüşi we oňa garşy görülýän çäreler barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Türkmenbaşyda köçe söwdagärlerine garşy geçirilýän nobatdaky reýdler, ýurduň ýolbaşçy düzüminiň, şol sanda prezident Serdar Berdimuhamedowyň golaýdaky Awaza zolagynda dynç alýan we munuň bilen bagly sebitde köçelere, bazarlara gözegçiligiň güýçlendirilen döwrüne gabat geldi.

Degişli maglumat Dynç alyş möwsüminiň başlanmagynyň yz ýany, Tükmenbaşyda taksi tölegleri üç esse gymmatlady

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.