Balkanyň häkimiýetleri ýanwar aýynda VPN ulgamlaryndan "köp peýdalanan" hojalyklaryň Internet üpjünçiligini kesdiler. Bu hojalyklardan mundan beýläk VPN ulgamlaryndan peýdalanmajakdyklary barada düşündiriş ýazmak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy fewralda sebitden maglumat berdi.
“Türkmenbaşyda her aýyň birinji gününde öý Internet petiklenýär. Raýatlar pul geçirenden soňra Internet dikeldilýär. Ýöne bu gezek raýatlar pul geçirenden soňra-da, aýyň 3-4-i bolsa-da, ýüzlerçe hojalygyň Interneti dikeldilmedi” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Bu hojalyklar öý Internetini hödürleýän “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň ýerli edarasyna ýüz tutanda, olara geçen aýyň dowamynda VPN-den "köp peýdalanandyklary", şol sebäpli Internetleriniň petiklenendigi aýdyldy.
Degişli maglumat Aşgabatda okuwçy ýaşlaryň telefonlary barlanýar, 'ygtybarsyz hojalyklar' anyklanýar“Edaranyň işgärleri bu hojalyklaryň Milli howpsuzlyk ministrliginiň we kiberhowpsuzlyk edarasynyň ýerli işgärleri bilen söhbetdeşlige gatnaşyp, indi VPN-den peýdalanmajakdygy barada düşündiriş ýazyp bermelidigini hem aýtdylar. Olar şondan soňra öý Internetleriniň gaýtadan işläp başlajakdygyny bellediler” diýip, türkmenbaşyly başga bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Mundan başga-da, ýüzlerçe raýatdan VPN-den peýdalanan enjamlaryny “Türkmentelekomyň” ýerli edarasynyň mejlisler zalyna getirmek hem talap edildi.
“4-nji fewralda, hepdäniň dynç günüdigine garamazdan, ýekşenbe güni kiberhowpsuzlyk hünärmenleriniň 10-dan gowragy bu enjamlary barladylar. Olar enjamlary barlap, raýatlara düşündiriş ýazdyryp, soňra olaryň öý Internetlerini açyp berdiler. Düşündiriş ýazmaýan raýatlaryň Interneti heniz-de açylmady” diýip, ýerli ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Häkimiýetleriň bu çärelerine köp ýaşaýjy nägilelik bildirdi. Olar VPN-den peýdalanmasalar, ýurtda hat-da IMO messenjeriniň hem işlemeýändigini aýtdylar.
“Enjamlary barlanýan ýaşaýjylaryň arasynda ‘daşary ýurtlara giden garyndaşlarym, dostlarym bilen habarlaşyp durýaryn. Olaryň Interneti bizden 20 esse güýçli işleýär. Olar VPN-siz YouTube-de we TikTok-da wideo görýändiklerini aýdýarlar. Sizem Internetiň tizligini iň bolmanda IMO işlär ýaly edip ýokarlandyryň’ diýenler hem boldy. Käbiri bolsa, ‘Siziň bir adama gaharlanyp, tutuş halky gysmagyňyz dogry däl. Isläniňizçe adamlaryň hukuklaryny depeleýärsiňiz’ diýdi” diýip, ýerli ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu raýatlar has-da berk derňeldi. Ýöne howpsuzlyk işgärleri bu raýatlardan bahana tapyp bilmän, olary agşam öýlerine goýbermeli boldular.
Degişli maglumat Balkanda petiklenen VPN hyzmatlaryny açýan ussalar saklandyHäkimiýetler raýatlaryň Internet üpjünçiliginiň çäklendirilmegi we barlaglar barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler.
Azatlygyň bu barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda “Türkmentelekomyň” ýerli edarasyndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary hem başa barmady.
Ýöne ýerli aragatnaşyk işgäri häkimiýetleriň bu çäreleriniň esasy maksadynyň daşary ýurtlardaky garaşsyz neşirleriň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň habarçylaryny “awlamakdan” ybaratdygyny aýdýar.
“Olar bu neşirleri diňleýänleri, okaýanlary hem anyklap, olar bilen düşündiriş işlerini geçirip, olary gorkuzmagy maksat edinýärler” diýip, aragatnaşyk işgäri anonim şertde belledi.
Türkmen häkimiýetleri ýyllarboýy ilat üçin garaşsyz maglumatlaryň elýeterliligini çäklendirip, petikli saýtlara we sosial torlara girmäge mümkinçilik berýän VPN hyzmatlarynyň öňüni alyp gelýär. Bu hyzmatlardan peýdalanýan raýatlar we olary hödürleýän ussalar yzarlanýar. Häkimiýetler bu çärelerini wagtal-wagtal has-da güýçlendirýärler.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistan halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we Internet azatlygy görkezijilerinde her ýyl iň soňky setirlerde ýerleşdirilýär.
Ýurtda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.
Degişli maglumat Häkimiýetler garaşsyz habar yzarlamazlyk şerti bilen ýerli ilata öý internetini hödürleýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.