Türkmenbaşyda güýçli gardan soň suw, tok we gaz kesildi, ýol heläkçiligi boldy

Gardan soň. Türkmenistan (Arhiw suraty)

Türkmenistanda aýazly howa saklanýar, gar ýagýar. Geçen dynç günleri ýurduň günbatarynda howa aýazly boldy we sebit üçin adaty bolmadyk güýçli gar ýagdy. Şondan soň şäher ilaty suwsuz we ýylylyksyz galdy, ýollarda awtoulag hadysalarynyň ençemesi döredi.

Türkmenbaşyda 13-nji ýanwarda öýlän gar ýagyp başlandy. Şäheriň köçelerini, ýollaryny, agaçlaryny we jaýlaryň üçeklerini gar basdy. "Şu gün agşam, Türkmenbaşyda adaty bolmady güýçli gar ýagdy. Men beýle zady görmändim. Indi sagat 23:00-da hem gar durmaýar. Çaklamalara görä, garyň ýene bir gün dowam etjegi aýdylýar. Termometr -2 ° -4 ° gradus görkezýär" - diýip, Azatlygyň habarçysy 13-nji ýanwarda Balkan welaýatyndan habar berdi.

Garyň köp ýagmagy şäherde köçe-ýol hereketini bökdedi. Agşam sagat 8-de şäheriň köçelerinde awtoulaglaryň hereketi tas doly durup galdy. Doňaklyk we daglyk ýerlerdäki ýollaryň gurluşy ulag sürmegi kynlaşdyrdy. Polisiýanyň maglumatlaryna görä, şäherde onlarça awariýa bolupdyr.

Degişli maglumat Aşgabatda 10-a golaý köp gatly jaýyň ýaşaýjylary tas üç günläp suwsuz galdy

Anonimlik şertinde gürleşen ýol polisiýa işgärleriniň sözlerine görä, 13-nji ýanwarda Türkmenbaşyda 30-dan gowrak ýol hadysasy hasaba alynypdyr, olaryň 8-si döwlet taksileriniň gatnaşmagynda. Awariýalardan biri Magtymguly we Şagadam köçeleriniň çatrygynda bolup, onuň netijesinde bir adam heläk bolupdyr.

Türkmenbaşydaky ýol hadysalary barada resmi habar bolmady. Ýerli häkimiýetler we döwletiň gözegçiligindäki habar beriş serişdeleri adatdakysy ýaly ýol hadysalary we beýleki problemalar barada habar bermediler.

Bu aralykda, şäherde suw üpjünçiligi, ýyladyş we elektrik togy bilen baglanyşykly problemalar hem döredi.

Habarçynyň sözlerine görä, 14-nji ýanwardan 15-nji ýanwara geçen gije howanyň temperaturasy käbir ýerlerde -10-a çenli peselipdir, köp öýlerde turbalar doňup, suw üpjünçiligi kesilipdir. 15-nji ýanwarda gündiz ýaşaýyş jaýlarynda agyz suwy tas dolulyga ýokdy.

Şäheriň dürli ýerlerinde elektrik togy hem kesilipdir. Şäheriň gaz üpjünçilik ulgamynda awariýa döräpdir.

"14-nji ýanwarda, ir sagat 5 töweregi, Balkanabatdan Türkmenbaşy şäherine barýan gaz liniýasynda awariýa boldy. Netijede, Türkmenbaşyda 20 sagatdan gowrak wagtlap gaz üpjünçiligi bolmady. Ýerli ýaşaýjylar öýlerini elektrik enjamlary bilen gyzdyrmaga mejbur boldular. Tiz wagtdan elektrik ulgamyna agram düşüp, tok bilen baglanyşykly problemalar hem başlandy. Elektrik togy bäş sagatlap berilmedi "- diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Adatdan daşary sowuk howa ýaşaýyş jaýlarda we jemagat hyzmatlary pudagynda çözülmän galýan meseleleri ýene bir gezek güýçlendirdi. Energiýa serişdelerini eksport edýän Türkmenistan, daşary ýurtlara satýan gaz we elektrik energiýasynyň möçberini ýene-de artdyrmak niýetini yglan edýär. Emma ýurduň ilaty ýaşaýyş üçin esasy şertler bilen üpjün edilmeýär, ýyllarboýy gyşda ýylylyksyz, tomusda bolsa, suwsyz galýar.

Снегопад в Ашхабаде

Mundan öň Türkmenbaşyda awariýa netijesinde 3-nji ýanwarda onlarça köpgatly ýaşaýyş jaý sowukda uzak wagtlap suwsuz we ýyladyşsyz galypdy.

Bu aralykda, ilata berilýän jemagat hyzmatlarynyň aşa pes hiline we suw, elektrik we gaz bilen üpjünçiligiň yzygiderli kesilmegine garamazdan, bu hyzmatlaryň bahasy gitdigiçe ýokarlanýar we ilatdan töleg ýygnamagyň usullary has berkleşýär.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, häzirki wagtda paýtagtyň käbir sebitlerinde ýaşaýjylardan geçen ýylyň suw üpjünçiligi üçin töleg 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda güýje giren täze nyrhdan talap edilýär.

Suwuň bahasy ýylyň başynda iki esse ýokarlandy. Lagym suwlary üçin hyzmatyň bahasy bolsa, alty esse ýokarlandy. Ýerli ýaşaýjylar bu barada suw edarasyna töleg etmek üçin baranlarynda tötänden bilip galýar. Şol bir wagtyň özünde, hatda edaranyň jaýynda-da suwuň bahasynyň ýokarlanmagy barada ýazmaça bildiriş göze ilmeýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda ýene gar ýagdy. Sebitiň ilaty toksuz galdy

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.