Türkmenbaşyda azyk harytlary 200%-e çenli gymmatlady

Habarçymyz häzire çenli iň uly gymmatlamanyň käşiriň bahasynda bolandygyny, onuň nyrhynyň tas 200 göterim ýokarlanandygyny aýdýar. (Arhiw suraty)

Türkmenistanda musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň başlanmagy bilen, azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy dowam edýär. Balkanyň Türkmenbaşy şäheriniň bazarlarynda käbir önümleriň bahasy 50-200% aralygynda gymmatlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Balkanda et, ýumurtga, süýt, towuk we mal eti, tüwi, käşir, sogan, pomidor ýaly ilatyň gündelik sarp edýän harytlary 10-njy martda ýene gymmatlady” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Habarçymyz häzire çenli iň uly gymmatlamanyň käşiriň bahasynda bolandygyny, onuň nyrhynyň tas 200% ýokarlanandygyny belleýär.

Degişli maglumat Remezan aýynyň başlanmagy bilen, harytlaryň bahasy 50%-e çenli gymmatlady
  • 1 kg 5 manatdan satylan käşir 12-15 manada,
  • 1 kg 10 manatdan satylan pomidor 25 manada,
  • 1kg 5 manatdan satylan sogan 8 manada,
  • 1 kg 50 manatdan satylan sygyr eti 65 manada,
  • 1 kg 15 manatdan satylan orta hilli ýerli tüwi 25 manada,
  • Bir gutusy 30-35 manatdan satylan ýumurtga 55 manada gymmatlady.

Şäheriň “Kenar” bazaryna baran alyjylaryň ençemesi anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda gymmatlamanyň sebäbi barada söwdagärlerden düşündiriş alyp bilmändigini gürrüň berdi.

Şeýle-de, olar bazar administrasiýasyna edýän şikaýatlarynyň netije bermeýändigini belläp, nyrhlara hökümet tarapyndan gözegçilik edilmeýändigine nägilelik bildirýärler.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada ýurduň günbatar welaýatynyň häkimiýetlerinden, şol sanda Türkmenbaşynyň söwda edarasyndan teswir alyp bilmedi.

Ýöne gymmatlama, Remezan aýynyň başlanmagy bilen utgaşdy. Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 11-nji martyň säheri bilen başlandy we 9-njy aprel gijesine çenli dowam edýär. 10-njy apreliň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda bahalary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny mundan üç hepde ozal nygtady.

Degişli maglumat Balkanda ykdysady kynçylyklar diňe çagalary däl, uly adamlary hem ýaremezan aýtmaga iterýär

Döwlet baştutany wagtal-wagtal şuňa meňzeş çykyşlary etse-de, bu problema ýyllarboýy çözülmän galýar we mesele, hususan-da, uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda we dowamynda has-da ýitileşýär.

Şu hepdäniň başynda Aşgabatdaky habarçymyz hem, Remezan aýynyň başlanmagy bilen, azyk harytlarynyň bahasynyň 50%-e çenli gymmatlandygyny habar berdi.

Türkmenistandan tapawutlylykda, musulman ýurtlarynyň köpüsinde, esasan hem, Ýakyn Gündogarda Remezan aýynyň dowamynda bazarlarda azyk önümleriniň bahasy ep-esli arzanladylýar.

Dubaýyň ýaşaýjysy anonim şertde Azatlyga beren maglumatynda bu önümleriň ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň ýüzlerçesini öz içine alýandygyny, arzanladyşlaryň 75%-e çenli baryp ýetýändigini gürrüň berdi.

“Dubaý emirliginde Remezan aýynda azyk öndürijiler harytlaryny dükanlara aýratyn arzanladyş bilen tabşyrýarlar. Mysal üçin, süýt önümleri 50 göterim arzanlaýar. Bu aýyň dowamynda azyk öndürijiler salgytdan boşadylýar. Uly supermarketlerde gündelik sarp edilýän harytlaryň azyndan 200 görnüşi 30, 50 we 75 göterim arzanladyşda satylmaly – bu hökümetiň talabydyr. Mysal üçin, 5 litrlik ösümlik ýagynyň bahasy 30 dirhemden 12 dirheme arzanlady. Bu ýeňillikler uly we kiçi dükanlaryň ählisine degişlidir. Hatda tölegli awtoduralgalar hem, Remezan aýynyň dowamynda mugt bolýar” diýip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Kataryň Söwda we senagat ministrliginiň 5-nji martda çap eden maglumatynda Remezan aýynyň dowamynda 900-den gowrak harydyň bahasynyň arzanladylandygy mälim edildi.

Degişli maglumat Baýramyň öňüsyrasynda, gök-bakja önümleriniň bahalary gymmatlady

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.