Türkmenabat: 'Soňky jaň' oturylyşygynda uçurymlar uruşdy

Illýustrasiýa suraty. Mekdep uçurymlary. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanda berk polisiýa gözegçiligi astynda geçirilen ‘Soňky jaň” dabarasyndan soňra, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň kafeleriniň birinde orta mekdebi tamamlaýan uçurym oglanlaryň arasynda uruş boldy.

“Türkmenabadyň ‘Üçpunkt’ etrapçasyndaky bir billiard kafesinde ‘soňky jaň’ belleýän uçurym oglanlar bilen ‘Himik’ etrapçasynyň okuwçylary dawalaşdylar. Soňra, olar wideo kameralara düşmezlik üçin, kafeniň arka tarapyna geçip, toparlaýyn uruşdylar. Birnäçe oglan ýaralandy” diýip, bir 10-njy synp okuwçysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Adat bolşy ýaly, uçurym dabaralary bu ýyl hem ýurtda berk häkimiýet gözegçiligi astynda geçirildi. Köçelerde we seýilgählerde polisiýa işgärleriniň sany göz-görtele artdyryldy. Türkmenabatda polisiýa esasan Baýdak meýdançasynda, seýilgählerde we gözellik salonlarynyň töwereklerinde gözegçilik işlerini ýola goýdular. Mekdepleriň ýanynda hem nobatçylyk çekýän polisiýa işgärlerini synlasa bolýardy.

Degişli maglumat “Soňky jaň” häkimiýetleriň berk gözegçiligi astynda geçdi

Gündogar sebitde uçurymlaryň arasynda dawa-jenjel turan kafeniň eýeleri, ilat arasynda häkimiýetlere ýakyn adamlar hökmünde tanalýar we olaryň howandarlygyndan peýdalanýar diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi. Ol bu kafede tas her ýyl diýen ýaly şeýle dawalaryň ýüze çykýandygyny aýdýar.

Habarçymyzyň ýerli çeşmeleri dabara gününde şäherde mekdep mugallymlarynyň polisiýa işgärleri bilen bir hatarda nobatçylyga çekilmegi we käbir uçurymlaryň sürüjilik şahadatnamasy bolmazdan ulag sürüp, polisiýa tarapyndan tutulmagy ýaly hadysalar barada habar berýärler.

27-nji orta mekdebiň bir mugallymynyň sözlerine görä, käbir mekdep mugallymlaryndan polisiýa işgärleri bilen bilelikde nobatçylyga gatnaşmak talap edilipdir.

“Ýöne bu tabşyrygy ýerine ýetiren mugallymlaryň sany gaty az boldy” diýip, magaryf işgäri aýdýar.

Ýerli çeşmeler şäheriň 28-nji orta mekdebinde “Soňky jaň” dabarasynyň şagalaň bilen bellenip geçilendigini aýdýarlar.

“Mekdebiň derwezesiniň öňünde, okuwçylar öýlerine gidýänçä, nobatçylyk çekýän polisiýa işgärlerini synlasa bolýardy” diýip, bir ýokary synp okuwçysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, bu mekdepde erkek mugallymlar dabara gatnaşan okuwçylary öz ulaglarynda ýa-da taksilerde öýlerine daşamak bilen borçlandyrylypdyr.

Habarçymyzyň Polisiýa bölümindäki çeşmesine görä, Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri birnäçe mekdep uçurymynyň soňky jaň gijesinde sürüjilik şahadatnamasy bolmazdan ulag dolandyryp tutulandygyny aýdýarlar.

“Olaryň käbirleri 2 müň manada golaý para berip, käbirleri bolsa “güýçli howandarlarynyň” saýasynda jeza çäresinden gaçmagy başarypdyrlar” diýip, ýerli çeşmeler aýdýar.

Degişli maglumat Lebapda kafe-barlaryň işi wagtlaýyn çäklendirilýär

Şeýlelikde, Türkmenabatda “häkimiýetleriň howandarlygyndaky” bir billiard kafesinde uçurym oglanlaryň arasynda uruş boldy. “Häkimiýetleriň howandarlygyndaky” mekdep uçurymlary sürüjilik şahadatnamasy bolmazdan ulag dolandyryp, polisiýa tarapyndan ele salyndy, ýöne temmi çäresinden gaçmagy başardy. Bu aralykda, şäherde polisiýa gözegçiligi güýçlendirildi. Ýöne Türkmenabatda hasaba alnan hukuk bozulmalary güýçlendirilen gözegçilik çäreleriniň, esasan, ýönekeý raýatlaryň uçurym çagalaryna gönükdirilendigine yşarat edýär.

Çärjew etrabynyň ýerli polisiýa bölümi dabaralardan öň, mekdep okuwçylary bilen gürrüňdeşlikleri geçirip, uçurym çäreleriniň dowam edýän pursatlarynda jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň berjaý edilmegine we asudalygyň saklanylmagyna çagyryş edipdirler.

“Urşup, goh-galmagal etmäň, akyllyja boluň! Şu gijäni hadysasyz geçireli!” diýip, polisiýa işgärleri mekdep okuwçylaryna ýüzlenipdir.

Şu ýyl 90 müňden gowrak uçurym ýurduň orta mekdeplerini tamamlaýar. Türkmen metbugatyna görä, gutardyş synaglary 1-15-nji iýun aralygynda geçiriler.

Azatlyk Radiosy gutardyş dabaralarynyň çäklerinde Türkmenabat şäherinde polisiýa gözegçiliginiň güýçlendirilmeginiň arasynda hasaba alnan uruşlar we beýleki düzgün bozmalar boýunça ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.