Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdary 2017-nji ýyldan bäri bäş esse ýokarlanyp, 1 mlrd dollardan geçdi, emma bu hili pozitiw, oňyn ýagdaýy etniki azlyklara çemeleşme meselesinde görüp bolmaýar diýip, ýerli synçy aýdýar.
Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň 5-nji fewralda beren maglumatyna görä, iki ýurduň 2023-nji ýyldaky haryt dolanyşygy 1 mlrd amerikan dollaryndan geçdi. Özbek ilçisi bu habar bilen baglylykda geçen ýyl Daşkendiň Aşgabatdan 2 mlrd kub metr gaz almak ylalaşygyny baglaşandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, aşgabatly synçy hökümetçi “Orient” neşiriniň 6-njy fewralda özbek ilçisi bilen geçiren söhbetdeşligine ünsi çekýär.
Özbek ilçisi Akmoljon Kuçkarow žurnalistiň "türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösmegi üçin haýsy ugurlar ýa-da gurşawlar bar, emma entek doly ulanylmadyk?
diýen soragyna “Özbegistanyň we Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçiliklerini öwrenmek üçin henizem köp işleri etmeli. ...sebitde ulag aragatnaşygynyň ösmegine, sebiti Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen has ýakynlaşdyrjak täze alternatiw ugurlaryň döredilmegine has köp üns bermek möhüm” diýip jogap berdi.
Ýerli synçynyň pikiriçe, “Özbek ilçisiniň aýdan sözleri diplomatik dilden adaty dile terjime edilse, Türkmenistan bilen henize çenli ulag we transport kommunikasiýalary ugrunda açyklyk gatnaşyklaryna geçilmändigini, Aşgabadyň şindi hem ulag üzňeligi ýagdaýynda galýandygyny aňladýar.
Degişli maglumat Aşgabat özbek TW-sini görýänleriň köpelmeginden howatyrlanyp, tolkunlary petiklerýärŞeýle-de, synçy Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçihanasynyň 1-nji martda geçiren brifingine Özbegistanyň Türkmen medeniýet merkeziniň başlygynyň, Özbegistanyň türkmen diasporasynyň wekilleriniň gatnaşandyklaryny, emma 5-nji fewralda Aşgabatda geçirilen özbek brifingine, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň edilendigine garamazdan, Türkmenistanyň özbek azlygynyň wekilleriniň çagyrylandygy hakynda habar berilmändigini aýtdy.
“Bolmasa, özbek ilçisiniň brifingi türkmen ilçisiniň Daşkentdäki brifinginden tapawutly, Özbegistanyň içki syýasy meselesi hakynda däl-de, hut iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda geçirildi; bu brifinge Türkmenistanyň özbek azlygynyň wekilleriniň çagyrylmagy diplomatik taýdan maksada laýyk bolardy” diýip, ýerli synçy Azatlygyň habarçysyna öz pikirini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda öz içerki syýasy meseleleri boýunça geçirýän çärelerine daşary ýurt raýatlary bolan etniki türkmenleri uly höwes bilen çagyrýarlar, emma Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalarynyň ýerli milli azlyklar bilen duşuşyk geçirmegini berk çäklendirip gelýärler.
Ýöne, muňa garamazdan, synçynyň pikiriçe, bu çäklendirme kämahal Gazagystanyň ilçihanasy we soňky iki ýylda bolsa,Russiýanyň ilçihanasy üçin biraz ýeňilleşdirilene çalym edýär.
Şol bir wagtda, Gazagystanyň we Russiýanyň ilçihanalaryndan tapawutlylykda, Özbegistanyň ilçihanasy öz geçirýän resmi çärelerinde Türkmenistandaky özbek azlyklary barada hiç hili maglumat bermeýär diýip, synçy aýdýar.
“Resmi Daşkendiň Kerimow döwründäki "özbek azlyklaryny görmezlik" syýasaty Türkmenistandaky etniki özbekler babatynda şindi hem dowam etdirilýär” diýip, synçy Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbeklere salgylanyp aýtdy.
Degişli maglumat Seslenme: Özbek azlyklary özleriniň ene dillerinde bilim almaga hyjuwlanýarBu pikir bilen ozalky özbek mekdebiniň mugallymy hem ylalaşýar.
"Gazagystanyň döwlet baýramlarynda, Nowruz ýaly baýramlarda, Aşgabatdaky gazak ilçihanasynyň binasynda, ilçiniň häli-şindi çagyrmagy bilen, Türkmenistanda galan etniki gazaklaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirýär, konsert guralýar. Russiýanyň resmi taýdan açylmadyk "Rus öýi " hem Aşgabatda yzygiderli çagalar, ulular üçin duşuşyk, medeni çäre geçirýär, ol çärelere etniki ruslar we rus dilli adamlar bilen bir hatarda ýerli halkyň wekilleri hem çagyrylýar” diýip, ozal Daşoguzdaky özbek mekdebinde mugallymçylyk eden türkmen raýaty aýtdy.
Emma bu ýagdaý Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna gezek gelende ‘düýpden başgaça’ diýip, ol pikirini dowam etdirdi.
"Resmi Daşkent bizi (Türkmenistandaky etniki özbekleri, - red.) umuman görmeýän, bilmeýän we eşitmeýän ýaly. Ýogsa, Türkmenistandaky etniki özbekleriň bilim, dil we medeni hukuklary meselesini, resmi Aşgabat bilen dostlukly we özara açyklyk görnüşinde, hut Daşkendiň özi gozgamaly we muňa bireýýäm wagt boldy” diýip, ozalky özbek mekdebiniň mugallymy Azatlygyň habarçysyna öz pikirini aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky özara söwdanyň mukdary 2017-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli bäş esse köpelip, 1 mlrd dollardan geçdi. “Orient”neşiri bu maglumatlaryň Özbegistanyň statistika agentligine degişlidigini, hasaplamagyň usullaryna dürli çemeleşmeler, hyzmatlaryň bahasyny kesgitlemek we ş.m. bilen baglanyşykly, bu ýerde Türkmenistanyň statistikasy bilen käbir nätakyklyklaryň bolup beljekdigini belleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.