Türkmenistan Özbegistandan gelýän tele-radio tolkunlarynyň öňüni baglap, ilatyň erkin maglumat almagyna garşy alyp barýan göreşini güýçlendirýär. Ýerli hünärmen bu işiň ýakynda, ýörite enjamlaryň synag edilmegi bilen başlanyp, serhet ýakasyndaky ýaşaýjylaryň mobil telefon aragatnaşygyny hem petikländigini aýtdy. Bu çäräniň resmi düşündirişi neşe gaçakçylygynyň öňüni almak bilen bagly, emma bu açyk aýdylmaýar.
Ýerli hünärmen neşe gaçakçylygynyň bahanadygyny, häkimiýetleriň goňşy ýurduň tele-radio gepleşikleriniň türkmen tarapyndan barha kän diňleýji çekmeginden alada galýandygyny öňe sürdi.
Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, özbek telewideniýesini görýän türkmenistanlylar barha köpelýär.
"Bu ýurduň habar serişdeleri Türkmenistanyň habar serişdelerine garanda has açyk, halka has ýakyn durýar" diýip, ýasaýjylar aýdýarlar.
Azatlyk maglumat beren hünärmeniň adyny we ýaşaýan obasyny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar.
Darganataly çeşmämiziň tassyklamagyna görä, türkmen-özbek araçäginiň alkymynda ýaşaýan adamlara gelýän radio tolkunlarynyň öňüni petiklejek enjamlar häzir tapgyrlaýyn, synag görnüşinde oturdylýar.
Petikleýji enjamlary, gelýän signallaryň öňüni alýan gurallary oturtmak işleri aragatnaşyk we milli howpsuzlyk işgärleri tarapyndan, bilelikde amala aşyrylýar.
Bu enjamlar, signala garşy gurallar Özbegistanyň mobil operatorlarynyň iberýän tolkunlarynyň, tele-radio tolkunlarynyň, şol sanda DVB ulgamy arkaly paýlanylýan sanly tele-radio tolkunlarynyň Darganatanyň özbek serhediniň golaýynda ýerleşýän txrkmen obalarynda elýeterli bolmagynyň soňuna çykar.
Azatlygyň ynamdar çeşmesiniň aýtmagyna görä, türkmen hökümeti goňşy ýurtdan gelýän tolkunlary doly petiklemegi iş ýüzünde amala aşyrmaga başlady. Emma bu işiň haçan doly tamamlanjakdygy belli däl.
Bu gurallar türkmen obalarynyň birnäçesinde ýerli ýaşaýjylaryň tmcell öýjükli telefon aragatnaşygy tolkunlaryny hem doly petikledi, sanly we ýönekeý telekanallaryň tolkun signallary hem petiklendi diýip, hünärmen aýtdy.
Aragatnaşyk hünärmeni bu görülýän çäräniň dronlar arkaly geçirilýän neşe we temmäki önümleriniň öňüni almak bilen baglanyşdyrylýandygyny, ýöne munuň bahanadygyny aýdýar.
“Bu serhetden bikanun geçirilýän neşe, temmäki önümleri baradaky şübhe bilen bagly diýýärler, aslynda Türkmenistan özbek tele-radio gepleşikleriniň aşa erkinleşip barmagyndan howatyr edýär. Türkmen raýatlarynyň özbek habarlaryny diňläp, göz garaýyşlarynyň üýtgemegi, adamlar täzeçe pikirlenip başlamagy türkmen režimine ýaramaýar” diýip, hünärmen aýtdy.
“Türkmen mediasynda şol bir adamyň waspy edilýär, emma biziň ýolbaşçymyz Lebapda, Maryda bolan tebigy hadysalardan ejir çekenlerň halyndan habar almady. Özbegistanyň prezidenti bolsa, suw joşmasyndan ejir çeken adamlaryň halyndan habar aldy. Özbek mediasy adamlara deňeşdirmek mümkinçiligini berýär” diýip, hünärmen aýtdy.
Türkmenistanda metbugatdan diňe ‘gazanylan üstünlikler’ diýilýänleri beýan etmek talap edilýär we bu habar serişdeleriniň şol bir zatlary gaýtalap, ilaty özünden daşlaşdyrmagyna alyp geldi diýip, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjy Hudaýberdi Hally aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri mundan çanak antennalara garşy alyp baran göreşi, internetdäki habar saýtlaryny petiklemek bilen tanalýardy.
Türkmenistan metbugaty azatlygy boýunça hasabatlarda hemişe iň yzdaky orunlarda ýerleşdirilýär we garaşsyz žurnalistleri yzygiderli ýanamakda, gorkuzmakda we sem etmekde tankyt edilýär.
Türkmen häkimiýetleri Azatlyk radiosynyň gelip gowuşýan habralar barada goşmaça düşündiriş sorap ýazan hatlaryna jogap bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum