Türkmen okuwçylarynyň sowgat aljak kompýuterleri bu ýyl iki lideriň adyndan gowşurylar

Bezeg suraty

Türkmenistanda bu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan körpelere gowşuryljak kompýuterler, öňki ýyllardan tapawutlylykda, iki adamyň adyndan, prezidentiň we Halk maslahatynyň başlygynyň adyndan gowşurylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmen metbugaty birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbiniň 2011-nji ýylda, Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýola goýlandygyny belleýär.

Öňki ýyllarda enjamlar daşary ýurtlardan satyn alnan bolsa, indi mekdep okuwçylaryna sowgat berilýän kompýuterler ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilýär diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanda şu ýyl birinji synpa 76,6 okuwçynyň barjakdygy habar berilýär.

Türkmenistanyň bilim pudagy, soňky onýyllyklarda yglan edilen ençeme özgertmä garamazdan, giň ýaran korrupsiýa, mugallymlaryň we okuwçylaryň dürli çärelere çekilmegi, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, döwrüň talaplaryndan yza galmakda tankytlanýar.

Degişli maglumat Türkmen prezidentiniň birinji gezek mekdebe barýan körpeler üçin sowgady hemmä ýetmedi. WIDEO